Baş sahypa
( 22 Ses Berme )

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

"Suw-ýaşaýşyň gözbaşy" diýilşi ýaly, biziň durmuşymyzy suwsyz göz öňüne getirme asla mümkin hem däldir. Teşneligi gandyryjy suw diňe bir ýaşaýşa ylham beriji, kuwwatlylyk çeşmesi bolman, eýsem ol adamynyň hojalygynda hem peýdaly, örän gerekli tebigy resurs bolup durýandyr. Suwy giňden ulanmak bilen birlikde, ondan peýdalanyş we saklanyş düzgünleri dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, saglyk babatda çynlakaý meseleleriň ýüze çykjakdygy ikiuçsyzdyr. Şol sebäpden hem, biz suwuň ulanylşy bilen bagly durmuş ýagdaýlaryna syn edip, saglyga zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga kömek edip biljek peýdaly çäreler babatda söz açýan kitapçany, Siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýändigiňi unutma! Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈2.2 MB)

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Düzgünli. 2014-03-17 00:30
Adam ýaşaýşy üçin arassa howanyň gerek bolşy ýaly arassa suw hem ýaşaýşyň özeni. Nebsimiz agyrsada köp adamlar suwuň ulanylşyny gowy bilmeýärler. Esasy gabahatlyk hem şunda.
Sitata
 
 
#9 Gülgüne 2013-11-27 00:08
Ata-babalarymyzyň atasy hem babasy ýagny, türkmen halky asyrlar boýy suw gytçylygyndan kösenip gelipdirler. Şol kösençlik kommunizm gurulýan döwürde-de dowam edip,häzir hem şol tempde dowam edýär. Ýogsam durmuşy, ýaşaýşy öňki döwürler bilen deňeşdirer ýaly däl,tehnika ösen, ýagdaý bar,... çynyňy edip çemeleşseň, çözülmez ýaly problema däl. Çol problemany çözmäge näme päsgel berýärkä!? Öten geçenlerimiziň arzuwyny şeýdip nesilden-nesile geçirip, arzuwlygyna galdyrmalymyka!? Ony çözçek ÝOLBAŞÇY tapylmazmyka?!
Bize näme bolsada,arzuw edip,kesellemez ýaly şu kitapdaky maslahatlary ýerine ýetiräýmek galýar. Şol-a öz elimizden gelýär. Häzir-ä başga alaç ýok.
Sitata
 
 
#8 Obaly 2013-11-12 03:35
Obalarda suw meselesi uly problema.Hemişe şol problemalygyna-da galýar. Çözülýän zat ýok. Kitapçada görkezilen, aýdylan maslahatlary ker kimiň özi çözüp bilýär.Kesellemezligimiz özümize bagly.Şeýle owadan görnüşde kitapçany nädip obalylara ýetirip bolarka?
Sitata
 
 
#7 Mekan 2013-11-06 02:05
Peýdaly kitapça.Merkezden daş oba ýerleriniň ýaşaýjylaryna gaty gerekli maglumatlar. Kitapda görkezilen düzgünler berjaý edilse, keselçilik köp derejede azalar.
Sitata
 
 
#6 Kemal 2013-11-02 23:32
Peýdaly kitap. Saýlap seçip, içer ýaly bol elin suw ýok. Balkan tarapda, geçen asyryň ortalarynda-da suwdan kösenilýärdi. Garagum kanaly gurlanda gowlanar öýtdik. Hemme ýerler gurap ýatyr. Häzir hem şol kösençlik.
Sitata
 
 
#5 Batyr 2013-11-02 02:20
Dogry aýdýaň Göwher!Suw meselesi mydama bar.Emma sol meseläni çözmäni hiç kim başaranok.Başarşak hem bolanoklar.Sen agyz suwunyň gürrüňini edýäň, Obalarda mellekler hem gurap ýatyr.Suw bolmansaň ekilenok.
Sitata
 
 
#4 Talyp 2013-11-02 02:09
Wah, oba ýerlerinde,suw ýok.Öýmizde 6-njy sahypadaky ýaly, betondan edilen howza wagtal-wagtal maşyn bilen guýdyrýarys. Köplenç gaýnatman hem içilýär. Elimizden gelýän zat ýok.
Sitata
 
 
#3 gowher 2013-11-02 02:01
Batyr! Gaty dogry aýdýaň.Biri birimiziň düşünjesini artyraýmasak başga ýerden kömek ýok. Türkmenleriň yarysy iç agyrydan, infektsion kesellerden ejir çekip ýitip gijekler.
Sitata
 
 
#2 Batyr 2013-11-02 01:40
Halk köpçüligi üçin gaty gowy kitap.Ýatda galjak suratlar bilen owadanlaşdyrylan. Ýöne biziň türkmen halkymyz, okasa-da "düşünmez".Köp ýerlerde bir baklaşkany alyp, biri-birlerine geçirip içip durlar. Aý, beýdip janyňy saklap bolmaz."hudaý"gorar diýýärler.Köplerimizde sanitariýa düşünjesi ýok.
Sitata
 
 
#1 gozel 2013-11-01 01:34
gaty owadan we manyly kitapca! Ishigizde ustinlik!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele