Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik
( 19 Ses Berme )

Çaganyň ösüp kämilleşýän çaga haltajygyna "amnion" diýilýär. Göwreliligiň başyndan ol düwünçegiň ene göwresiniň içinde ösmegi üçin şert döredýär. Çaga haltajygynyň esasy wezipeleriniň biri hem ýansuwlaryny işläp çykarmakdyr.

Çaga ýansuwlarynyň ähmiýeti

Göwreliligiň başyndan başlap, çaga dogulýança ýansuwlar birnäçe möhüm funksiýalary ýerine ýetirýändirler:

 
( 19 Ses Berme )

NÄME ÜÇIN MAŞGALANY MEÝILLEŞDIRME ZERUR?

Maşgalanyň abadançylyk derejesi döwletiň ösüşiniň görkezijisi bolup durýar. Maşgala jemgyýetçilik birligi bolup, öz gezeginde daşky gurşawyň täsiri bilen, wagtyň, jemgyýetiň talabyna görä üýtgeýär hem-de özi hem täze talaplary öňe sürýär.

Maşgalanyň sosial we ruhy taýdan doly we kämil bolmagy üçin, onda çagalaryň dogulmagy we terbiýelenmegi zerurdyr. Islendik maşgalany, onda-da türkmen maşgalasyny çagasyz göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Biziň ýaş juwanlarymyz "maşgala = çagalar..." diýen mukaddes adat bilen maşgalany gurup başlaýarlar. Edil şonuň üçin hem, günbatar medeniýetine mahsus ýaş çatynjalaryň toýdan soň birnäçe wagt çaga edinmezden, öz islegleri boýunça ýaşamagy ýaly häsiýeti türkmen jemgyýetimiz üçin asla mahsus däldir. Gelin edinen maşgala gelniniň göwreli bolup, agtyk görmegine, ýaş çatynjalar bolsa ilkinji perzentleriniň dünýä inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Biz köpçagaly, döwletli maşgalany gurmaga ymtylýarys. Şu ýerde meniň bir ýerde eşden, näbelli akyldaryň aýdan degişmeli sözleri ýadyma düşýär: "Bir çaga – çaga hem däl, iki çaga – "ýarty" çaga, üç çaga – doly çaga".

 
( 22 Ses Berme )

Ýaş türkmen atalary näderejede gelinleriniň göwrelilik döwründäki durmuşyna gatnaşýarlar we olaryň başyndan geçirýän ýagdaýlary barada habarly bolup durýarlar? Jübütleriň durmuşyň gymmatly we wajyp wakasy baradaky düşünjeleri, garaýyşlary näderejede döwrebap bolup, halkara tejribelerine gabat gelýär?

ABŞ-da çaga garaşýan jübütler dost-ýarlaryny habardar edenlerinde: "Biz göwreli bolduk!" diýip, buýsanyp şatlykly habary yglan edýärler. Bu nämäni aňladyp biler? Bu jümlä "Biz ikimiz hem çaga düwünçeginiň emosional, fiziki taýdan ösmegine deň jogapkär" diýilýän manysynda düşünilmelidir. Atalar eneler bilen bilelikde göwrelilik döwrüni geçirmäge, dogruma taýýarlyk görüp başlaýarar. Eýsem, beýle taýýarlyk nämäni aňladýar, haýsy çäreleri öz içine alýar?

 
( 15 Ses Berme )

Bu ýagdaýa göwreliligiň başynda hökmany döremeli alamat ýaly seredilýär. Köp zenanlar dörän irki toksikozyň alamatlarynyň geçerine garaşsa, başgalar bu alamatlaryň başlananyna garaşyp, göwrelilik barada arzuw edýärler. Arzuwlar hasyl bolýar, muňa diňe ynanmak gerek, emma toksikoz göwreliligiň ýakymly alamaty bolup galanok.

Köplenç aýbaşynyň saklanmagy we göwreliligiň barlygy geljekki enä toksikozyň alamatlary bilen aýan bolýar.

Akuşerçilikde irki toksikoz diýip, göwreli aýalyň bedeniniň çaga düwünçeginiň ösmegine bildirýän duýgurlylyk ýagdaýyna aýdylýar.

 
( 23 Ses Berme )

Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda näsag-lukman aragatnaşygyny gowulandyrmak, ykjamlaşdyrmak maksady bilen yzygiderli täze usullar we mobil aragatnaşyk tehnologiýalar girizilýär we ulanylýar. Bu günki makalamyzda şeýle şowly tejribäniň biri bolan "sms ejä" (rus. SMSMame, eng. "Text4Baby") atly meýilnama siziň ünsüňizi çekmek isleýäris.

SMS EJÄ NÄME?

SMS ejhä-bu tölegsiz rus meýilnamasy bolup (esasynda tölegsiz, mugt mobil hyzmaty bardyr), onuň esasyna göwreli zenanlara we ýaş ejelere ýurduň çäginde, islendik welaýatynda, çaganyň ösüşi, saglygy, iýmiti, ene süýdi bilen emdirmeklik düzgünleri, şeýle hem ýaş ejeleri jemgyýetçilik taýdan goldamaklyk:göwrelileriň zähmet hukuklary, çaga pullary baradaky maglumatlara özwagtynda, doly we dogry habardar etmeklik wezipeleri goýlandyr.

 
( 21 Ses Berme )

Alymlaryň bellemegine görä, göwrelilik we çaga emdirilýän döwründe çaganyň saglygy diňe aýalyň iýmitine bagly bolman, eýsem onuň kabul edýän suwuklygynyň görnüşine we hiline hem bagly bolup durýandyr. Olaryň çaklamagyna görä, eger göwrelilik döwründe geljekki eneleriň hemmesi diňe arassa suwdan peýdalanýan bolsalar, onda çagalaryň arasynda keselçilik 7-40% aralygy peselmelidir. Göwrelilik döwründe aýalyň bedeninde alyş-çalyş hadysalary ýokarlanyp, olaryň geçişini suwsuz göz öňüne getirme kyndyr.

NÄÇE IÇMELI?

 
( 26 Ses Berme )

Göwrelilikde ýüze çykýan oňaýsyzlyklar dogrumdan soň ýitip gidýän bolsa-da, garnyň derisiniň üstki gatlagynyň ýyrtylmagy netijesinde döreýän aksowult zolajyklar ýitip gitmän, bu döwrüň şaýady höküminde yz galdyrýarlar.

Diňe garnyň ýüzünde däl-de, butlaryň, ýanbaşyň, göwüsleriň derisinde döreýän şol zolaklar aýallary az alada goýmaýarlar.

Deriniň ýyrtylmagy näme?

Lukmanlar bu deri zeperlenmeleri "strii" (grekçe – zolajyklar) diýip atlandyrýarlar. Biziň köpümiz oňa deriniň süýnmesi höküminde garasak hem, hakykatda olar deriniň ýyrtylmasy bolup durýarlar. Deriniň çeýeliginiň ýitmegi we ýukalmagy netijesinde, düwünçegiň ösmegi bilen deriniň üstki gatlagy ýyrtylmaga başlaýar. Elbetde deri ýene dikeldilýär. Ýöne ýyrtylmalaryň bitmeginden soň galýan tyglar, süýnmeler görnüşinde galyp bizi alada goýýarlar. Dikeldiş döwrüniň başynda birleşdiriji dokumanyň kiçi gan damarjyklaryna baýlygy sebäpli, deri zolaklary gülgüne ýa-da melewşe reňklere eýe bolýarlar. Wagtyň geçmegi bilen olar reňkini ýitirip, aksowult zolajyklar bolup galýarlar. Melanin pigmentini saklamaýandygy sebäpli günüň şöhlesiniň täsiri bilen hem olar garalmaýarlar.

Deride zolaklary näme üçin döreýär?

 
( 21 Ses Berme )

Siz  öz durmuşyňyzda howsalaly ýagdaýlary ýygy başdan geçirýärsiňizmi? Siz hemişe onuň döreýiş sebäbini anyklamagy başarýarsyňyzmy? Howsala düşme düýgusy biziň gurşawymyzda ýa-da bedenimizde bolup geçýän duýdansyz üýtgemelere jogap hökmünde kabul edilip,  bize gönükdirilen howplulyga jogap bermäge kömek edýändir. Ýöne aşa ýüze çykýan howsalalyk düýgusy,  tersine,  biziň kadaly ýaşaýyş düzgünimize ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Göwrelilik döwründe aýal bedeni düýpli üýtgemelere sezewar bolup,  bu ýagdaýyň özi gorkynyň,  howsalanyň ýüze çykmagyna itergi berip bilýändir. Bedende fiziologiki  üýtgemeleriň,  ýlaýtada endokrin we merkezi nerw ulgamynda döreýän üýtgemeler göwreli aýalyň fiziki taýdan gowşamagyna,  çalt ýadamagyna,  emosional taýdan durnuksyzlygyna getirip, howsalalyk düýgusyny has hem ýokarlandyryp biler.

 
( 29 Ses Berme )

Göwrelilik döwründe aýal gam çekme, garaşma, howsala düşme, begenme ýaly dürli emosional ýagdaýlara häli-şindi sezewar bolýar. Bu döwürde  tolgunma, begenme ýagdaýy ultrase barlagyny (USB) geçmek bilen hem baglanşyklydyr. Ýöne köp halatlarda bu barlag usuly öz howpluylygy ýa-da howpsuyzlygy babatda aýallary pikirlenmäge mejbur edýär. Dogrudan hem, USB geçmek dogmadyk çaga üçin howplumyka?

Soňky ýyllarda, USB-niň çaga düwünçeginiň hromosom toplumyny dargadyp biljekdigi baradaky pikirler alymlar tarapyndan orta atyldy. Ýöne bu pikir amaly lukmançylykda öz subutnamasyny tapman galdy. Eger bu hakykatdan hem şeýle bolýan bolsa, onda genetiki bozulmalar bilen dogulýan çagalar Ýer togalagynyň ýarysyny tutardy. Diňe Russiýada USB-ni göwrelilik döwründe 3 gezek geçirýän bolsalar, Germaniýada, şeýle hem başga birnäçe Ýewropa ýurtlarynda bu barlagy göwreliler her 2 hepdeden bir gezek geçýärler.