Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy ERKEKLIK JYNS MÄZINIŇ ADENOMASY: SEBÄPLERI WE KLINIKI ALAMATLARY
( 17 Ses Berme )

Erkeklik jyns mäziiň giperplaziýasy (dokumanyň aşa ösmegi) ýa-da erkeklik jyns mäziniň adenomasy – mäziň peşew çykaryş kanalyny gurşap alýan böleginiň dokumasynyň aşa galyňlaşmagy bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Onuň netijesinde bolsa peşew çykaryş ýollarynyň dykylmagy ýüze çykyp, peşew bölünip çykma ýagdaýy bozulýandyr.

Mäziň howply däl täze döremesi esasan 40 ýaşdan ýokary erkek adamlarda duş gelip, ilatyň bu ýaşdaky erkek adamlarynyň 10%-de duş gelýändir, 50-60 ýaş aralygyndaky erkek adamlaryň 40%-mi adenomanyň bejergisine mätäç bolsalar, 70-80 ýaşly adamlaryň 10-dan 8-sinde bu kesel ýüze çykarylýandyr. Ýöne statistiki maglumatlaryň güwä geçmegine görä, erkek adamlaryň 1%-den azragy bu keseliň irki döwründe lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýandyrlar. Galanlary bolsa bu keseli gaýragoýulmasyz bejergini talap edýän keselleriň hataryna degişli etmeýärler ýa-da keseliň soňky tapgyrlarynda "paltasy daşa degensoň" ýüz tutýarlar.

Keseliň döremegine getirýän sebäpler

Keseliň döremegine sebäp bolýan birnäçe faktorlar bolup, olara aşakdakylar degişlidir:

  • bedeniň gormonal üýtgemeleri;
  • jyns gormonlarynyň derejesiniň üýtgemegi;
  • nesil yzarlaýjylyk häsiýetiniň bolmagy (eger adamda mäziň adenomasy bar bolsa, onda onuň oglunda bu keseliň duş gelme töwekgelçiligi 2 esse artýandyr. Erkek doganlarda onuň duş gelme töwekgelçiligi 6 esse ýokarydyr.)
  • ýaş ulaldygyça erkeklik mäzinde üýtgemeleriň bolup geçmegi;
  • böwrekleriň, peşew haltasynyň, peşew çykaryş kanalynyň sowuklama ýagdaýlary.

Şeýlede keseliň döremegine indiki faktorlar hem täsir edip biler:

  • jynsy gatnaşyklaryň kadasyzlygy;
  • peşew çykaryş we jynsy agzalaryň şikeslenmegi;
  • az hereketlilik (oturymly iş, akyl zähmeti bilen meşgullanmak)
  • alkogol içgilerine aşa ýykgyn etmek;
  • iýmitlenmäniň bozulmagy;
  • ýygy ýüze çykýan iç gatama;
  • tertipsiz jynsy gatnaşyklar;
  • Antibiotik serişdeleriniň ulanylmagy we bedeniň ýokary allergiki täsirliliginiň netijesinde immunitetiň peselmegi.

Keseliň alamatlary

Keseliň ýüze çykma alamatlary dürlüligi bilen tapawutlansa hem, esasan olar peşew bölüp çykmanyň bozulmagy bilen baglanşyklydyr.

Keseliň esasy alamatlaryna aşakdakylar degişlidir:

  • ýygy-ýygydan we kynlyk bilen peşew etme;
  • peşew akymynyň gowşamagy;
  • arakesmeler bilen peşew etme;
  • peşew etmeden öň birnäçe wagt garaşmak;
  • peşew haltany doly boşadyp bilmezlik ýagdaýy;
  • peşew etmäge bolan islegleri kynlyk bilen saklamak;
  • ganly peşew etme;
  • ýygy-ýygydan gijelerine peşew etme.

Ýokarda sanalyp geçilen alamatlar diňe adenoma üçin mahsus däldir we olar peşew haltanyň sowuklamagy ýa-da onuň täze döremelerinde, erkeklik jyns mäziň sowuklama kesellerinde hem duş gelip biler.

Diňe bellenilen alamatlaryň birnäçesiniň erkeklik jyns mäziniň ulalmagy bilen utgaşmagy adenomanyň döränligine güwä geçip biler.

Peşew bölüp çykarma kynçylyklary ýaşaýşy kynlaşdyryp, seksual durmuşa hem täsir edýär.

Ukynyň we dynç almanyň hilini bozýar.

Bu ýagdaýlar bolsa bedeniň umumy ýagdaýyna we ruhy saglyga täsirini ýetirip biler.

Keseliň geçiş tapgyrlary

Keseliň geçişi, peşew haltanyň boşadylma derejesine we peşew bölüp çykarma ýagdaýyna baglylykda birnäçe tapgyrdan ybaratdyr:

l  tapgyr. Kliniki alamatlaryň ýüze çykmasyndan öňki ýagdaý – köplenç 50-60 ýaşda, peşew-jyns ýollarynyň geçirilen ýokançlyklaryndan soň ýüze çykýar. Bu tapgyr peşew çykmasynyň ujypsyz bozulmalary, ýamyzda, garnyň aşagynda ýakymsyz duýgularyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

ll tapgyr  peşew bölüp çykmanyň bozulmalarynyň ýüze çykmagy – peşew etmäniň ilki agşamlaryna, soň bolsa gündizlerine  ýygylygy artýar.

Peşew etmege döreýän isleg, peşew haltanyň sowuklamalaryna mahsus bolan agyrylar we peşewiň bulanyklygy bilen utgaşmasa-da, onuň ýüze çykma derejesi juda aýdyň bilinýär.

Peşew etmä döreýän isleg ony saklap bilmezlik ýagdaýyna getirýär. Peşew çykyş ulgama düşýän ýokançlyklar bu alamatlary has hem beterleşdirip biler. Ukudan turlandan soň, uzak oturlandan soň, peşew haltanyň aşa dolan ýagdaýyndan soň peşew etmäniň kynlaşmagy bolup biler. Peşew etmäniň başynda peşew akymynyň gowşamagy, gije ýygy peşew etmeler ýüze çykýar.

Bu tapgyrda näsagyň umumy ýagdaýy üýtgemeýär. Ýöne  gijeki ýygy peşew etmeler näsagda nerw dartgynlylygyny, gaharjaňlygy döredip biler.

lll tapgyr – peşew etmeden soň peşew haltada peşewiň galmagy bilen häsiýetlendirilip, onuň mukdary barha artýar. Peşew haltanyň doly boşamazlygy peşew akarlaryň we böwregiň içki bölümleriniň giňemegine getirip, bu ýagdaý böwregiň kadaly işlemegini bozýandyr. Keseliň alamatlary ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykyp, näsag peşew haltada galýan peşewiň mukdarynyň köpelmegini duýman öz ýagdaýyna öwrenişýär. Bu ýagdaý peşew haltanyň diwarlarynyň duýujylygynyň ýitmegi bilen hem düşündirilýär. Kem-kemden peşew halta süýnüp, ol peşewiň 2 litre çenli mukdaryny saklap bilýändir. Peşewiň köp ýygnanmagy zerarly ýüze çykýan uly basyşy peşew haltanyň büzüji myşsasynyň saklap bilmeýänligi sebäpli, peşew özbaşdak damjalar bilen bölünip çykyp başlaýar.

lV  tapgyr – peşewiň öz-özünden damjalap çykma döwri – bu tapgyrda peşew haltanyň ýygrylma ukyby juda peselip, onda peşew etmeden soň galýan peşewiň mukdary köpelýär. Peşew halta gaty süýnüp, tegelek çiş görnüşde göbege çenli ýetip bilýändir. Näsaglarda bu ýagdaý bir tarapdan peşewiň saklanmagy bilen, beýleki tarapdan bolsa doly peşew haltada onuň özbaşdak damjalar görnüşde bölünip çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaý "paradoksal peşew etme" diýip atlandyryldy.

Bu tapgyrda böwrekleriň işiniň bozulmagy bilen bagly gaýraüzülmeler hem ýüze çykýar: işdäsizlik, ysgynsyzlyk, ýürek bulanma, agzyň guramagy, içiň gatamagy. Näsaglar gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegine mätäç bolýarlar.

Ýüze çykýan gaýraüzülmeler

Diňe erkeklik jyns mäziniň ulalmagy saglyk üçin howply bolmasa hem, peşew haltanyň doly boşadylmagyna bökdençlik döredýän peşewiň saklanma ýagdaýlary birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler:

  • Peşewiň birden saklanmagy – agyryny döredip, näsag peşew haltany özbaşdak boşadyp bilmeýär. Näsagyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek üçin kateter ulanmaly bolýar.
  • Peşew çykyş ýollarynyň ýokançlyklary – bu keselde ýokançlyklar bilen zeperlenme ýygy duş gelýän gaýraüzülme bolup, peşew haltanyň we böwregiň sowuklama ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolup biler. Şunuň ýaly ýagdaýlarda keseliň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin ýokançlyk bilen zeperlenen mäziň bölegini aýyrmaly bolýar.
  • Peşew haltada daşyň döremegi – daşlar peşew haltanyň ýeterlik boşadylmadyk ýagdaýynda döräp, onuň diwarlarynyň şikeslenmegine we peşewde ganyň görünmegine getirip biler.
  • Peşew haltanyň şikeslenmegi – peşewiň uzak wagt saklanmagy peşew haltanyň diwarlarynyň süýnmegine, gowşamagyna we onuň gysylma ukybynyň ýitirilmegine getirýär. Böwrekleriň şikeslenmegi – peşewiň saklanmagy, ýokançlyklaryň goşulmagy, böwreklerde sowuklama ýagdaýlarynyň döremegine we onuň işiniň bozulmalaryna getirip biler.

Keseli anyklaýyş çäreleri

Keseli anyklama çäreleri keseliň taryhyny öwrenmekden, näsaga seretmeklik we hökmany suratda göni içegäniň üsti bilen jyns mäzini barmak bilen barlamakdan başlanmalydyr. Şonuň ýaly-da keseli doly anyklamak üçin peşewiň barlagyny geçirmek, göni içegäniň üsti bilen USB-ny geçirmekden, sistoskopiýa (ýörite abzal bilen peşew çykaryş kanalyny we peşew haltanyň nemli örtügini öwrenmek) we kompýuter tomografiýa barlaglaryny geçirmek çäreleri ulanylýar.

Keseliň bejergisi

Jyns mäziniň adenomasynyň bejergisinde derman serişdelerini ulanmak we hirurgiki usul bilen bejermek çäreleri ulanylýar.

Derman serişdeleri hökmünde esasan aşakdaky toparlar ulanylýar:

  • L-adrenoreseptorlary togtadyjylar (tamsulozin, doksazozin, alfuzozin) peşew çykaryş kanalynyň we peşew haltanyň dartgynlylygynyň peselmegi netijesinde peşew etmäniň ýygylygy peselýär we peşew akymynyň güýji kadalaşýar. Gynansagam, bu serişdeler keseliň diňe alamatlaryna täsir edip, onuň ulylygyny kiçeltmäge kömek etmeýärler.
  • 5 L-reduktaza fermenty togtadyjylar (finasterid, dutasterid) – bu serişdeler testosteron gormonynyň has işjeň digidrotestosteron görnüşine geçmeginiň öňüni alyp, jyns mäziniň kem-kemden kiçelmegine getirýär. Bu toparyň serişdelerini ýokardaky serişdeler bilen bile ulanmak maslahat berilýär. Ýöne bu bejergi dowamly we gymmat bolup, häzirki wagtda bu gymmat düşýän usulyň ýerine ýokary netjeliligi bilen tapawutlanýan hirurgiki usullary ulanmak barada pikirler aýdylýar.
  • Ösümliklerden taýynlanan serişdeler (tadenan, prostamol uno we başgalar) – bu serişdeleriň netijeliliginiň subut edilmänligi sebäpli, olary keseliň diňe başlangyç tapgyrlarynda ulanmak maslahat berilýär. Keseliň häzirki wagtda ulanylýan hirurgiki bejergisinde jyns mäziniň adenomasyny peşew çykaryş kanalynyň üsti bilen aýyrmak, adenomany açyk kesik arkaly aýyrma we täze az şikeslendiriji usullar ulanylýar.
  • Adenomany peşew çykaryş kanalynyň üsti bilen aýyrmak – bejergi usullaryň iň amatlysy bolup, dogry geçirilen ýagdaýynda onuň netijeliligi 90 %-e barabardyr. Bu usulda,  9 mm-den uly bolmadyk elektrik halkajygy peşew çykaryş kanalynyň üsti bilen salnyp, adenomanyň dokumasyny gatlaklaýyn kesmeklik geçirilýär. Soňundan alnan "gyryndy" el pompasy abzalyň üsti bilen daşyna çykarylýar.

Adenomany aýyrmagyň açyk usullary – ýagny döremäni peşew haltanyň üsti ýa-da gasyk süňküniň üstünden aýyrmak juda şikeslendirýän operasiýalar bolup, bu usullar ABŞ-da hem-de Ýewropada ulanmadan galan usullardyr.

Az şikesli bolan täze usullar – adenomany lazer şöhleleri, kiçi tolkunly şöhleleriň kömegi, sowuk akymyň kömegi bilen dargatmak entek doly öwrenilmänsoň, häzir çäklendirilen derejede ulanylýandyr.

Öňüni alma çäreleri

Sagdyn ýaşaýyş düzgünlerini berjaý etmek – erkeklik jyns mäziniň adenomasynyň öňüni almagyň esasy çäresidir. Bedeni dikeldiji, gormonal näsazlyklary kadalaşdyryjy we immuniteti berkidiji islendik çäreler keseliň döremeginiň öňüni alyp biler.

Aşa agyr iýmitleri iýmek, alkogol içgileri kabul etmek, az hereketlilik ýagdaýlary keseliň döremegine esas döredip biler.

Fiziki işjeňlilik we sport bbilen meşgullanmak semizligiň, gormonal bozulmalaryň öňüni alýandyr. Ýag dokumasynyň aşa ösmegniň erkeklik gormonlarynyň peselmegine getirýändigini ýatda saklamalydyr.

Ýene bir wajyp düzgün – kadaly öňüni alyş barlaglardan geçmek üçin, urolog lukmanyna ýüz tutmagy unutmaň. Mäziň adenomasyny öz wagtynda anyklamak, bejergini başlap, gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edip biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 rahat 2015-09-19 11:01
Hormatly lukman eger gidrosele kesel bar bolsa onda jyns gatnashykda bolanda shonun nahili zyyany bar
Sitata
 
 
#1 Mergen 2015-02-22 16:07
Erkeklik Jynsy ösmedik
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele