Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar GÖWRELILIK WE JYNSY GATNAŞYKLAR
( 132 Ses Berme )

Çaga garaşýan zenan maşgalanyň ajaýyp keşbi bolup, onuň gün geçdigiçe üýtgeýän daşky görnüşinde pynhanlyk, gözellik, asudalyk duýulýar. Ulalýan çaganyň hereketlerini duýmak, çaganyň gymyldysy netijesinde garnyň görnüşiniň üýtgemegine syn etmek şeýle ýakymly bolýar.

Adam ömründe şunuň ýaly ýatdan çykmajak pursatlarda, zenanyň adamsynyň  we onuň ýakyn garyndaşlarynyň mähirli, ünsli gatnaşygy zerurdyr.

Göwreli aýal öz ýanýoldaşyna we gowy görýän ýakyn adamlaryna olaryň mähirli sözüne, söýgüsine mätäçligini duýdurmaga ymtylmalydyr.

Elbetde, göwrelilik döwründe är-aýal gatnaşyklarynda käbir kesgitli üýtgeşmeler bolup geçýär.

Köplenç ol üýtgeşmeler, çaga zeper ýetirmezlik maksady bilen, jynsy gatnaşyklaryň azaldylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň ýaly hereketler kä ýagdaýlarda dogry hasaplansa, köp ýagdaýlarda ýerliksizdir. Şonuň üçin hem, göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklaryň howpsyz,göwnejaý, dogry alyp barylmagy barada düşünişmeklik zerurdyr.

Göwrelilik döwründe her aýalyň jyns höwesi dürli-dürli derejede ýüze çykýandyr. Bedendäki gormonal üýtgemeleriň täsiri netijesinde, ol kä ýokarlanyp, käte bolsa peselip biler.

Göwreliniň seksual häsiýetlendirmesi onuň başdaky seksual işjeňligi, maşgalada är-aýal gatnaşyklarynyň emosional ýagdaýyna, onuň ýanýoldaşynyň jynsy höwesi we işjeňligi bilen kesgitlenilýär. Ýöne bu döwürde bedendäki üýtgeşmeler bilen baglylykda, göwreliniň jynsy höwesiniň ýüze çykyşynda hem käbir üýtgemeler ýüze çykyp biler.

Göwreliligiň birinji üç aýynda köplenç aýalyň seksual işjeňligi peselýär. Bu ýagdaý ýürek bulanma, gaýtarma, ys alyş we tagam beriş duýgularyň üýtgemegi ýaly aş saýlamanyň alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen bagly bolup biler.  Ondan başga-da, göwreliligiň ilkinji hepdelerinde aýal ukuçyllyk, gowşaklyk duýýar.

Göwüslerde ýüze çykýan agyrylar hem oňaýsyzlyk döredip biler.

Aýalda bu döwürde öýkeleklik, aglaglyk, gündeki ýönekeý ýaşaýyş meselelerine hem adaty garaýşynyň üýtgemegi ýaly häsiýetler döräp biler.

Bu üýtgeşmeleriň wagtlaýyndygyny bilmeýän erkek adamlarda, aýalynyň bu häsiýetleri gorky, alaçsyzlyk, aljyraňlyk döredip biler. Aýalyň ýanýoldaşy üçin bu ýagdaýyň üznüksiz uzaga çekip, öz ikinji ýarymynyň hemişe şol häsiýetde galaýjak ýaly bolup görünmegi mümkin.

Är-aýalyň arasynda özara göwne degişmeler, birek-birege igenmeler döräp biler.

Öňler är-aýal düşeginde aňsatlyk bilen çözülýän gapma-garşylyklar, gaýta beter ýitileşip biler.

Ýöne bu ýüze çykan ýagdaýlar wagtlaýyn bolup, göwreliligiň ikinji üç aýlygynyň başlanmagy bilen ýitip gidýändir.

Göwreliligiň ikinji üç aýynda geljekki enede gorky we howsala duýgulary geçip gidýär. Onuň umumy ýagdaýlary gowulaşýar. 18-20 hepdelik göwrelilikden soň, aýalyň çaganyň gymyldysyny duýup başlamagy, ulalýan çaganyň ýagdaýynyň kadalaýyklygyndan habar berýär.

Bu möhletde göwreli aýalyň garnynyň biraz ulalyp öňe çykmagy, ony adamsynyň öňünde seksual taýdan ýakymly görkezýär.

Bu döwürde erkek adam hem öz geljekki atalyk ornuny boýun alyp, emosianal taýdan oňa taýynlanyp başlaýar. Ýüze çykan oňaýly ýagdaýlar kadaly är-aýal jynsy gatnaşyklarynyň başlanmagyna esas bolup biler

Bedende gormonal üýtgeşmeleriň wagtlaýyn kadalaşandygyny we täze emele gelen çaga ýoldaşynyň ony goraýandygyny göz öňüne tutup, lukmanlar tarapyndan hem bu döwürde kadaly jynsy gatnaşyklara garşy görkezmeler bellenmeýär.

Ýöne göwreliligiň üçünji üç aýlygynda jynsy gatnaşyklaryň köp sebäplere görä peselmegi mümkindir. Bu ýagdaý ilki bilen hem çaganyň ulalyp, jynsy gatnaşyklary amala aşyrmakda oňaýsyzlyklaryň döremegi bilen baglydyr.

Ondan başga-da, gatnaşyk wagty göwreli aýalda agyrylaryň döremegi mümkindir.

Bu döwürde aýalyň emosianal ýagdaýynyň hem üýtgemegi şuňa sebäp bolup biler. Sebäbi dogrum wagtynyň ýetip gelmegi we dünýä injek çaganyň saglygy babatda ýüze çykýan howsalaly duýgular jynsy höwesi peseldip bilerler.

Dogrumyň ýetip gelmegi erkek adamlary hem az alada goýmaýar. Dünýä injek körpä gerekli zatlaryny almak, aýaly bilen bilelikde çaganyň dünýä injek dogrum öýüni saýlamak ýaly guramaçylykly işleri amala aşyrmak hem erkek adamynyň seksual işjeňligini peseldip biler.

Eger bu döwürde ýüze çykýan seksual islegler är-aýalda birmeňzeş derejede bolsa, bu maşgalada özara düşünişmezliklere getirmeýär. Ýöne islegler deň bolmasa, onda ýene tersleşmelere garaşybermelidir. Bu ýagdaýda maşgala jübütleriniň özara düşünişmekliklerine, biri-birine sylag-hormatyna bil baglamak galýar.

Erkek adama aýalynyň islegine, haýyşyna garşy gitmän, oňa mähirli,söýgä beslenen garaýyş bilen garamak maslahat berilýär. Ýöne aýal maşgala hem öz adamsynyň duýgularyny sylamaga, oňa ünsli, mähirli garap, dörän ýagdaýlaryň wagtlaýyndygyny düşündirmäge çalyşmalydyr.

Lukmançylyk jähtinden, göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklaryň peýdalylygy aşakdakylardan ybaratdyr:

1.   Jynsy gatnaşyklar wagtynda, aýal tarapdan kabul edilýän keýp berýän gormonlar (endorfin, enkefalinler), çaga hem gowy täsir edýändir;

2.   Göwreli aýalyň jynsy ýanaşmalaryndan uzak wagt saklanmagy, onda ýaramaz emosional duýgulary döredip biler;

3.   Göwrelilikde jynsy gatnaşyklar wagty göwreliligiň öňüni alma serişdelerini ulanmak zerurlygy aradan aýrylýar. Bu ýagdaý bolsa gatnaşyklaryň has ýakyn, ýakymly bolmagyny üpjün edip biler;

4.   Islendik aýala gerek bolşy ýaly, göwreli aýala hem dölde saklanýan peýdaly maddalar zerurdyr:

  • fermentler, erkeklik gormonlary, prostoglandinler.
  • Ýatgynyň boýunjygyny ýumşadyp, dogrumda onuň gowy açylmagynda prostoglandinleriň orny ulydyr;

5.   Jynsy ýanaşmalar wagty ýatgynyň myşsalary ýygrylýar we dogruma taýynlyk görýär. Ýatgy gowy ýygrylsa, dogrum burgularyň kadaly bolup, dogrum güýçleriniň gowşaklygynyň öňüni almaga kömek edip biler;

6.   Jynsy gatnaşyk wagtynda ýatgynyň ýygrylmalary dogruma taýyn bolmadyk ýatga  hiç hili täsir edip bilmeýär. Ýöne dogruma birnäçe hepde ýa-da günler galan bolsa, ýatgynyň bu ýygrylmalary dogrumyň başlanmagynyň sebäbi bolup bilerler. Şol sebäpden hem, göwreliligiň 40-41 hepdesinde dogrumyň başlanmagyny gazanmak üçin lukmanlar jynsy ýanaşyklary maslahat berip bilerler.

Ýöne göwrelilik wagty, lukmançylykda jynsy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna garşy görkezmeleriň bolýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir:

  • Göwreliligiň düşme howpy;
  • Jynshanadan gan akma ýa-da ganjymak bölünip çykmalaryň bolmagy;
  • Çaganyň endikli (birnäçe gezek) düşmegi;
  • Çaganyň ýan suwlarynyň akmagy;
  • Çaganyň ýoldaşynyň kadadakysyndan aşakda ýerleşmegi;
  • Ekiz çagalar bilen göwrelilik;
  • Aýalda ýa-da onuň adamsynda jyns agzalarynyň ýokançlyklarynyň bolmagy.

Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklary amala aşyrma usullarynyň hem öz aýratynlyklary bardyr.

Ulalýan çaga käbir usullardan peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Meselem, erkek adamynyň "ýokardan bolmagy". Aýala "gapdaldan" ýa-da onuň "ýokardan" bolmagy, aýalyň çöküne düşme ýagdaýlary has oňaýly bolup bilerler.

Göwreliligiň dokuz aýy çalt geçýär. Çaga dünýä inenden soň, är-aýal gatnaşyklarynyň başlama döwrüniň wagty barada soraglar ýüze çykyp biler.

Ginekologlaryň maslahat bermegine görä, dogrumdan soň 6-8 hepdäniň dowamynda är-aýal gatnaşyklaryny geçirme bolmaýar. Bu döwür ýatgynyň başdaky ululygyna gelmegi, dogrum ýollarynyň şikeslenmeleriniň bitmegi üçin gerekdir.

Dogrumdan soň ýatgynyň içiniň uly bir ýara tekizligi bolup durýanlygy üçin, oňa ýokançlyk düşürmezlik maksady bilen hem, jynsy ýanaşmalardan saklanmak zerurdyr.

Eger çaga dünýä kesarewo kesimi arkaly inen bolsa, onda jynsy gatnaşyklardan 8-10 hepde saklanmak maslahat berilýändir.

Giňden ýaýran pikire garamazdan, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirme köplenç ýumurtgalyklaryň kadaly işiniň dikelmegi bilen utgaşyp biler.

Kadaly aýbaşynyň (aýallyk öýjükleriniň emele gelmegi bilen) başlanmagy islenilmedik göwreliligiň döremegine getirip biler. Şonuň üçin hem, dogrumdan soňky döwürde göwreliligiň öňüni alyp biljek serişdeler barada bilip, olary ulanmalydyr. Bu serişdelere prezerwatiwler, emdirýän aýallara niýetlenen gormonal gerdejikler (ekslýuton, mini-pili) degişlidir.

Bar bolan düşünjelere garamazdan, usullylyk, mähirlilik, biri-biriňe ünslililik bilen çemeleşilende, göwrelilik we dogrumdan soňky döwürde jynsy gatnaşyklary alyp barmak gadagan edilmeýär.

Göwrelilik döwründe alnyp barylýan jynsy gatnaşyklar, är-aýal jübütine pynhanlylygyň, süýji duýgularyň lezzetini täzeden, başgaça duýmaga ýol açyp biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#54 Aÿköke 2016-12-26 19:04
Gaty gowy maña gerekli maslahatlar Lukman minnetdar!
Sitata
 
 
#53 Sulgun 2016-10-15 22:03
Salam doktor.mende 2 cagam bar yone yene islsleyan galanok.turbajyklam dykylypdyr bu yagdayda name etmeli men kop bejergi aldym bobolmady maslahat berin
Sitata
 
 
#52 Aynasha 2016-09-28 14:32
Salam Lukman mende bir sorag gyzyklandyrya. Durmusa cykyp ilkinji gijede govrande caga galyp bilermi? Taksikoz hacan baslap biler? Eger seyle bolsa? Kyn gormesenz aydaysanz
Sitata
 
 
#51 Aylar 2016-01-27 11:37
Caganyn yurek urma damary nace hepdelikden son baslayar
Sitata
 
 
#50 Alihan 2015-12-08 14:05
Lukman sana 1 sorag eger 1adamda on spermasynda tohum bar bolsa jynsy gatnsyga kan sezewar bolup yok bolsa wagtyn gecmegi bilen tohumlar (spermatozitler)tazeden emele gelip bilrlermi?
Sitata
 
 
#49 Lukman 2015-10-24 00:43
Meýlis!
Toý edileninden soň doly bir ýylyň dowamynda göwrelilik galmasa, diňe şondan soň önelgesizligiň sebäpleri barada gürrüň edip bolýar. Lukmanyň maslahaty doly geçirilen barlaglaryň netijeleri alnandan soň peýdaly bolup biler. Ilki bilen Size we gelniňize barlagdan geçmegi maslahat berýärin.
Sitata
 
 
#48 meylis 2015-10-23 21:58
SALAMUALEYKUM LUKMAN MEN SIZDEN BIR ZAT SORASYM GELYAR!!!Biz toy edip durmush gurduk men gelinimin gowreli bolmagyny isleyan! yone hich basa baranok eger mumkin bolsa siz oz maslahatynyzy aydaysanyz!!!
Sitata
 
 
#47 Jahan 2015-10-14 14:58
Gowreliligin alamaty bir ay yada 41 gun dolmanka yuze chykyp bilermi?!chykan halatda nahili bolyar?
Sitata
 
 
#46 mahri 2015-10-12 17:21
Salam lukman aga govrelilik dovrunde gazly icgiler yagny kola fanta muny icmek caga nahili tasiri bolup biler
Sitata
 
 
#45 mahri 2015-10-12 17:18
Salam lukman men 26hepdelik govreli.ve gazly suv yany kola fanta yaly suvlary kop icyan bu icginin caga nahili tasiri bolup biler shu barada mana doly maglumat berayin kop icmek bolmayamy yada biraz icenini zyyanam bolup bilermi???
Sitata
 
 
#44 Betje 2015-09-27 01:23
Quoting rowshen:
salam lukmanlar !!! Bir sorag yuze cyldy men cilim cekip 1 nji 3 aylyl gelnimin yanna baryan o cilimin ysy gelnimi binjalyk edya welin icindaki caga yada gelnime zyyany bamyka kyn gormeseniz jogap berayin


Chilim - awy, gowreli ayalyng uchin, babek uchin. Gaty uly zyyany bar.
Sitata
 
 
#43 rowshen 2015-09-26 00:10
salam lukmanlar !!! Bir sorag yuze cyldy men cilim cekip 1 nji 3 aylyl gelnimin yanna baryan o cilimin ysy gelnimi binjalyk edya welin icindaki caga yada gelnime zyyany bamyka kyn gormeseniz jogap berayin
Sitata
 
 
#42 Allanur 2015-09-11 19:12
Men Allanur Saparow Dashoguz habarlary welayat gazetinde ishleyan
Sitata
 
 
#41 Mesele 2015-06-23 03:25
Quoting şa&şeka:
salam lukman men gelınım 3aylyk gowrelı yagshy shuwagta hudaya shukur.yone menı bır sorag gyzyklandyryar gowrelıkan jynsy gatnaşyk edenınde yene gowrelı galyp bolyamy ustune.

Sen ýa talyban ýa-da orta asyrlardan dolanyp gelen bolmaly:)
Sitata
 
 
#40 Mesele 2015-06-23 03:23
Quoting şa&şeka:
salam lukman men gelınım 3aylyk gowrelı yagshy shuwagta hudaya shukur.yone menı bır sorag gyzyklandyryar gowrelıkan jynsy gatnaşyk edenınde yene gowrelı galyp bolyamy ustune.

hehe, dost, ylymy täze derejä ýetirjek sen. Onsoň bizde şu düşünjeli halkda "abort" ýok diýärler. Gorkynç!
Sitata
 
 
#39 şa&şeka 2015-06-23 02:57
salam lukman men gelınım 3aylyk gowrelı yagshy shuwagta hudaya shukur.yone menı bır sorag gyzyklandyryar gowrelıkan jynsy gatnaşyk edenınde yene gowrelı galyp bolyamy ustune.
Sitata
 
 
#38 БАТЫР 2015-06-20 21:42
Sag boluñ lukman aga beren maslahatyñyza..Lukman aga isiñizde uly uly ústünlikler arzuw edyarin...sag boluñ köp..köp.
Sitata
 
 
#37 Lukman 2015-06-20 15:12
Batyr!
Göwüs emziginiň gyjyndyrylmagy ene süýdüniň emele gelmegine zyýan ýetirmeýän hereket bolup, tersine, emzikleriň " içine giden, ýasy" görnüşlerinde onuň çykarylmagyna we çaganyň emdirilmegi üçin taýynlygyň görülmegine ýardam berip bilýär.Ýöne göwrelilik döwründe emzikleriň gyjyndyrylmagynyň göwreli ýatgynyň myşsalarynyň dartylmasyny ýokarlandyryp,ýatgyda ýygyrylma agyrylaryň döremegine hem getirip biler.Emziklere degilme hereketleri emaýsyz bolanda, olaryň şikeslenmegine we ýokançlyklaryň süýt mäzlerine aralaşmagyna hem sebäp bolup bilýändir.Eger beýle hereketler size ýaramly bolup, gödek geçirilmese we gelniňizde oňaýsyzlyk döretmeýän bolsa, biynjalyk bolara esas ýokdur
Sitata
 
 
#36 БАТЫР 2015-06-19 08:11
!Salowmaleykim doktar aga ...doktar aga size birje soragym bada gayrat edip jogap beräyiñdä...Doktar aga su wagyt meniñ gelnim 6 aylyk gõwreli welin..men gyjynyp !gowsuni kõp eldeýän soryan..welin şonuñ gowse süýt inmegine zyýany bamyka..? DOKTAR AGA GAÝRAT EDIP SORAGMA JOGAP BERÄÝIÑDÄ HAÝYŞ...!
Sitata
 
 
#35 Jahan 2015-03-22 19:57
Quoting Bega:
Salowmaleykum.lukman aga gowymy yagdaylarynyz.jogap yazanynyz un minnetdar sizden.lukman aga menin gelnim 6 aylyk gowreli Allajana shukur.chagam un gelnim nameler iyse peydaly.we nameler iyse zyyanly.sony aydayynda.???


Salam Bega, soraglaryňyzyň doly jogaplaryny "Maşgala Saglygy" kitabynda, 11-nji we 19 nji baplarda tapyp bilersiňiz. http://www.saglyk.info/component/content/article/8-masgala-saglygy.html
Sitata
 
 
#34 Bega 2015-03-21 23:34
Salowmaleykum.lukman aga gowymy yagdaylarynyz.jogap yazanynyz un minnetdar sizden.lukman aga menin gelnim 6 aylyk gowreli Allajana shukur.chagam un gelnim nameler iyse peydaly.we nameler iyse zyyanly.sony aydayynda.???
Sitata
 
 
#33 Bega 2015-03-21 23:34
Salowmaleykum.lukman aga gowymy yagdaylarynyz.jogap yazanynyz un minnetdar sizden.lukman aga menin gelnim 6 aylyk gowreli Allajana shukur.chagam un gelnim nameler iyse peydaly.we nameler iyse zyyanly.sony aydayynda.???
Sitata
 
 
#32 Lukman 2015-03-19 01:52
Bega!
Sizi näme biynjalyk edýär: yzly-yzyna ýanaşyp bilmezlik mümkinçiligimi ýa-da göwreli gelniňize onuň şeýle bolmazlygyndan ýetjek zyýanmy?
Eger birinji sorag bolsa, onda erkek adamlaryň fiziologiýasy üçin yzly-yzyna ýanaşyp bilmezlik, belli bir arakesmäniň zerurlygy kadaly we mahsus ýagdaýdyr.Ikinji sorag boýunça bolsa, göwreli aýalyň we çaganyň ýagdaýyna onuň hiç hili howpunyň ýoklugyny we göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklary ünsli, aýawly geçirmelidigini ýene bir gezek aýdasym gelýär.Belli bir saglyk ýagdaýlary ýüze çykanda, lukman göwreli aýala jynsy gatnaşyklary gadagan hem edip biler.
Sitata
 
 
#31 Bega 2015-03-18 00:36
Essalowmaleykum.Lukman agam size soragym bar.ozuma jogabyny bilemok.bilseniz ginishleyin jogabyny dusundirayin. Gelnim bn bir sapar bolyan.ikinji sapar bolmak isleg hic doremeya mende.name un?her sapar bplanymyzda bir sapar edyan bolly.bu doguljak chagamyn sagdyn yada sagdyn dal bolmagyna getirip bilermi.gelnim gorweli 6 aylyk Allajana shukur.hic wagt iki sapar yzly yzyna bolup gormedik.su wagta peydalymy zyyanlymy... su temdadan doly dushunje berayin LUKMAN???!!!HAYYSH!!!
Sitata
 
 
#30 guga 2015-02-22 08:30
Dol bu gyz mashgalanyn jyns agzasyna degse.ichki eshigine astyrynlyda dushmegi bilen govreli bolup bilermi?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele