Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy HOŞBOÝ YSLARYŇ MUŞDAGYMYŇ? ONDA GULAK AS!
( 7 Ses Berme )

Durmuş şeýle bir ýeňil. Öýüň ysyny halamyzokmy? Ony oturan ýerimizde, jadygöý kimin, derrew öz göwün söýen ysymyza üýtgetmäge ukybymyz bar. Emeli ys berijiler bir gudrat! Otaglarymyzy, hajahathanalarymyzy bu hoşboý yslar bilen bezäp, durmuşymyzy "gül" ýaly edýäris. Ys berijiler hakyky tebigy yslar bolmasa-da, olara laýyk alternatiwa bolup durýar. Ýurdumyza bu haryt esasy üç ýurtdan gelýär: Hytaý, Russiýa we Türkiýe.

Öýlerimiziň arassa we gowy ysly bolmagy örän möhüm zat, emma "Ys berijileriň adam saglygyna zyýany barmyka?" diýip, pikirlendiňizmi? Geliň, soňky döwrüň ygtybarly ylmy çeşmeleriniň bu baradaky gürrüňlerine göz aýlalyň. Bu makala ABŞ-nyň tebigat alymy tarapyndan Waşington uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Tebigat Ylymlary Milli Institutynyň ylmy barlaglaryna esaslanyp ýazyldy.

Seniň saglygyň we ys berijiler

Ys berijileri ulanmak ýaramaz yslary aýyrmagyň aňsat ýoly ýaly görünýär, ýöne gynansakda, bu hoşboý yslar içeriniň hapa howasyny arassalaman, tersine ony beter hapalaýarlar. Olardan öň başga bir belläp geçmeli zadymyz bar: Içerä hiç zat sepilmänkäde ulanýan zatlarymyzdan zyýanly howa hapalaýjylary bölünip çykyp bilýär. Olaryň çeşmeleri: çilim tüssesi, öý hojalyk önümleri, pestisidler (mör-möjeklere garşy serişdeler) we başgalardyr. ABŞ-nyň tebigaty öwreniji alymy Rebeka Satnyň aýtmagyna görä, howa hapalaýjylaryň derejesi içerde, daşardakydan 2-den 50 essä çenli ýokary bolýar. Biz içerde köpräk wagt geçirýänimiz üçin, öý, iş we okuw ýerlerinde güýçli zäherlenme täsiri astynda bolýarys.

Tikenli gül ýagşydyr

Ys berijiler – aerozol, sepilýän, gaty, şem görnüşinde ýa-da bir ýerik dakylyp goýulýan bolsun – erbet yslary aýyrmaýar. Olar ýakymsyz yslary diňe gizleýärlär. Birleşen Ştatlarda satylýan köp ys berijileriň düzümi barada doly maglumat almak mümkin däl. Sebäbi kompaniýalar olaryň düzümini görkezmäne borçly edilenok. Käbir kompaniýalar alyjylaryň talaby boýunça öndürýän ys berijileriniň düzümini öz websaýtlarynda aýan edýärler. Emma olaryň düzümindäki "aromat" (hoşboý ys) hiç wagt howpsuzlyk synagyndan geçmedik birnäçe himikatlardan ybarat bolup bilýär. Adatça, ys berijilere goşulýan hoşboý ysda ftalatlar bar. Olar hoşboý ysy uzaga çekdirýär we erkeklik jynsy sistemasynda dogabitdi kemçiliklere we gormon bozulmalaryna sebäp bolup bilýär. Emeli müşkler hem hoşboý ysyň düzüminde bolup, allergiýalaryň we gormon bozulmalarynyň döremegine eltip bilýär. Ylmy barlaglara görä, köp ys berijileriň "ýakymly ysy" dihlorbenzol ingrediýentiniň netijesidir. Bu bolsa ABŞ-daky Tebigat Ylymlar Milli Instituty tarapyndan öýkene zyýanly diýip anyklandy.

Waşington uniwersitetiniň ylmy işi esasynda Birleşen Ştatlarda giňden ulanylýan sekiz ys berijileriň ortaça 18 sany himikady howa goýberýändigi anyklandy. Bu himikatlaryň bäşden biri federal we birnäçe ştat hapalama standartlary boýunça zyýanly maddalar diýlip yglan edilen. Synagdan geçirilen ys berijileriň ýarysy asetaldegid bölüp çykarýar. Birleşen Ştatlaryň Tebigaty Goraýyş Gullugyna görä, bu maddanyň kanserogen (rak keselini döredýän) bolaýmagy gaty ahmal.

Görüp otursak, ys berijileriň adam saglygyna zyýany bar ekeni. Olary ulanmaklyk her-hili kesellere ýol açyp bilýär. Ýaş çagaly maşgalalar bu meselä has ünsli garamaly. Sebäbi ys berijiler ulanylanda çagalaryň entek güýçlenmedik organizmleri zyýanly himikatlaryň täsiri astynda galýarlar.

Tebigy alternatiw barmy?

Ys berijileriň tebigy alternatiwlary kän däl. Käbir arassalaýjy serişdeler ýaşyl (tebigata zyýansyz) diýip bellenilýär. Emma ys berijilerde beýle zat ýok. Öýde ýasalan, tebigy ýaglar bilen yslandyrylan ys berijilere hem zyýanly himikatlardan azat diýip güwä geçilmeýär. Tebigy ýaglar ýokary derejede konsentrirlenen tebigy himikatlaryň birleşmesidir. Tebigy himikatlar tebigatda bar hem bolsa, bu görnüşde seýrek duş gelýär we howpsuzlyk synagyndan diňe käbirleri geçirilýär. Olaryň birnäçesi allergiýalara sebäp bolup bilýär.

Erbet yslardan dynmagyň saglyga peýdaly, howpsuz ýollary

Ys berijileri ulanmana derek penjiräni açyň ýa-da wentilýator işlediň. Şonda siz ys-koklaryň asyl özüni ýok edersiňiz. Iýmit sodasy hem erbet yslary azaltmakda howpsuz serişde bolup durýar. Onuň agzyny açyp, gijelerine otagyňyzda goýsaňyz täsirini görersiňiz. Ýene bir howpsuz ýol hem otagda ikä bölünen limon goýmakdyr. Bularyň hijisi mümkin bolmadyk ýagdaýynda ys berijileri azrak ulansaňyz zäherli himikatlaryň täsirini azaldarsyňyz. Saglygymyzy özümiz alada etmesek hiç kim bize derek alada etmez. Sagdyn ýaşamaklygyň tarapdary bolalyň. Çünki saglyk iň uly baýlykdyr.

Awtor: Sapar Aşyrow

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele