Bellik

Saýtymyzyň baş sahypasynda orfografik ýalňyşlar bar bolsa, ýalňyşlary mouse kömegi bilen saýlap, Shift+Enter basyp, Administratora habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.


Baş sahypa
Banner
( 21 Ses Berme )

Gyzylödegiň eroziýasy – aşgazan şiresiniň yzygiderli gyzylödege düşmegi netijesinde gyzylödegiň nemli gatlagynyň zeperlenme ýagdaýydyr.

Aşgazan şiresi duz turşylygyna baý bolup, ol nemli gatlagy bozujy, zeper ýetirji häsiýete eýedir. Aşgazan şiresi kadada gyzylödege düşmeli däl hem bolsa, köp sebäpleriň täsiri bilen, meselem, diafragma ingisi, sary gaýnamalar, ýanyklar, gyzylödegiň şikeslenmegi netijesinde onuň nemli gatlagyna öz ýaramaz täsirini ýetirip biler.

 
( 31 Ses Berme )

"Bir näsaglyk ýer taýýarlaň, gyzlar!" diýip, alňasap gelen bölüm müdiri şepagat uýalaryna buýruk berdi. Terapiýa bölüme getirlen 50 ýaş töweregindäki daýzany bölümiň lukmanlary we şepagat uýalary "myhmansöýerlik" bilen kabul etdiler. Ýerli-ýerden EKG barlagyny geçirip, barlag üçin gan alyp, barlaghana ugratdylar.

Ýaňy kärimiň başlangyç basgançaklaryndan ädip başlan, men hem bu zatlary özümçe geň gördüm. Sebäbimi? Men eýýäm bir aý bäri bu bölümde tejribe alma işimi geçip ýördüm. Lukmanlaryň aljyrap, jan edip näsaga seretmelerini bolsa birinji gezek görýärdim. Çünki, adatça bölüme gelýän näsagyň diňe bir lukman ýa-da şepagat uýasynyň ýeke özi ýerini taýýarlap, barlag üçin gan alyp, EKG barlagyndan geçirýän şepagat uýasyna garaşylýardy we barlaglardan wagty gijikdirilip geçirilýärdi.

 
( 22 Ses Berme )

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän maglumatlar kampaniýamyzyň dowamynda "BU SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapçanyň maksady ýaşlary jynsy gatnaşyklary geçirmäge çagyrma däl-de, bu gatnaşyklary başlamagy ýüregine düwen ýetginjeklere bu meselede wajyp bolan esasy maglumatlary ýetirmedir. Kitapçada jynsy gatnaşyklaryň ýetginjegiň durmuşyňy üýtgedip, uly jogapkärçiligi talap etjekdigi üns merkezinde goýulýär. Jynsy gatnaşyklaryň başlanmagynyň hemişe söýgüni alamatlandyrmaýany ýatladylýär. Kitapça bu gatnaşyklara mahsus kynçylyklar barada (islenilmedik göwrelilik, jyns ýollary arkaly geçýän ýokanç keseller) habardar edýär we goraglylyk babatda maglumat berýär.

Kitapçada beýan edilen maglumatlar ýetginjeklere ýagdaýa dogry baha bermäge kömek berer diýip umyt edýäris. Türkmen ene-atalaryna bu barada habarly bolup, dogry maglumatlar bilen bu wajyp meseleden ýetginjek çagalary bilen söz açmaga, gürrüňdeş bolmaga kömek berer diýip tama edýäris.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÝOKARDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈350 KB)

 
( 32 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman. Size bir soragym bar. Paranoýa – bu näme zat? Ruhy keselmi ýada bir düşünjemi? Meniň öz pikirimçe, sussupeslik bilen baglanşykly ruhy kesellilik bolmaly. Bu barada doly bilmek üçin Google-dan köp gözleg etdim, ýöne anyk we ene dilimizde ýazylan maglumatlara duşmadym. Mümkin bolsa, giňişleýin düşündirmegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 24 Ses Berme )

Her birimiz üýşmeleňe elmydama gijä galyp gelýän ýa-da bir ýere gidiljek bolnanda elmydama garaşdyrýan adamlara duşup görendiris. Belki hem käbirimiz şeýle adamlaryň hatarynda görülýändiris. Bu ýagdaýdan köpler nägile bolsalar, köpler munuň bilen ylalaşyp ýaşaýarlar. Men bu makalamda wagtyň bahasy, halkymyzyň we daşary ýurtlylaryň wagta bolan garaýşy, punktuallygy hakynda birki meseläni gozgap geçesim gelýär.

Dünýädäki wagta bolan garaýyşlar

ABŞ, Germaniýa, Şwesariýa, Britaniýa (Anglosakson kökünden gelýän halklar), Niderlandiýa, Awstriýa we Skandinawiýa ýurtlarynda wagt iň bir gymmat hasaplanýan zatlaryň biridir. Bu döwletleriň ýörelgesine görä, eger-de wagt haýsydyr bir iş we hereket bilen doldurylmasa, onda onuň bisarpa tutuldygydyr. Duşuşyklara gijä galyp gelmek, beýleki adamlara goýulýan hormat-sylagyň pesdigini görkezýär. Şonuň üçin ähli işler we duşuşyklar öz kesgitlenilen wagtynda ýerine ýetirilmelidir.

 
( 127 Ses Berme )

Bu makalanyň adyny okap, eýýäm gürrüňiň näme barada, has dogrusy kimler barada boljagyny çak edýänsiňiz. Okyjylaryň ünsüni aýal-gyzlarymyzyň durmuşy we jemgyýetdäki orny bilen bagly meseleleriň özüne çekýänligi ap-aýdyň. Emma, türkmen jemgyýeti diňe aýal-gyzlardan ybarat däl. Türkmen ýigitleri hem onuň aýrylmaz bir bölegi. Eýsem olar barada gürrüň açman bolarmy? Geliň, şu ýerde aýal-gyzlar meselesini bir ýana aýryp, ýigitlerimiz barada gürrüň açalyň. Türkmen ýigitleri kimler? Olaryň gylyk-häsiýetleri nähili? Olary umumulaşdyryp bolarmy? Gyzlarymyzy kategoriýalara salýarlar welin, mümkin erkeklerem salyp bolar? Belki salmalydyrysam?

Döwrüň üýtgemegi bilen türkmen gyzlarynyň başdan geçirýän üýtgeşmelerini erkek-oglanlarymyz hem başdan geçirýärler. Gynansakda, sosial ulgamlarda, platformalarda gyzlarymyz ýiti tankytlanyp, oglanlara nobat gelende gaty bir kän pikir-garaýyşlar ýazylmaýar. Men, bu gün, bu ýagdaýy üýtgetmegi ýüregime düwdüm.

 
( 27 Ses Berme )

Meniň joram öz gyzynyň adamsyndan aýrylşýanyny aýdyp kellesini aşak egdi. Joramyň gözlerinden syrygyp gaýdan ýaş bolsa, bu ahwalatyň ene ýüregini gyýym-gyýym edip kesýändiginden habar berýärdi. Joramyň bir ýyl mundan ozal gyzynyň toýunda begenjinden ýelgamak ýaly ylgap myhmanlary garşy alşyna, gyzyny durmuş ýoluna ibermek üçin uly taýynlyk görşüni ýatlap, oňa ýüregim awady. Ene arzuwy puç boldy. Men: "Mähri näme üçin aýrylyşmagy ýüregine düwdi?" diýip soradym. Joram uludan demini alyp: "Döwran düýbünden başga adam ekeni. Özi hem ejem ogly. Biz hiç düşünşip bilemzok diýýär" diýip jogap berdi...

Näme üçin biziň döwrümizde nikalaryň bozulmagy köp duş gelýär? Näme üçin biziň mama-babalarymyzdyr, ata-enelerimiziň döwründe durmuşy şertler ol diýen ýaramly bolmasa hem, nikalar berk bolup, olar özara hormat we söýgi bilen ýaşapdyrlar? Belki-de, biziň ýaşlarymyz durmuş ýoluna taýynlyksyz rowana bolýandyrlar? Men bu mesele babatda pikirlendim we biziň ýaşlarymyzyň nazara almaly esasy ýagdaýlaryny kesgitlemäge synanşyk etdim.

 
( 17 Ses Berme )

HORMATLY OKYJYLAR!

Şatlygy, garaşylmadyk ýakymly pursatlary, umytlary, isleg-arzuwlary peşgeş berýän Täze Ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Täze ýylda Size hyjuw berýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, Size egsilmez bagtlylyk berýän maşgalaňyzyň abadan bolmagyny, durmuşa höwes döredýän umytlaryňyzyň ýerine düşmegini we durmuşy üstünlikleriň gazanylmagyny, iň esasy hem-siziň esasy baýlygyňyzyň – saglygyňyzyň berk bolmagyny arzuw edýäris.

TÄZE ÝYL BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

 
( 15 Ses Berme )

Täze ýyl baýramçylygy, gyşky dynç alyş günleri – bu çagalar üçin diňe bir köp garaşylan günleriň biri bolman, eýsem bu döwür dürli howply ýagdaýlaryň döreme wagty hem bolup biler. Şadyýan we ýakymly duýdansyzlyklara baý bu baýramçylygy ýatdan çykmajak we howpsuz ýagdaýda geçirmek üçin birnäçe peýdaly maglumatlary bilmek hökmandyr.

Täze ýyl arçasy

Kürteli gelin ýaly başyny aşak sallap, owadanlygy bilen her täze ýylyň öňsyrasy peýda bolýan, bezelen arçanyň diňe bir täze ýyl şatlygyny bermän, öýde alnan şikesleri hem döredip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Arçaňyzyň hakykydygyna ýa-da emelidigine garamazdan, onuň ýerleşdirilşine, düzüliş howpsuzlygyna üns bermek hökmandyr:

 
( 24 Ses Berme )

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň 2013-nji ýylda geçiren milli derňewiniň netijesi boýunça, ýurdumyzda çilim çekýän ilatyň 8%-e deňdigi tassyklandy. Bu bolsa diňe bir Ýewropa sebitinde bolman, eýsem bütin dünýä boýunça çilimkeşleriň iň pes derejesidir.

Meni çilim çekýän ilatyň sanynyň pes derejede bolmagy tüýs ýürekden begendirýar, emma muňa garamazdan, göwreli zenanlaryň passiw çilimkeş bolýandygy barada gürrüň açmagy makul bildim. Sebäbi yolda we käbir halatlarda goňşularymyň arasynda hem göwreli aýalynyň ýanynda yoldaşynyň arkaýyn çilim çekmegi meni geň galdyrýar. Bir gezek goňşyma: "Waheý goňşy, aýalyň göwreli eken. Sen hem ýanynda çilim çekýäňmi?" diýen soragyma, "Meniň çeken çilimimiň oňa zyýany ýok ahyry" diýip biparh jogap bermegi şu makalany ýazmagymyň sebäbi boldy.

 
SAGLYK.INFO-nyň TÄZE EMBLEMASY
Sosial aragatnaşyk

GÖZLEG
SES BERME
Mekdeplerde psihologlar üçin iş orunlaryň bolmagy gerekmi?
 
Bize goşul!
BILDIRIŞ

DG we AS Kitaby

Maşgala Saglygy Kitaby

Sorag-jogap bukjasy

Sorag ibermezden öň
HÖKMAN OKA


Sorag-jogap süzgüji
Soňky teswirler
  • Teswirçi 18.11.2017 15:16
    Düşünen bar bolsa düşündirişini ýazaýmasa teswir edip, men-ä düşünmedim muňa.

    Dowamy...

     
  • Lonnie 17.11.2017 20:10
    At this time I am ready to do my breakfast, once having my breakfast coming yet again to read additional ...

    Dowamy...

     
  • Tyree 17.11.2017 07:39
    Heya! I realize this is kind of off-topic however I had to ask. Does operating a well-established ...

    Dowamy...

     
  • Maksat 03.11.2017 16:21
    Uly adamlaryň ählisine ýüzlenýärin. Öz ýetginjek wagtyňyzy ýada salyň. Siz bu möhüm bolan emma ...

    Dowamy...

     
  • Didar 01.11.2017 21:44
    Salam lukman ýumurtgalyklaryň damarlarlarynyň giňelmesine näme sebäp bolup biler meselem alkogol içgi ...

    Dowamy...

Şu wagt kim bagly
We have 97 guests online