Baş sahypa
( 52 Ses Berme )

Maşgala Saglygy kitabynyň daş görnüşi

Biz Siziň dykgatyňyza Maşgala Saglygy atly gollanmany hödürleýäris. Bu gollanma maşgala üçindir. Ol Where There is No Doctor atly iňlis dilindäki asyl nusgadan terjime edilip, türkmen halky üçin uýgunlaşdyryldy. Where There is No Doctor kitaby, megerem, dünýäniň ähli künjeklerinde ilat tarapyndan iň köp ulanylýan gollanmalaryň biridir. Bu kitap 70-den göwrak dillere terjime edilip, onuň millionlarça sany çap edildi. Ol tutuş dünýäde saglyk babatda tapylgasyz çeşmedir.

Kitabyň awtorlar topary giňden ýaýran keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak baradaky amaly maglumatlary saňa sada dilde düşündirýär. Iýmitlenme, ýokanç keseller, keselleriň öňüni almak meselelerine aýratyn üns berlendir. Şeýle-de keseliň öňüni almakda we bejermekde esasy usullar hökmünde anyklaýyş tärleriň ulanylmagyna hem üns berilýär.

Kitap 23 bapdan ybaratdyr. Ol elektron görnüşinde baplara bölünendir. Siz onuň aýry-aýry baplaryny özüňiz üçin çap edip bilersiňiz. Hemme seslenmeleriňizi  This e-mail address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it   elektron poçtasyna iberip bilersiňiz.

ŞU KITAPDAN NÄHILI PEÝDALANMALY
MAZMUNY
GIRIŞ
TÄZE NEŞIR BARADA BELLIKLER
IL LUKMANYNA MASLAHATLAR
BAP I ÖÝDE GEÇIRILÝÄN BEJERGILER WE OL BARADA GIŇDEN ÝAÝRAN PIKIR
BAP II KÖPLENÇ ÇALŞYLÝAN KESELLER
BAP III SYRKAWY NÄDIP BARLAMALY
BAP IV SYRKAWA NÄHILI IDEG ETMEL
BAP V DERMANSYZ BEJERILIŞ
BAP VI HÄZIRKI DÖWRÜŇ DERMANLARYNYŇ DOGRY WE NÄDOGRY ULANYLYŞY
BAP VII ANTIBIOTIKLER: BU NÄME WE OLARY NÄHILI ULANMALY
BAP VIII DERMANLARY NÄHILI ÖLÇEMELI WE BERMELI
BAP IX SANJYM ETMEK BOÝUNÇA DÜŞÜNDIRIŞLER WE SERESAPLYLYK ÇÄRELERI
BAP X ILKINJI KÖMEK
BAP XI IÝMITLENME: SAGDYN BOLMAK ÜÇIN NÄME IÝMELI
BAP XII DUÝDURYŞ: KÖP KESELLERIŇ ÖŇÜNI NÄHILI ALMALY
BAP XIII KÄBIR IŇ ADATY KESELLER
BAP XIV AÝRATYN ÜNSI TALAP EDÝÄN KESELLER
BAP XV DERI KESELLERI
BAP XVI GÖZLER
BAP XVII DIŞLER, DIŞ ETLERI WE AGYZ BOŞLUGY
BAP XVIII PEŞEW ÇYKARYJY ULGAMY WE JYNS AGZALARY
BAP XIX ENELER WE GÖBEGENELER ÜÇIN MAGLUMATLAR
BAP XX MAŞGALANY MEÝILLEŞDIRME: ISLEGE GÖRÄ ÇAGA EDINMEK
BAP XXI ÇAGALARYŇ SAGLYGY WE KESELLERI
BAP XXII GARTAŞAN ADAMLARYŇ SAGLYGY WE KESELLERI
BAP XXIII DERMANHANAJYK
GOŞUNDY I
DERMANLAR BARADA MAGLUMAT
GOŞUNDY II
SOZLÜK
ÖWRENILÝÄN MATERIALLAR BOÝUNÇA SALGYLAR
GÖRKEZIJI
MAŞGALA SAGLYGY KITABY (DOLY) ÜNS BERIŇ ULULYGY - 25,5 MB
Maşgala Saglygy kitabynyň baplary Siziň kompýuteriňizde açylmasa onda Adobe Reader programmasyny kompýuteriňize ýüklemek gerekdir.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#27 Şöhrat 2014-12-04 13:01
salam Lukmanlar
Sitata
 
 
#26 Lukman 2014-06-14 01:44
Quoting teswirçi:
Kitaby dolulygyna A4 ululygynda kitap görnüşinde çykardyp Türkmenistana akidipdim. Bu kitaby obanyn mekdep kitaphanasyna bermegime siz tarapyndan bir garşylyk yok bolsa gerek ?


Minnetdar! Eden işiňiz öwgä mynasyp! Işe uly goşant bolup durýar. Mümkin mekdepde Internedsiz computer bar bolsa onda diska gecirip beribem bolardy.
Sitata
 
 
#25 teswirçi 2014-06-14 01:24
Kitaby dolulygyna A4 ululygynda kitap görnüşinde çykardyp Türkmenistana akidipdim. Bu kitaby obanyn mekdep kitaphanasyna bermegime siz tarapyndan bir garşylyk yok bolsa gerek ?
Sitata
 
 
#24 Gaygysyz 2014-04-10 16:29
Sag bolun maslahatlara
Sitata
 
 
#23 Okyjy 2014-02-13 00:38
Maşgala saglygy kitabyňyz, umuman saýtyňyz saglyk meselesinde gollanma bolup hyzmat edýär. Indi saglyga degişli kitaplary dörüp oturmaň geregi ýok. Gerek soragyňy saýty açyp okaýmaly. Sag boluň. Işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun.
Sitata
 
 
#22 rahmiislam 2013-04-10 13:25
Saglyk baradaky saýtyňyz ören gowy bolupdyr. Saglyg degişlı ören gowy maglumatlar berlipdir. İşiňizde üstünlikler arzuw edýän.
Sitata
 
 
#21 Sapar 2013-04-02 06:00
Bu saýt-bu Kitap tapdyrgysyz-bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr!Sag boluň!
Sitata
 
 
#20 Administrator 2013-02-05 01:47
Hormatly Watan! Elbetde biziň saýtymyza agza bolup bilersiňiz. Munuň üçin Size "Bize goşul" diýen bölüme girip, hyzmatdaşlygyň düzgünleri bilen tanşyp bilersiňiz. Hormat bilen, saýtyň administratory.
Sitata
 
 
#19 Watan 2012-12-22 01:25
Hormatly Lukman! Men su sayta agza bolup bilyanmi? Eger bolup bilyan bolsam nadip?
Sitata
 
 
#18 Watan 2012-12-22 01:22
Hormatly su websity acan adamlar we lukmanlar!Size kop sag bolsun aydyaryn.Sular yaly saytyn barlygy meni gaty buysandyryar
Sitata
 
 
#17 gunca 2012-12-17 19:53
kitap ucin kop kop sag6olun. oran peydaly maglumatlar
Sitata
 
 
#16 Dr. Serdar 2012-05-25 10:30
Salam , eger de "Where There is No Doctor " linkin yerine bu ashaky linki goyon bolsonis onyyt bolorddy
Sag bolyn

http://www.webpal.org/SAFE/aaarecovery/7_medicine/Medicine%20-%20No%20doctor/Medicine%20No%20Doctor.pdf
Sitata
 
 
#15 Lukman 2011-12-05 21:08
Salam,
Ene suydi barada su makalany okamana maslahat beryars "ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEK – BU HER ENE ÜÇÜN WAJYPDYR" http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-iymitlenme-we-berhiz/sagdyn-iymit/21-ene-suydi-bilen-iymitlendirmek.html. Makalany website-da tapyp bilersiniz. Yagsy arzuwlarynyz ucin kop sag bolun! Sita girip durun.
Sitata
 
 
#14 Lukman hekim 2011-12-04 17:17
salam.gow saýdňz ba.üstünlik hemmäňze.ene süýdi barada nirden tapyp bilerkäm?
Sitata
 
 
#13 Resulberdi Hallyyev 2011-04-29 19:36
Saytynyz gownume yarady, oran oran sheyle onat maslahatlar alsa boljak bu saytdan bu sayty doredeniniz ucin kop sagbolun!
Sitata
 
 
+1 #12 StateTM 2011-03-14 09:54
Köp sag boluň!
Sitata
 
 
+1 #11 lukman 2011-03-14 08:29
Annamuhhamet, kitaby halanynyza gaty begenyaris. Sita girip durun, makalalaryn sonunda oz pikirizi yazyn. Doly kitaby pdf formatda gechirip bolyar. Yokaryk seretseniz DOLY KITAP diyilen ere basayin.
Sitata
 
 
#10 annamuhammet 2011-03-13 07:55
Teswiri nadip öçürüp bolyaray:D
Sitata
 
 
#9 annamuhammet 2011-03-13 07:48
bir PDF görnüşünde diymek isledim.bitewi bir kitaby komputerime geçirmek üçin
Sitata
 
 
#8 annamuhammet 2011-03-13 07:39
Salam şunun yaly peydaly makalalary, kitaplary internet saytyna goyup bize yetiryaniniz üçin saglyk işgarlerinin hemesine köp minnetdar!
men şu kitaby PDF formatynda goyup bilersinizmi diyip sorajakdym,eger tehniki sebapler bar bolsa hökman dal.SAGBOLLUN!
Sitata
 
 
+2 #7 stundent 2011-03-12 21:00
Bu kitaby Turkmenistanda satyn alyp bolsa gaty gowy bolardy.
Sitata
 
 
+1 #6 halach 2011-02-25 20:51
Tüweleme eden işiňize uly minnetdarlyk bildirýän! Köp sagboluň! Ähli baplaryny okap görmedim, ýöne okanlarym peýdalydy. Ýene bir gezek sagbolsun aýdyp işiňizde uly üstünlik dileýän!
Sitata
 
 
+1 #5 Köp çagaly, obaly zenan. 2011-02-10 23:43
Maslahatyňyza minnetdar.Özümi gyzyklandyrýan soraglary, baplardan printer arkaly çykaryp, aldym.Işiňizde üstünlik arzuw edýäris
Sitata
 
 
+1 #4 lukman 2011-01-27 01:50
Gadyrly zenan,

Siz bu kitaby printerda cykaryp okap bilersiniz. Interneda girenizde, bir nache baplary acyp printerda cykaryn.
Sitata
 
 
+1 #3 Köp çagaly ,obaly zenan. 2011-01-21 00:23
Bir sebäp bilen kitaby okamaga mümkinçilik boldy.Gaty gowy kitap.
Arman,bizde saýta girip, okamaga mümkinçilik ýok-da.Elimizde bolsa, gündelik durmuşda duş gelýän saglyk näsazlyklarynda ulanmaga gollanma bolardy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele