Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri
( 6 Ses Berme )

Biz Hindi Lukmanyň hyzmatlaryndan peýalanýan birnäçe türkmenistanly müşderilere gabat geldik. Mundan ugur alyp, biz Hindi Lukmanyň düýbüni tutujy, Deli şäherinde ýaşaýan Mr. Asim Afsar bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Saglyk: Bize öz işiňiz barada gysgaça aýdyp beräýseňiz. Hindi Lukman haçan ýola goýuldy?

Hindi Lukman: Biz 2,5 ýaşly Saglyk Hyzmatyny Ýeňilleşdiriji Kompaniýa. Biziň maksadymyz Hindistanda lukmançylyk bejergisini gözleýän türkmen raýatlaryny maglumat, ýol görkezijilik we doly goldaw bilen üpjün etmek. Häzire çenli biz 100-den gowrak türkmen maşgalalaryna ýokary hilli bejergi almaga kömek etdik. Olaryň arasynda bagyr we böwrek transplantasiýasy ýaly agyr operasiýalarda bar. Hindi Lukman hassanyň terbiýeçisi, guramaçysy, araçysy we goldawçysy bolup hyzmat edýär. Biz türkmençeden we rusçadan iňlisçä terjime etmek ýaly dil hyzmatlaryny hem öz içine alýan hemmetaraplaýyn guramaçylyk kömegini üpjün edýäris. Biziň işimiz barada jikme-jik maglumatlary websaýtymyzdan tapyp bilersiňiz.

 
( 18 Ses Berme )

Meniň feministe öwrülmegime türkmen erkek oglanlary sebäp boldular. Olaryň şübhe bilen meni "feminist" diýip atlandyryp başlamaklary maňa "feminizm" düşünjesini düýpli öwrenmäne itergi berdi. Näme üçin erkek oglanlarymyza "feminizm" düşünjesi şeýle agyryly täsir edýärkä? Olar nämeden gorkýarlar? Söwet döwründen miras bolan, aýal-gyzlara berlen deňhukuklary her gün durmuşa geçirip bilmekligim, olaryň wagtyň geçmegi bilen ownamazlygy we dürli çäklendirmelere sezewar bolmazlygy maňa örän wajyp bolup durýar. Hawa, "deňhukuklylygy" çörege çalyp iýip bolmaýar. Şu ýerde hem "Deň hukuklar nämäni aňladýar?" diýen sorag ýüze çykýar. Türkmen erkek-oglanlarynyň feminizm bilen baglanşykly esasy aladalanmalary öýlenmek, maşgala gurmak bilen bagly bolup durýar: öý hojalygynda kim öý işlerini etmeli? Kim öýde oturyp çagalara seretmeli? "Bu meselelerde aýallaryň saýlamaga erkinligi bolmaly" diýlende, erkekler gahar-gazaba münýärler.

 
( 13 Ses Berme )

8-njy Mart günüdi. Ejeme näme sowgat aljagym barada oýlanyp otyrdym. Men özümi bilip başlan günümden şu wagta çenli, ýagny kämillik ýaşyna ýetýänçäm, ejemiň öz maşgalasy üçin eden we edýän işleri göz öňüme geldi. Eger kakam ejemiň edýän işlerini, ol işleri özlerine kär edinen adamlary çagyryp etdirjek bolsa ep-esli çykdaýjy çykarardy. Ejemiň we ejem ýaly aýal-gyzlaryň öýde edýän işleri we olaryň ykdysadyýetdäki orny barada şu makalamda söz açmagy makul bildim.

 
( 13 Ses Berme )

Her bir adamyň gaçakçylyk hadysasynyň üstüni açmaga potensiýaly bardyr. Gaçakçylygyň pidalarynyň käwagt ýapyk gapylaryň aňyrsynda saklanýan bolmagy mümkin, emma olar köplenç biziň gözümiziň öňünde gizlenilýar. Meselem, gurluşyk meýdançalarynda, restoranlarda, dyrnak salonlarynda, ekerançylyk ýerlerinde, we otellerde. Gaçakçylyk etdirýänleriň haýbatlary (deport etdirmek, pida we onuň maşgalasyna zyýan bermek) şeýlebir güýçli welin, sen pidany anyklaýaňda-da onuň kömegiňi kabul etmekden gorkmagy ahmal. Adam gaçakçylygynyň alamatlaryny aňmak we pida dogry soraglar bilen ýüzlenmek saňa nädogry ýagdaýy kesgitlemäge we ony degişli ýerlere habar bermäge kömek eder.

 
( 13 Ses Berme )

30-nji iýul – bu gün adam gaçakçylygyna garşy bütindünýä güni. Bu güne bagyşlap adam gaçakçylygy baradaky toslamalara we hakyky meselelere ünsüňizi çekmegi makul bildik.

Toslama 1: Adam gaçakçylygy ten söwdasy bilen manydaşdyr.

Adam gaçakçylygy – ýüzbe-ýüz gaçakçylyk ýa-da häzirkizaman gulçulygy diýip hem tanalýar – bu ABŞ-nyň döwlet departmentiniň suratlandyrmagyna görä "adamy zähmete ýa-da ten söwdasyna mejbury ýa-da bidüzgünçilikli ýagdaýda gönükdirmek, höweslendirmek, ýa kabul etmek hereketidir".

 
( 20 Ses Berme )

Durmuşa çykanymdan soň, ýarym ýyl geçip geçmänkä, meň täze guran maşgalamda agzalalyk başlandy. Ýanýoldaşym bilen günaşa pikirim deň gelmän, baldyzym bilen günde sögşüp başladyk. Iýen çöregim damagymdan geçmedi. Şu oňşuksyzlyklar zerarly hem ýoldaşym bir-iki gezek maňa elini galdyrdy. Men hemaýat isläp, dadymy ejemlere aýtdym. Kakamy 10 ýaşymda ýitiripdik we meni, iki erkek, iki gyz doganlarymy ejem ulaldypdy. Arzymy aýdamda ejem maňa: "Gyzym, indi näme edeýin? Häzir gaýyn tarapyň bilen gygyryşsak, onda seniň durmuşyň hasam pozular hem il-gün näme diýer? Şonuň üçin ýoldaşyň we gaýynlaryň ugruny tapda oňuşjak bol!" – diýip jogap berdi. Erkek doganlarym bolsa: "Günä sendedir! Özüň bir zat diýip olaň tersine gaýdýansyň" – diýip, meni yzyma eltip gaýtdylar. Şu sözlerden soň men günäni özümden görüp, gaýyn tarapymyň we ýoldaşymyň ugruny tapyp asuda yaşap başladym. Şol günlerde hem özümiň hamyla bolanymy bildim. Ýöne meň asuda durmuşym uzaga çekmedi. Bir gün baldyzym bilen sözüm alyşman ýene öýde goh turdy we ýoldaşym maňa elini galdyrdy. Men urga çydaman huşumy ýitiripdirin. Haçanda huşuma gelemde bolsa, göwrämdäki perzendimi ýitirendigimi bilip galdym.

 
( 25 Ses Berme )

Okuwa giriş möwsümi golaýlaşýar. Sosial ulgamlarda Ýokary Okuw Jaýlaryna (ÝOJ) girmek prosesiniň aýdyň we anyk däl bolup galýandygy barada gürrüňler edilýär. Ýöne bu gezek men ýurdumyzdaky ÝOJ-a girmegiň aýratynlyklary barada däl-de, ilkinji basgançak barada gurrüň açmakçy – birinji klasa girmek tejribesi barada. Meň birnäçe garyndaşlarym, jigilerim şu wagt 1-nji klasa taýýarlanýarlar. Men şu proses bilen gyzyklanyp, jigilerimiň, goňşy çagalaryň ene-atalary bilen gürrüňdeş boldum. Gynansakda gazet-žurnallarymyzda, beýleki mediýalarda şu mesele boýunça maglumatlaryň bolmazlygy sebäpli men iki soragyma-da häkimiýetleriň resmi jogabyny tapyp bilmedim.

 
( 15 Ses Berme )

Galyň – gelniň maşgalasyna we/ýa-da ýakyn garyndaşlaryna geçirilýän tölegdir. Gadym zamanlarda galyň gelniň maşgalasyna tölenýän kompensasiýa – süýt haky hökmünde görlüpdir. Ýagny, gyz ene-atasynyň öýünden çykyp ýan ýoldaşynyň öýüne göçende gyzyň maşgalasy iş güýjüni we ýany bilen alyp gidýän maddy gymmatlyklaryny ýitirýar diýip hasap edilipdir.

Türkmen däp-dessurlaryna laýyklykda, galyň – ýaş çatynjalaryň nika gyýyp, maşgala gurmagy üçin möhüm talaplaryň biridir. Galyňyň möçberi gyzyň ene-atasy, garyndaşlary tarapyndan kesgitlenilýär. Taryha göz salsak, Sowet döwründe, türkmen däp-dessurlary "пережитки прошлого", ýagny "geçmişiň galyndylary" hasaplanylyp, şol wagtyň ideologiýasyna gabat gelmeýänligi sebäpli olar gadagan edilipdir. Garaşsyzlygy almagymyz bilen türkmen däp-dessurlary täzeden dikeldildi. Emma bu däp-dessurlaryň talaplary, has takygy, galyňyň bahasy halkymyzyň ýaşaýyş şertlerine gabat gelýärmi? Galyňyň belli bir bahasy barmy ýa-da ol simwoliki şekile girse, ýagny kiçijek sowgatlar bilen çäklense hem bolýarmy? Ata-babalarymyz galyňy näme üçin salypdyrlar we galyň töläp bilmedik ýigitler nädip maşgala gurmagy başarypdyrlar? Men şu soraglara jogap tapmana ymtylaryn.

 
( 18 Ses Berme )

Men adaty türkmen maşgalasynda önüp-ösdüm. Ejem bilen kakamyň özleri ýokary bilimli bolansoňlar meni hem "Gowy okasaň we zähmetsöýer bolsaň hor bolmarsyň. Il içinde abraýyň uly bolar" diýip ulaltdylar. Men muňa pugta ynandym. Okuwy, uniwersiteti iň zehinlileň, iň ezberleň hatarynda bolup gutardym. Emma, iş durmuşyna aýak basyp, täze adamlar bilen täze gatnaşyklar gurup başlamda şowlulygyň açarynyň diňe zehinlilik bilen zähmetsöýerlik däldigine göz ýetirdim. Bu ýagdaý köpümize nätanyş bolmasa gerek. Türkmenistanda ene-atalar we mugallymlar çagalaryň zehin taýdan başarjaňlygyna üns berip, adamlar bilen sagdyn gatnaşyk etmekde gerek bolan esasy elementi – Emosional Zehinliligi – öwretmegi ýatdan çykarýarlar.

 
( 23 Ses Berme )

Tehnologiýa durmuşymyzda ornuny giňeltdikçe barlagçylardandyr habarçylardan çagalaň we ululaň sosial mediýa bilen gatnaşygy barada her hili maglumat eşidýäris. Ýöne ýetginjekler barada känbir eşitmeýäris. Eýsem olar sosial mediýany nähili ulanýarlarka? Sosial mediýa olaň durmuşyna nähili täsir edýärkä? Munda ene-atalaň orny nähili bolmaly? Geliň şu soraglaň jogabyny tapmaga çalyşalyň.

Dünýäniň köp ýurdunda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem akylly telefon ulanýan ýetginjekleriň sany barha artýar. Ýetginjekler çagadan tapawutly bolsalaram heniz aň we tejribe taýdan kämilleşmedik bolýar. Olaň bu döwri sagdyn geçirmegi üçin ululaň, esasanam ene-atalaň gözegçiligi wajypdyr. Akylly telefon ulanmak hem ullakan jogapkärçilik we töwekgelçilik talap edýär. Ene-atalar mundan habardar bolup, ýetginjekleriniň sosial mediýa ulanyşyna göz-gulak bolmalydyrlar.