Baş sahypa Kitaplar Daşky gurşaw we adam saglygy
( 26 Ses Berme )

Maşgala Saglygy kitabynyň daş görnüşi

GADYRLY DOST!

Ynsan dünýä inen ilkinji pursatyndan başlap daşky gurşawyň täsirine düşýär. Bu täsiriň derejesi we tebigaty nähilikä? Adam saglygy daşky gurşawa näderejede garaşlyka? Ýa daşky gurşaw adama garaşlymyka? Adam bilen daşky gurşawyň özara gatnaşyklarynda üstün çykjak barmyka?

Eger Seni şeýle soraglar gyzyklandyrýan bolsa, onda şu kitap hut Seniň üçindir. Bu kitabyň asyl nusgasy Hesperian Fondy tarapyndan iňlis dilinde neşir edildi. Kitabyň mazmuny bilen tanşan terjimeçiler kitapdaky maglumatlar we amaly maslahatlar türkmen okyjysyna örän peýdaly bolar diýen pikir bilen, ony türkmen diline terjime etmegi makul gördüler. Sen bu kitapda adam saglygy bilen daşky gurşawyň arasynda nähili arabaglanyşygyň bardygyny bilip, onuň bilen parahat gatnaşyklary saklamagy, adamyň biperwaýlygyna ýugrulan hereketlerden goramagy öwrenersiň. Diňe bular bilen hem çäklenmän, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden öz saglygyňy goramagyň dürli tärleri bilen tanşyp bilersiň.

Eger Sen bu kitaby halasaň, onda ony öz tanyşlaryňa hem okamagy maslahat ber. Biz Seniň bu kitap baradaky pikirleriňe, bellikleriňe, teklipleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Şu kitapdan peýdaly maglumatlary we amaly maslahatlary alarsyň diýen
umydy bilen, taslamanyň iş topary.

MAZMUNY
BAP 1 JEMGYÝETDÄKI EKOLOGIKSAGLYGY ÖŇE SÜRMEK
BAP 2 JEMGYÝET SAGLYGYNYŇ ÄHMIÝETINE DÜŞÜNIP, DEGIŞLI ÇÄRELERI GEÇIRMEK
BAP 3 TEBIGY BAÝLYKLARY HEMMELER ÜÇIN GORAMAK
BAP 4 EKOLOGIK HUKUK WE ADALATLYLYK
BAP 5 ZYÝANLY SUWUŇ DÖREDÝÄN SAGLYK KYNÇYLYKLARY
BAP 6 ILATYŇ SUWUNY GORAMAK
BAP 7 HAJATHANALARYŇ GURLUŞYGY
BAP 8 ÇYBYNLAR ZERARLY DÖREÝÄN KESELLER
BAP 9 SUW TOPLAÝJY ÇÄKLERI GORAMAK
BAP 10 TOKAÝLAR
BAP 11 ÝERI DIKELTMEK WE BAGLARY EKMEK
BAP 12 JEMGYÝETIŇ AZYK HOWPSUZLYGY
BAP 13 GENETIKI ÖZGERDILEN AZYK ÖNÜMLERINIŇ ÝALAN WADASY
BAP 14 PESTISIDLER ZÄHERDIR
BAP 15 OBA HOJALYGYNY DURNUKLY USULLAR ARKALY ALYP BARMAK
BAP 16 ZÄHERLI HIMIKATLARYŇ ZYÝANY
BAP 17 SAGDYN ÖÝ
BAP 18 GATY GALYNDYLAR: SAGLYGA HOWP SALÝAN GALYNDYLARY PEÝDALY SERIŞDELERE ÖWÜRMEK
BAP 19 LUKMANÇYLYK GALYNDYLARY
BAP 20 ZÄHERLERIŇ ZYÝANLY TÄSIRINI AZALTMAK WE ÖŇÜNI ALMAK
BAP 21 MAGDAN GAZYP ALÝAN SENAGAT WE SAGLYK
BAP 22 NEBIT, KESELLER WE ADAM HUKUKLARY
BAP 23 EKOLOGIK TAÝDAN ARASSA ENERGIÝA
GOŞUNDY A: HOWPSUZLYK WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLAR
GOŞUNDY B: EKOLOGIK HUKUKLAR UGRUNDAKY GÖREŞDE KANUNLARYŇ ULANYLYŞY
SÖZLÜK
INDEKS
DAŞKY GURŞAW WE ADAM SAGLYGY KITABY (DOLY) ÜNS BERIŇ ULULYGY - 18,00 MB
"Daşky gurşaw we adam saglygy" kitabynyň baplary Siziň kompýuteriňizde açylmasa onda Adobe Reader programmasyny kompýuteriňize ýüklemek gerekdir.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Akmyrat 2014-11-02 18:54
men hem minnetdar. Yenede bashga kitaplary goshmagyngyza garashyan))
Sitata
 
 
#3 Gowher.I.A 2013-06-27 09:44
Hormatly lukmanlar bize bu kitaby okamaga mümkinçilik döredeniñiz üçin minnetdar.
Sitata
 
 
#2 begench 2013-02-12 20:08
cherepnoy dowlenany nadip ayyrmaly ?????
Sitata
 
 
#1 Rahat 2013-01-06 18:49
Salam lukmanlar.
Siziñ bu "DAŞKY GURŞAW WE ADAM SAGLYGY" türkmen diline terjime edip bize ýetireniñiz üçin minnetdar!
Bu kitaby diñe internetda elektron görnüsh höküminde dälde eýsem kitap satylýan dükanlarda beýleki welaýatlaryñ kitaphanalarynda kitap höküminde ýerleshdirilse köpler üçin we köpçülige ýaýratmakda,okap tanyshmaklary üçin has peýdaly bolarmyka diýýän.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele