Baş sahypa Kampaniýalar Neşekeşlige garşy

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da ýekeleýin habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Neşekeşlige garşy göreş kampaniýasynyň esasy maksady – neşekeşlige getirýän sebäpler, onuň şahsyýet, jemgyýet derejesinde ýetirýän zyýany we sosial, lukmançylyk hem-de habar berme arkaly göreş usullaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezip, bu babatda adamlaryň, ylaýta-da ýaş nesliň bilimni artdyrmakdan ybarat.

Neşekeşlik belasy müňlerçe ýaş adamlaryň durmuşyny dargatsa, ençemesiniň ömür tanapyny gyrdy. Şonuň bilen birlikde, öz maşgalasyna abanýan howp barada pikir hem etmeýän ene-atalarynyň hem ýaşaýşyny bulap, olaryň durmuşynyň manysyny üýtgeden bir musallat bolup başa indi. Şonuň üçin-de, jemgyýetde ýaşaýan adam onda ýüze çykýan melelerden üzňe ýaşap bilmeýär. Adam "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýip-de ýaşap bilmeýär, sebäbi bir adama galtaşan meseläniň günleriň birinde başgalara-da galtaşmagy mümkin. Şonuň üçin-de, bu kampaniýanyň berýän maglumatlary diňe neşekeşlere ýa-da olaryň dogan-garyndaşlaryna däl, eýsem jemgyýetiň her bir agzasyna hem degişlidir.

Kampaniýanyň maksatlarynyň biri – neşekeşlige ýoluganlara goldaw bermekden ybarat. "Her derdiň öz dermany bar" diýlişi ýaly, neşekeşligiň-de öz bejergileri bardyr. Neşekeşlere dürli jemgyýetlerde dürli garýarlar. Bu garaýyşlar esasan-da jemgyýetiň ösüş derejesine bagly bolýar. Ösüşi ýokary derejede bolan jemgyýetler neşekeşlere kesel adam hökmünde garap, oňa kömek etmäge çalyşýarlar. Şeýle jemgyýetlerde neşekeşi türmä ibermezden, oňa dogry ýola düşmäge kömek edýärler. Şeýle edilen ýagdaýynda neşekeş keselden saplanar diýen umyt döreýär.

Neşe serişdelerinden azat edip biljek erklilik, öz hereketleriňe we durmuşyňa jogap berip bilmek, sowatlylyk, pikir edip, dogry netije çykaryp bilmek ýaly adamda wajyp häsiýetleri terbiýelemegiň möhümdigini ündemek hem bu işiň uly bir bölegi bolup durýandyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde neşekeşleriň umumy sany 70 mln adama barabardyr.

Birleşen milletler Guramasynyň 117 sany döwletden alan maglumatynda geroin, kokain, tirýek (gaşiş), meň (marihuana), morfiý ýaly howply neşe serişdeleriniň ulanylşynyň ýylsaýyn artýandygy bellenilýär.

Alnan maglumatlara görä, neşe serişdelerine imrikme möwridi ortaça 15-23 ýaş aralygy düzüp, her neşekeş özi  bilen neşe serişdelerini kabul etmäge 13-15 adamy çekip bilýändir.

Neşe serişdeleri hemme beden agzalarynyň, ylaýtada hem beýniniň, bagryň zeperlenmegine getirip, beden saglygynyň görkezijilerine uly zarba urýandyr.

Neşekeşleriň ýaşaýyş düzgüni olaryň arasynda gepatit B, C, AIDS, inçekesel, jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň köpelmegine getirýär. AIS-i göterijileriň 55%-den gowragyny neşekeşler düzýändir.

Neşe serişdeleri ruhy keselleriň ýüze çykmagyna ýa-da olar öňden bar bolsa beterleşmegine itergi berip biler. Niderlandiýanyň ruhy saglygy institutynyň alymlarynyň barlagy neşe serişdelerniň, ylaýta-da meň neşe serişdesiniň ulanylmagy ýaş adamlaryň arasynda şizofreniýa keseliniň iki esse köp döremegine getirip bilýändigini mälim etdi.

Şonuň ýaly hem, himiki neşe serişdeleriniň adamyň önelgelilik ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirýänligini hem belläp geçmek möhümdir.

Meňiň düzümine girýän tetragidrosannabinol maddasynyň, erkeklik jyns öýjükleriniň hereketjeňligini gowşadyp, önelgesizlik ýagdaýyny döredip biljekdigini alymlar subut etdiler.

Neşekeşiň ömrüniň ortaça dowamlylygy 25-26 ýyla barabar bolup, olar neşe serişdelerini kadaly kabul edip başlandan soň 7-8 ýyl ýaşaýandyr. Neşekeş neşe serişdelerini tapmak üçin dürli jenaýatçylyklara hem baş urmaga mejbur bolýar.

Hukuk goraýjy guramalaryň belleýşi ýaly, emläk jenaýatçylyklaryň 60%-i neşe serişdelerine garaşly adamlar tarapyndan amala aşyrylýandyr.

Neşe serişdesi diňe bir adamyň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem onuň ruhy dünýäsini hem üýtgedip, adamy öz guluna öwürýär.Ol adamy öz hereketlerine jogap bermeden, döretmeden, zähmet çekmeden, söýgi ýaly belent duýgyny başdan geçirmeden, maşgala gurmadan, şatlanmadan, umuman ADAM bolma mümkinçiliginden mahrum edýär...

Eýsem-de bolsa, neşe belasynyň penjesine düşen ýakyn adamlarymyza Biz näderejede degerli kömek berip bilerkäk?!

Jemgyýeti neşekeşlikden halas etmegiň anyk çäreleri barmyka?

Neşekeşligiň döremeginiň öňüni almakda kim esasy orny eýeleýär? Maşgalamy? Mekdepmi? Sosial-döwlet edaralarymy? Hukuk goraýjy edaralarymy?

Şahsyýet derejesinde neşekeşlige garşy yglan edilen göreş, örän çylşyrymly we uzaga çekýän çekeleşik bolup, ol diňe adamyň özünden däl-de , eýsem onuň ýakyn adamlaryndan hem ägirt uly güýji, yhlasy talap edýändir.

Neşekeşlige garşy göreşi pugtalandyrmakda hem-de ony hemmetaraplaýyn äşgär etmek üçin biz:

  1. Neşekeşlige getirýän sebäpleri, onuň beden we ruhy saglyga ýetirýän zyýany, sosial we lukmançylyk göreş usullaryndan doly we hemmetaraplaýyn maglumat berýän makalalary, başga ýurtlaryň iş tejribesini, bejergi we öňüni almagyň usullaryny, çärelerini beýan edýän makalalary taýynlamagy maksat edinýäris.
  2. Neşekeşlik kynçylygy we onuň peýdaly göreş usullary babatda sosial gullugynyň işgärleriniň, lukmanlaryň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň, hukuk goraýjy işgärleriň pikirlerini bilmäge mümkinçilik döretmegi we mesele barada söhbetdeşlik açmagy makul bildik.
  3. Saýtyň okyjylarynyň arasynda pikir alyşmalary, eger bar bolsa neşekeşlige garşy göreşde şahsy durmuş tejribesini, oýlanmalaryny beýan etmek üçin şertleri döretmäge çalşarys.

Saýtyň okyjylary bolan, her biriňizi bolsa:

  • Neşekeşlik kynçylygy we oňa garşy göreş usullary barada öz pikirleriňiz, şahsy tejribäňiz bilen saýtyň sahypalarynda paýlaşmaga çagyrýarys.
  • Özüňiz we dost- ýarlaryňyz üçin alan maglumatlaryňyzy ulanyp, neşe belasyndan gaça durmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, özüňizde öndürijikli ýaşamaga ymtylyşy döretmäge çagyrýarys.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. NEŞEKEŞLIK

2. ZENANLAR WE NEŞE

3. NEŞE WE MAŞGALA

4. BMG NEŞELERIŇ DEREGINI TUTÝAN DERMAN SERIŞDELERINIŇ KANUNYDYGY BABATDA YNJALYKSYZLANÝAR

5. NEŞEKEŞLIK WE MAŞGALA GATNAŞYKLARY

6. MAŞGALADAKY TERBIÝE WE NEŞEKEŞLIK

7. NEŞEKEŞLIK WE BEDEN SAGLYGY

8. ÖÝE BARÝAN ÝOL...

9. ÇAGAŇYZY NEŞE BELASYNDAN HALAS EDIŇ!

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele