Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy “AÝBYNY ÝAŞYRAN AÝŇALMAZ!” – BIR DÖWÜM STATISTIKA SAGLYGYMYZY WE ABRAÝYMYZY BERKIDERDI
( 8 Ses Berme )

Meni Türkmenistana degişli bolan ýönekey statistiki maglumatlaryň, sanlaryň döwlete, ministriliklere degişli saýtlarda elýeterli bolmazylygy gaty utandyrýar, aladalandyrýar we gynandyrýar. Sanlar ýönekeý statistika maglumatyndan başlap (ilat sany), ilatyň saglygyna degişli statistiki sanlary öz içine alýar (meselem çaga, ene ölümi, AIW (WIÇ) ýokançly näsaglar, rak keselliler).

Ata-babalarymyzyň "aýbyny ýaşyran aýňalmaz" diýen pähimi bar. Şu pähime eýerip başlamagymyz zerur. Şu döwürde sanlaryň aýan edilmezligi ýurduň ösüşini bökdäp, jemgyýetdäki ösüş baradaky düşünjeleriň kütelmegine getirýär. Biziň statistika maglumatlaryna, sanlara goýýan hormatymyz, medeniýetimiz örän pes. Hatda daşary ýurtda okap ýören türkmenistanly ýaşlaryň hem aglaba böleginiň "statistika näme gerek?" diýip, sosial ulgamlarda teswir galdyrýanlary az däl. Bilimli, okuwly ýaşlar we spesialister jemgyýetimiz baradaky gürrüňdeşliklerde sanlardan ugur almaýarlar.

Islendik meseläniň netijeli çözülmegi üçin statistiki maglumatlar zerur bolup durýar. Sanap, ölçäp bilmeýän zadyňy nädip düzedip bolar? Bilermenler, lukmanlar saglyga degişli statistikany keselleriň haýsy toparda ýaýraýandygyny öwrenmek üçin seljerýärler. Anyk sanlar töwekgellik toparlary, faktorlary kesgitlemek, öwrenmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we olary üns merkezinde saklamak üçin ulanylýar.

Halkara guramalaryň sanlary

Az hem bolsa birnäçe saglyk pudagyna degişli sanlary WHO (BSSG) Türkmenistan sahypasynda we UNDP: Human Development Report sahypalarynda tapyp bolýar. Meselem, ene we çaga ölümine degişli statistika: her 100 000 eneden dogrumda 42 ene ýogalýar, bäş ýaşdan kiçi her 1000 çagadan 52 ýogalýar, 15-60 ýaş aralygyndaky her 1000 zenandan/153, erkekden/297 ýogalýar(UNPD, 2016). Gynansakda, sebitimizde ene we çaga ölümi sanlara görä ýokary bolmagyna galýar.

UNAIDS guramasynyň bolsa Türkmenistana degişli sahypasy boş ýatyr. Bu gaty gynandyryjy ýagdaý. Dünýädäki döwletleriň aglaba böleginiň AIW (WIÇ) infeksiýaly näsaglar barada maglumat berip, näsaglara ömrüni uzaldýan bejerişi elýeterli etmekde tagalla edýän wagtlary biz ýurdumyzda näçe sany näsagyň bardygyny hem bilmeýäris. Şeýle ýagdaý näçe adamyň ölümine sebäp bolýandyr? Bu mesele barada WHO-nyň bir sahypalyk, könelişen belligini okap bolýar.

Diabet we rak keselleri sebäpli ýogalýan näsaglaryň sanlary barada hasabat berilýär. Ýokanç däl keselleriň arasynda diabet keselinden näsaglaryň 2%, rak keselinden 9% ýogalýar. Ýogalýanlaryň 52%-i ýürek-damar kesellerinden ýogalýarlar. (WHO, NCD profiles, 2014).

Ýol heläkçiliginden ýogalanlaryň sany 821 (WHO, 2013) bolup, olaryň 67% erkek adamlar, 21% bolsa aýallar bolup durýar.

Hawa, şu sanlara ýetmek üçin ulanylan metodologiýa okyjylarda, ilatda şübhe döredip biler. Ýöne nämede bolsa şu sanlar häkimiýetleriň gatnaşmagynda jemplenip, halkara guramanyň sahypasynda elýeterli edilen.

Ýurdumyzyň delje sanlary

Gynansakda, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň saýty geçen asyrda döredilip taşlanana meňzeýär. Meselem, ýonekeý san – Türkmenistanyň ilat sany görkezilenok. 2012-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Emma bu ýazuwyň netijeleri henizem näbelliligine galýar.

Saýt diňe rus we türkmen dillerinde maglumat çap edýär. Saýtda sanlaryň deregine uzyn-uzyn tekstler goýlan we maglumatlar kynlyk bilen tapylýar. Hatda, söwda we senagat sahypalarynda iňlis dilinde maglumat berlenok.

Işler döwrüň talaplaryna görä gurnalsa, sanlar ýagdaýlary gowulaşdyrmak üçin ulanylardy. Iň bärkisi halkara guramalaryň berýän maglumatlary, sanlary tassyklanylsa ýa-da inkär edilse spesialistler bilen döwrebap dialog, iş gurnap bolardy.

Edaranyň saýtynda hiç bir san görkezmezden diňe statistiki işleriň sanawy berilýär. Saglygy goraýyş statistikasynyň sanawynda şu kategoriýalaryň bellenilmegi ilatyň saglygyna degişli sanlaryň bardygyna çaklama döredýär: howpy täze döremeli näsaglar statistikasy, jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseli, deri keselli näsaglaryň düzümi, ganyň adamyň immunoýetmezçiliginiň wirusyna (WIÇ) geçirilen barlaglarynyň netijeleri.

 

Gazagstanyň statistika boýunça komitetiniň saýty maglumatlary günde täzeläp üç dilde, mobil telefonalar üçin we gowy görmeýän okyjylar üçin sahypaly saýty alyp barýar.

Kimi nämede goramaly?

Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministirligi saýt açmazdan ozal goňşy ýurtlaryň döwlet saýtlaryny öwrense peýdaly boljak ýaly görünýär. Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministirliginiň saýtynyň maglumatlary diňe rus dilinde berilýär. Ol ýerde ilatyň saglygyna degişli hiç hili sanlar görkezilmeýär.

Peýdaly we netijeli tejribeleri Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Saglygy Goraýyş ministirliklerinden öwrenip bolardy.

Ýönekeý sanlaryň elýeter bolmazlygy biziň halkara arenasyndaky imejimizi, abraýymyzy peseldýär. Iň esasy zat bolsa, biz jemgyýet bolup meseleler barada çynlakaý gürrüň açyp bilemizok. Şeýle ýagdaý näçe adamyň ömür tanapyny gysgaldýar? Sanlaryň elýeterli bolmazlygy, statistika barada medeniýetiň we düşünjeleriň pes bolmagy daşary ýurtda bilim alýan studentleriň ählisini diýen ýaly başga ýurtlaryň meselelerini, jemgyýetini öwremäge iterýär. Gazak, özbek, gyrgyz ýaşlarynyň aglaba bölegi öz jemgyýetiniň meselelerini öwrenýärler. Bizede şeýle bagt nesip etse minnetdar bolardyk!

Awtor: Maral Nazarowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 perwaz 2017-10-27 12:08
Awtor jemgiyet uchin oran mohim meselani gozgapdyr,oz yurdumyz barada sheyle statistiki maglumatlar bolsa onyn okyjysynyn kop boljagy iki uchsyzdyr.Minnetdar!
Sitata
 
 
#2 Betinden Gytyndan 2017-10-20 20:40
Hudaya shukur screenshot goshup bashladynyz! oran onat! gerekdi faktlat shunyali.
Sitata
 
 
#1 Teswirçi 2017-10-20 04:38
Dogry belläpsiňiz weli, weli-da...

Ministrlikler we häkimlikler tarapyndan taýýarlanýan statistiki maglumatlaryň hut Prezidentiň özüne tabşyrylan hasabatlarda hem galplaşdyrylýandygyny göz öňüne tutsak, bu meseläni çözmek umydy umytsyzlygy döredýär.

Tm-da iş, okuw ýerleriniň talaplary boýunça geçirilýän saglyk gözegçilikleriniň uçdantutma galplaşdyrylýandygy gizlin ýagdaý däl. Barlagdan özüň geçmekçi bolaýanyňda hem para peşgeş almak üçin burnuňdan getirilýär. Lukmançylyk ýokary bilimi bolan şeýle spesalistler bilen sagdyn statistika taýýarlamak nä derejede mümkin bolarka saglyk ulgamynda ? Bu babatda dolandyryjy edaralar çäresize meňzeýär.

Temanyň maksady, aýbyny ýaşyran aýňalmaz. Türkmenistanyň saglyk pudagynyň hojalyk hasaplaşygyna geçmegi garaşylýan netijeliligi bermezligine, bermejekdigine garamazdan, saglyk maksatnamasynyň bu ugurda dowam etmegi üçin has radikal ädimleriň atylmalydygy nygtalýan soňky günlerden soň, tema "Ýagşy niýet, ýarym döwlet" diýip geçäýmekden başga çäre ýok.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele