Baş sahypa Habarlaşma

SORAG-JOGAP BUKJASY

HORMATLY SAÝTYŇ OKYJYLARY!

Eger soraglaryňyz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa, şu aşakdaky öýjükleri dolduryp, bize hat ýollamagyňyzy haýyş edýäris.

"SORAG-JOGAP" BUKJASYNYŇ IŞ DÜZGÜNLERI

  1. Lukmanyň maslahaty ýa-da jogaby saýtymyzda çap ediler.
     
  2. Soragyňyzy edepli  äheňde düzmegi haýyş edýäris. Biziň lukmanlarymyzyň ählisi amaly lukmançylyk bilen meşgullanyp, işden boş wagtlary saýtymyz bilen hyzmatdaşlyk edýärler.
     
  3. "Sorag-jogap" bukjasyna iberilýän hatlaryň hemmesi moderasiýadan geçýär. Moderator soragyň äheňine, dogry düzülip-düzülmändigine baha berýär we berlen soraga gaýybana jogap berip bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny kesgitleýär.
     
  4. Eger soragyňyz moderasiýadan geçmese, Siziň elektron salgyňyza (görkezilen bolsa) soragyňyzyň haýsy sebäplere görä gaýtarylýandygy barada habar iberilýär. Şeýle ýagdaýlarda soragyňyzyň äheňini ýa-da mazmunyny üýtgedip, gaýtadan iberip bilersiňiz.
     
  5.  Nähili soraglara jogap berilmeýär?
  • Türkmen we rus dillerinden başga dillerde berlen soraglara jogap berilmeýär.
  • Gödek ýa-da kemsidiji äheňde, paýyş sözler bilen ýazylan soraglara jogap berilmeýär.
  • Keseli anyklamagy talap edýän soraglar (mysal üçin: "Men taýyp ýykyldym, aýagym çişip ýöredenok. Meniň aýagym döwläýdimikä?" we ş.m). Saglyk ýagdaýyny anyk görkezýän maglumatlaryň beýan edilmedik ýagdaýynda şeýle soraglara gaýybana jogap berilmeýär.
  • Halk emleri babatda berlen soraglar (mysal üçin: "Men tebibiň ýanyna saglyk meseläm boýunça baranymda, ol meniň gorkak damarymdan tutdy. Ýöne onuň bu emi haýyr etmedi. Saýtyň lukmanynyň maslahatyna mätäç". Biziň saýtymyzyň lukmanlary diňe amaly lukmançylygyň jähtinden peýdaly boljak halk emleri maslahat berip bilerler (mysal üçin, derman otlary (çopantelpek, atgulak we başg.) bilen berilýän bejergi usullary).
  • Siziň lukmanyňyzyň bellän bejergisi babatdaky soraglara jogap berilmeýär. Şeýle soraglar lukmançylyk etikasyna gelişmeýär. Şoňa görä-de, lukmanyňyzyň bellän bejergisine hiç hili teswirleme berilmeýär.
  • Birnäçe lukmana niýetlenen soraga jogap berilmeýär. Soragyňyzyň lukmanlar toparyna däl-de, diňe bir ugurdan işleýän lukmana iberýändigiňizi göz öňünde tutmagyňyzy haýyş edýäris.
  1. Soragy nähili düzmeli?  Eger Siz soragyňyza jogap almak isleseňiz, onda soragyňyz:
  • Siziň saglyk ýagdaýyňyzy anyk beýan etmeli;
  • ýaşyňyzy we jynsyňyzy mälim etmeli;
  • eger haýsydyry bir dermanlary kabul edýän bolsaňyz, olaryň sanawyny habar bermeli;
  • eger barlagdan geçen bolsaňyz, olaryň netijelerini jikme-jik mälim etmeli.
  1. Lukman Siz barada näçe köp maglumaty bilse, soragyňyza şonça-da aňsat we doly jogap berip biler. Netijede, Siz öz saglyk meseläňiz babatda doly maslahaty alyp bilersiňiz. Eger Siz öň lukmançylyk maslahatyna laýyklykda bejergi alan bolsaňyz, ony doly beýan etmegiňizi haýyş edýäris (lukmanyň adyny we işleýän ýerini görkezmek gerek däl). Bejergi oňat netijeleri bermedik bolsa, belki, goşmaça barlaglardan geçmek zerurlygy bardyr.
     
Adyňyzy ýa-da lakamyňyzy ýazyň.
Soragyňyza jogap berilmegi üçin öz elektron salgyňyzy ýazyň. Eger Siziň elektron salgyňyz ýok bolsa ýa-da öz şahsy maglumatlaryňyzy aýan etmek islemeýän bolsaňyz, bu öýjüge noreply@saglyk.info diýip ýazmagyňyzy haýyş edýäris.

Soragy kime ýollaýandygyňyzy saýlaň.
Soragyňyzy ýa-da teklibiňizi bir sözlemde ýazyň.
Soragyňyzy ýa-da teklibiňizi giňişleýin ýazyp bilersiňiz.

BIZIŇ SAÝTYMYZYŇY IŞINI GOWULANDYRMAGA GATNAŞANDYGYŇYZ ÜÇIN MINNETDARLYK BILDIRÝÄRIS.

Saýtyň ýolbaşçylar topary Siziň şahsy maglumatlaryňyzy  ýaýratmajakdygyna kepil geçýär.