Baş sahypa
( 33 Ses Berme )

GADYRLY SAÝTYŇ OKYJYLARY!

Saglyk.info saýtynyň Türkmenistanyň halkyna, daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýan, okaýan türkmen ildeşlerimize elýeterli bolanyna 4 ýyl boldy. Saýt öz saglygy, maşgalasynyň we jemgyýetiniň saglygy bilen gyzyklanýan dürli pikirli, düşünjeli, garaýyşly adamlary birikdirýär. Okyjylardan gowuşýan teswirler, soraglar, pikirler, teklipler diňe bir gymmatly maslahat, jemgyýetçilik hazynasy bolman, her birimiziň düşünjesini, bilimini, dünýägaraýşyny artdyrýp, çylşyrymly meselelerden çykalga gözlemäge itergi bolup durýarlar. Biz Size ýürekden minnetdarlygymyzy bildirip, Saglygyň täze emblemasyny dykgatyňyza hödürleýäris. Biz şu emblemanyň üsti bilen, okyjylarymyza, möhüm bolup durýan birnäçe durmuşy gymmatlyklary dürli şekilleriň üsti bilen beýan etmäge çalyşdyk:

Agzybir we sagdyn maşgala – bu jemgyýetiň esasy bölegi bolup durýar. Her maşgala agzasynyň fiziki we ruhy saglygy bütün maşgala saglygynyň düzüjisi bolup, maşgala berkligini, rowaçlygyny döretmekde gymmatly, esasy orny eýeleýär.

TUT AGAJY – bu adam saglygy daşky gurşawyň ýagdaýy bilen aýrylmaz özara baglanşykda bolup, Tebigatyň bizi edil Tut agajy kimin gurşap alýandygyny görkezýär. Arassa suw, sagdyn iýmit, arassa howa, zaýalanmadyk toprak – şularyň hemmesi sagdyn ýaşaýsyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr.

Maşgalany we tut agajy gurşap alýan çyzyk – bu hoşniýetli, agzybir, çydamly we bilimli jemgyýete bolan zerurlygy görkezýär. Diňe şeýle jemgyýetde sagdyn ynsany, maşgalany döredip, amatly we arassa daşky gurşawy saklamaga mümkinçilikler tapylyp, döredilip bilner. Saglygy goramagyň medeniýetini ösdürip kämilleşdirmek üçin jemgyýetiň her bir agzasynyň goşant goşmagy hökmany zerurdyr. Her adamynyň we maşgalanyň abadançylygy, birinji nobatda her birimiziň bilimine, düşünjesine, saglygyna hem-de oňa garaýşyna, ony saklaýşyna we daşky gurşawyň ýagdaýyna aýrylmaz garaşly bolup durýandyr.

Sahypalarymyzda “duşuşyklara” we täze, belent üstünliklere Siz bilen bilelikde ýetmäni arzuw etmek bilen

Saýtyň işgärler topary.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Talyp. 2015-03-01 02:30
Tüweleme! Saýtyň işgärleri hemişe täzeligiň gözleginde. Emblemaňyza täzelik höküminde garap begendim. Her bir oňat täzelik hem öňe ymtylma we arzuw döredýär. Arzuwlaryňyz hasyl bolsun.
Sitata
 
 
#5 Ýaşuly 2015-02-11 02:03
Emblema ýerlikli fantaziýa bilen döredilen. Onuň esasy maksady halkyň saglyk baradaky düşünjesini artyryp, saglyga ymtylmak. Türkmenlerde göwün islegi bildirilende hem "saglygyň tut ýaly bolsun" diýip aýdylýar. Saglyk saýtynyň esasy maksady şunda ahyryn.
Sitata
 
 
#4 Begli. 2015-02-08 01:59
Owadanja, manylyja emblema. Ol her okyja, onuň maşgalasyna tut ýaly saglyk getirsin.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-02-06 01:27
Saýtyň täze emblemasy owadan hem-de köp manyly. Durmuşyň esasy gymmatlyklaryny şekiller bilen özünde beýan edýar. Şol durmuşy gymmatlyklaryň kadalygy ýa-da bolmasa sazlaşygy bozulan ýagdaýynda biziň her birimiziň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Emblema saýdyň Saglyk adyna mynasyp. Goý, täze emblema saýta üstünlik, abraý getirmek bilen okyjylar köpçüliginiň sanyny artdyrsyn, olaryň işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam bersin.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2015-02-05 00:47
Hormatly saýtyň işgärler topary! Dört ýyl bäri örän gymmatly, önjeýli alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikler arzuw etmek bilen, täze emblemaňyza şatlyk bilen göwün küýsegimi bildirýärin. Täze peýdaly maslahatlaryňyzyň höwri köp bolsun.
Sitata
 
 
#1 Gerçek 2015-02-03 19:00
Gelşiklije bolupdyr...
Köplere ýaýratmagyň aladasyny edeýin munuň
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele