Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy JYNSY GATNAŞYKLARY "AJADÝAN" ÝENE BIR SEBÄP
( 67 Ses Berme )

Uzak wagtyň dowamynda urolog-seksolog lukmanlary jynsy işjeňligi bozulan erkek adamlaryň ýagdaýyny "impotensiýa" (jynsy gowşaklyk) düşünjesi bilen atlandyrdylar. Ýöne bu söz erkek adamyň jynsy gatnaşyklarynda duş gelýän hemme kynçylyklaryny öz içine alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda "erektiw disfunksiýa" düşünjesi giňden ulanylyp, ol jynsy gatnaşyklary düzüji faktorlaryň islendiginiň bozulmalaryny aňladyp bilýändir.

Kliniki barlaglaryň şaýatlyk edişi ýaly, erektiw disfunksiýa jynsy höwesiniň üýtgemegi, ereksiýanyň (ujydyň gönelip bilme ýagdaýy), eýakulýasiýanyň (dölüň dökülmegi) we orgazmyň (dölüň dökülmegi bilen ýüze çykýan duýgy) dürli görnüşdäki bozulmalary ýa-da utgaşykda gelýän bozulmalary görnüşde ýüze çykyp biler.

Geliň, eýakulýasiýanyň bozulmalarynyň üstünde durup geçeliň. Beýleki seksual bozulmalar bilen deňeşdirlende, eýakulýasiýanyň bozulmalary hemme kynçylyklaryň 40%-ni düzýändir.

Süýdemdiriji haýwanlardan tapawutlylykda, adamda eýakulýasiýa hemişe nesli dowam etmäge ymtylmany aňlatmaýan hem bolsa, olarda seksual gatnaşyklaryň möhüm bir bölegi bolup durýandyr. Onuň bozulmalary şahsy kynçylyklara we maşgala gatnaşyklarynyň dartgynlylygyna getirip biler.

Eýakulýasiýa – gyjyndyrylan ujydyň döli zyňma häsiýeti bolup, ol erkek adamda kadaly jynsy gatnaşyklaryň tamamlanmagyny aňladýar.

Eýakulýasiýanyň bozulmalary dürli görnüşde ýüze çykyp biler:

  1. Wagtyndan öň ýüze çykan eýakulýasiýa:
  • Wagtyndan juda ir öň ýüze çykan eýakulýasiýa (ereksiýasyz, jynsy ýanaşyga taýynlyk döwründe dölüň dökülmegi);
  • Wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýa  (dölüň dökülmegi jynshana girme pursadynda ya-da birinji hereketlerden (friksiyalardan) soň bolup geçýär);
  • Juda ir bolýan eýakulýasiýa (dölüň dökülmegi jynshana ýanaşmazdan öň bolup geçýär).
  1. Eýakulýasiýanyň saklanmagy (örän uzaga çekýän jynsy ýanaşmalardan soň dölüň dökülmegi);
  2. Spermatoreýa (seksual duýgulara we jynsy ýanaşma bagly bolmazdan dölüň özbaşdak akmagy);
  3.  Agyryly eýakulýasiýa;
  4. Orgazmsyz ýüze çykýan eýakulýasiýa;
  5. Eýakulator refleksi ýa-da retrograd eýakulýasiýa (bu ýagdaýda eýakulýasiýa we orgazm bolup geçýändir. Ýöne döl daşyna däl-de, yzyna, peşew halta zyňylýandyr).

Wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýanyň sebäpleri dürli-dürli bolup, her ýagdaýda ol aýry bejeriş usullary talap edýändir:

  • Aşa seksual dartgynlylyga getirýän jynsy gatnaşyklaryň ýygylygynyň azalmagy. Bu ýagdaý ýaş erkek adamlaryň birinji jynsy gatnaşyklarynda, aýalyň uzak wagt ýanynda bolmazlygynda ýa-da keselçilik ýüze çykanda döräp biler;
  • Aýal maşgala bilen şahsy gatnaşyklaryň kynçylyklary bolanda ýa-da ony kanagatlandyrma babatda biynjalyk ýüze çykan mahalynda;
  • Jynsy gatnaşyklar oňaýsyz, göwnejaý ýerde geçirilmese ýa-da jynsy ýanaşmany çalt gutarmagy  isleýän, jynsy taýdan sowuk aýal bilen uzak wagt gatnaşyk edilen ýagdaýynda;
  • Ujydyň kellejigindäki uýanjygyň gysga bolup, jynsy gatnaşyklarda onuň aşa dartylmagy ýa-da erkeklik jyns mäziniň dowamly sowuklama (prostatit) ýagdaýlarynyň bolmagy. Iki ýagdaýda hem urolog lukmanyň bejergisini geçirmek möhümdir.
  • Stress, nerw dartgynlylygy;
  • Döl dökülme merkezlerine täsir edýän özbaşdak impulslaryň beýnide döremegi.

Orgazmy duýmazdan dölüň dökülmegi bolsa, köplenç erkeklik jyns agzalarynda geçirilen sowuklama ýagdaýlaryndan soň ýüze çykyp, sebäp bolan keseli bejermegi talap edýändir. Bu bozulmada adamynyň ýaşyny we onda bar bolan gan-damar ulgamy bilen baglanşykly keselleri göz öňüne tutmalydyr.

Häzirki zaman lukmançylygynda wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýany bejermegiň dürli usullary ulanylýar:

I usul – Bilden aşakda ýerleşýän Mihaelisiň rombuny (arka we guýruk myşsalary bilen çäklendirilen türre bölümindäki çükurjyk) Wasilçenkonyň usuly bilen işlemek. Onuň üçin akja gabyjaklar emele gelýänçä, bil-türre rombuny hloretil bilen işleýärler. Soňundan ol ýeri gyzarma ýüze çykýança, el bilen gyzdyrýarlar. Bejergini hepdede 2-3 gezek geçirmek bolýar. Jemi 5-den 14 bejergi tapgyry maslahat berilýär.

II usul – tohum tümmejigi kümüş ergini ýa-da hlorgeksidin biglukonat bilen ýakmakdan ybaratdyr.

III usul – "hekrogormon"  usuly diýip atlandyrylyp,  bil-türre rombuna ýörite "ýakýan", prozerin, kalsiý hloridi ýaly serişdeler deriasty goýberilýändir. Derman goýberilen ýerde, dokumalaryň ýagdaýy üýtgäp, biologiki işjeň maddalar işläp çykyp ugraýarlar. Olar merkezi nerw ulgamyna täsir edip, eýakulýasiýanyň ir bolmagynyň togtadylmagyna getirýändir.

lV usul – iňňe bilen bejergi – ereksiýanyň merkezi nerw ulgamyndaky merkezleriniň togtadylmagyna, onuň hiliniň we dowamlylygynyň gowlanmagyna ýardam berýändir.

Dölüň dökülmeginiň saklanmagy seýrek duş gelýän seksual bozulmalar bolup, onuň hem sebäpleri dürli-dürli bolup biler:

  • Kiçi çanaklyk agzalaryna hirurgiki bejerginiň geçirilmegi;
  • Käbir newrologiki keseller we oňurga ýiliginiň bil we türre bölüminiň şikeslenmeleri;
  • Psihiki sebäpler (howsalalyk, özüňi günäli saýma duýgusy);
  • Gan basyşy peseldýän, merkezi nerw ulgamy rahatlandyryjy serişdeleri kabul etmek;
  • Jynsy gatnaşyklaryň başga görnüşlerini ündeýän adamlarda hem adaty jynsy ýanaşma duýgularyň peselmegine getirip biler. Şonuň ýaly ýagdaý masturbasiýa bilen meşgullanýan  adamlara hem degişlidir.

Gyjyndyrmalaryň ýeterlik bolmazlygy hem dölüň dökülmeginiň saklanmagyna getirip biler. Meselem, uly ýaşly adamlaryň (50 ýaşdan soň) köpüsini kanagatlandyrmak üçin uzak we güýçlüräk gyjyndyrmalar gerek bolýandyr.

Eýakulýasiýa wagty agyrylaryň duýulmagy jyns agzalarynyň sowuklama kesellerinde (erkeklik jyns mäziniň, tohum haltajygynyň, peşew çykaryş kanalynyň sowuklamagynda) duş gelip biler.

Eýakulator reflýuks ýagdaýy hem (dölüň yzyna, peşew halta zyňylmagy) jyns agzalarynyň kesellerinde, köplenç erkeklik jyns mäzinde geçirilen operatiw bejergiden soň ýüze çykyp biler.

Bu bozulma süýji keselli näsaglarda, omnik, kardura a-adrenoreseptorlary togtadyjy derman serişdelerini kabul etmeden soň hem döräp bilýändir.

Ondan başga-da, eýakulýasiýanyň düýbünden bolmazlygy ýagdaýy hem duş gelip biler. Onuň ýaly ýagdaý köplenç erkeklik jyhs mäziniň kesellerinde ýa-da erkeklik klimaksy döwründe ýüze çykyp biler.

Eýakulýasiýanyň  jynsy gatnaşygy wagtynda bolmazlygy ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy hem mümkindir. Bu geçirilýän gyjyndyrmalaryň  ýeterlik däldigi bilen düşündirilýändir. Erkek bu ýagdaýda öz aýalyny jynsy kanagatlandyryp biler, özi bolsa eýakulýasiýany masturbirlemek netijesinde gazanyp biler.

Eýakulýasiýanyň bozulmalary oňa getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga gönükdirilen bolup, zerur bolan ýagdaýynda başga hünärmen lukmanlaryň hem maslahatyny almalydyr.

Eýakulator bozulmalaryň ýaramaz endiklere baglylygy geçirilen barlaglar netijesinde subut edildi.

Dürli barlaglaryň maglumatyna görä, eýakulýasiýanyň bozulmagy arak içmäge ýykgyn edýänleriň 71%-de, neşekeşleriň 85%-de we gözegçilik toparyndaky erkek adamlaryň diňe 16%-de duş geldi.

Erektil bozulmalarynyň islendik görnüşi ýüze çykanda hem urolog, seksolog lukmanlaryna ýüz tutmak ýerliklidir. Sebäbi anyklanylyp, wagtynda bejergi geçirmek, Sizi ýene özüňize ynamly, söýülýän, sagdyn duýmaklygyňyza kömek eder.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#34 Sikishek 2017-02-13 22:56
ijjjj barde dine eyekulyatsa barada yazlypdyra, menem jynsy gatnashyk keypini hasam guyclendiryan zatlar hakdadyr oydup ylgap girdim bu tema asyl eyekulyatsa diyip olipdir
Sitata
 
 
#33 Ezka 2016-11-05 14:09
Hormatly lukman menin sul jogap berayin yetginjeklerin kopusi masturbasya bilen mesgullanyar onun zyyany barmyka yogny boyun osusine meni sul sorag gyzyklandyrya jogap berayin hormatly Lukman!!!!
Sitata
 
 
#32 Howesli 2016-06-10 18:14
salam lukman jynsy gatnashyk dowamlylygyny artdyrmak ucin nahili careler gormeli maslahat berayinda!
Sitata
 
 
#31 Okyjy... 2016-05-05 15:24
Salam hormatly lukman!!! 1nji 3nji we 4nji bejerish usullaryny nirede gechirip bolarka? Mende eyakulyasiya wagtyndan ir bolup gechya
Sitata
 
 
#30 atas 2016-03-27 21:14
SALAM LUKMAN SIZDEN HAYYS Soragyma jogap berayin mende erkeklik mazimde gusli sowuklama bar 4 gezek urolok lukmanyna barlanyp lecenya aldym hic hilli tasir edenyok men indi name etsemka gatnasyk edemde azyndan 20 minut dowam edye gatnasygyn arasam 30 minuda cekya hemde ikinji sapar 10 15 minutdanson spema gelmezden yatyp galya mana maslahat berin hayys indi kime barlanmaly men
Sitata
 
 
#29 hemra 2016-03-08 21:10
Salam lukman menin on jynsy gatnasyga bolan hovesim gaty guclidi ol birdenka peseldi ujydym gatamaya vagtynda nahilek derman ulansam bolar ya asgabatda haysy hassahana barsam bolar maslahat berayin hayyş
Sitata
 
 
#28 Ashyr 2015-12-07 23:03
Salam lukman,jyns organynyy ulaltmak ucin nname etmeli. We bir azajyk acyk dilde yazayyn kyn gormeseniz...
Sitata
 
 
#27 Myrat 2015-10-26 04:11
Salam lukman men el yuwamda suw dokulse bugsugasym gelyar jynsy gatnasykda hem zyyany yetyar
Sitata
 
 
#26 Kakajan 2015-10-15 14:24
Salam lukman, masturbasiya umuman alanynda zyyanlymy? ýüzüňdäki dürtüklerin köpelmegini getirip bilermi?
Sitata
 
 
#25 Betje 2015-09-27 01:20
Quoting Merdan91:
Salam lukman. Gatnashyk edilmesede gyzyn oz ozi islese gowrelilik ahtimallygy bolup bilermi?


Jynsy gatnashyk bolmadyk yerde gowrelilik YOK!!!! Telepatiya, gyzy ellap gowreli edip bolanok. Mugallymlar name owredyarler mekdeplerimizde?
Sitata
 
 
#24 Merdan91 2015-09-26 23:20
Salam lukman. Gatnashyk edilmesede gyzyn oz ozi islese gowrelilik ahtimallygy bolup bilermi?
Sitata
 
 
#23 Ahmet 2015-08-29 18:15
Hormatly lykman men gelnim bile bolan halatymda meniñ ujidym jalt dol dokýar aýalym kanahatlanmayar jalt dokilmegine derman yokmi maslagat berseniz hoşal bolardym
Sitata
 
 
#22 Lukman 2015-04-02 00:31
Yhlas!
Siz özüňizi gyzyklandyrýan soraglara doly jogaby, saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk" atly makaladan tapyp bilersiňiz.
Sitata
 
 
#21 yhlas 2015-03-31 06:30
salam lukman.impotensiýa keselinin onuni nadip almaly we ol nali yagdayda adamda dorap biler.
Sitata
 
 
#20 Merdan 2015-02-03 13:14
Salam lukman jyns gatnashyk dowrunde eger sperma tiz gelse name etmeli
Sitata
 
 
#19 Berdi 2015-01-10 06:50
Köp köp sagboluñ minnetdar !!!
Sitata
 
 
#18 Lukman 2015-01-10 00:38
Berdi!

Aýallaryň seksual islegi aýbaşy halkasynyň belli günlerinde, jyns agzalaryň alawlama keselleriniň ýiti tapgyrynda, göwrelilik döwründe üýtgäp biler.Olar bilen bagly bolmadyk ýagdaýlarda aýalda seksual hyjuwy oýandyrma ýörite gözlegleri,aýratyn duýgulary talap edip, her aýal bedeniniň öz "açarynyň" bardygyny bellemelidir.Bu mesele babatda doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Men seni duýýaryn", "Erkek bilen aýalyň seksuallygynyň arasynda tapawut barmy?" atly makalalary okamagyňyzy maslahat berýärin.
Sitata
 
 
#17 Berdi 2015-01-09 06:25
Salam hormatly lukmanlar !!! Ilki bilen siziñ añsat bolmadyk ishinizde uly ustinlikler arzuw edyarin we soragma jogap bbermeginizi haysht edyarin !!! Tebigy taydan jynsy gatnashyk bilen wagty bilen kanagatlanmayan ayal mashgalalary nahili kanagatlandyrmak mumkin ? (Edebi dilde dogry dushunersiniz diyip umyt edyarin).
Sitata
 
 
#16 Merdan 2014-09-22 01:12
Salam lukman.tebigi gyzlyk yok bolup bilermi?
Sitata
 
 
#15 berdi 2014-09-07 01:04
Salam lukman
Sitata
 
 
#14 derman 2014-07-25 08:58
Jyns gatnasyk dowrunde sperma tiz gelse name etmeli
Sitata
 
 
#13 derman 2014-07-25 08:57
Fhhxhj
Sitata
 
 
#12 derman 2014-07-25 08:56
Eger dol 1minutdan son tiz gelse name etmeli
Sitata
 
 
#11 Lukman 2014-03-26 00:00
Sähra!
Jynshananyň agzynyň masturbasiýa netijesinde, ägä bolmazdan gödek hereketlet bilen gyjyndyrylmagy gyzlyk perdesiniň şikeslenmegine getirip biler. Bolup biljek şikeslenme hereketleriň güýjüne we gyzlyk perdäniň çeýeligine baglydyr.Bu ýerde daşky jyns agzalaryň anatomiýasyndan habarly bolmak peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#10 sahra 2014-03-25 13:30
Salam! Menin biljek yagny mana gyzykly zadyn godek bolmagy mumkin. Meni hachandan bari gyzyklandyryan zat, egerde oz ozime keyp yagny mastrubasiya eden halatymda jynsyma zyyan yetirip bilerinmi yagny oz gyzlygymy alyp bilerinmi ya_da gineldip oz arime gelejekde zyyany bolarmy -egerde barmagymyn komegi bilen edemde???
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele