Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy ÝUWUJY SERIŞDELER WE OLARYŇ ZYÝANY
( 7 Ses Berme )

Häzirki döwürde daşky gurşawyň, esasan hem howanyň hapalanmagy adam bedenine zäherleýji maddalaryň täsiriniň azaldylmagyny talap edýär. Ýaşaýyş jaýlaryň, otagyň howasynyň arassa bolmagyna üns bermeli. Öýleri ýygnaşdyryp, dürli serişdeler bilen arassalaşdyryp bolanyňyzdan soň, gapylary we penjireleri açyşdyryň, otagy ýelejirediň. Ýuwujy we arassalaýjy serişdeleriň yzyny süpürseňizem, olaryň bir gaty galýar we bugaryp, howa düşýär. Hlor, ammiak, formaldegid, fenol bogunlarda we myşsalarda ýygnanyp, saglyga zyýan ýetirýärler.

Düzümi himiki maddaly ýuwujy serişdeler kirleri, gap-gaçlary, aşhanadaky plitany we öýdäki beýleki zatlary ýuwmak we arassalamak üçin ýörite ulanylýar.

Ýuwujy, arassalaýjy we kir ýuwujy serişdeler gündeki durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldiler. Gynansak-da, olar adama kömek edişi ýaly, zyýanyny hem ýetirýärler, rak, ýokary gan basyş, allergiýa, nerw bozulmalary ýaly keselleri döredýärler.

Arzan ýuwujy serişdeler has zyýanly bolarlar, sebäbi olaryň düzüminde dermatiti döredýän fosfor goşundylary we bedendäki alyş-çalşygy bozýan zyýanly ýüzleý işjeň maddalar bar. Arassaçylygy halaýan adamlar öýlerini günüň dowamynda birnäçe gezek arassalaýarlar we dürli serişdeleri ulanýarlar. Elbetde, bu zyýanly endik. Ýuwujy serişdeleriň aşa köp ulanylmagy bedeniň kesellere garşy bolan durnuklylygyň peselmegine we dowamly kesellere ýolukmagymyza sebäp bolýar.

Kir ýuwulýan tozy kir maşyna atsaňam, el bilen ýuwmak üçin ulansaňam tapawudy ýok. Haýsysy edilende-de,  tozuň maýdaja bolejikleri dem alyş ýollarymyza aralaşýarlar. Kir elde ýuwlanda, kir ýuwujy toz deriniň üsti bilen gana geçýär. Durmuş himiýasyndan kir ýuwulýan hyzmatly ýerler hem halas etmeýär. Matany tozdan doly saplap bolmaýar, ol onuň süýmlerinde galýar.

Bu kir ýuwanyňyzda, kir ýuwujy serişdeleri ulanmaň diýdigimiz däldir. Ýöne mümkin boldugyndan,  saglyga täsirini azaltmagy maslahat berýäris. Kir ýuwujy serişdesiniň düzümindäki ýüzleý işjeň maddalaryň we fosfatlaryň mukdaryna üns beriň – 5%! Kir ýuwujy tozuň hilini öý şertlerinde hem barlap bolýar. Munuň üçin 1 bulgur arassa suwuň içine ýaşyl jöwheriň (zelýonka) 3 damjasyny goşuň. Soňra biraz toz garyň. Şonda suw agarsa, bu ýuwujy serişdäňiziň gowulygyny aňladýar.

Gap-gaç ýuwujy serişdeleri beýleki serişdelerden has ýygy ulanýarys. Tozlar ýaly tozgalap dem alyş ýollarymyza düşmese-de, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň hem uly zyýany bar. Olar köplenç ýüzleý işjeň maddalardan doly bolýarlar. Şol maddalar deriniň üsti bilen göni gana geçýärler. Netijede, allergiki duýgurlyk we bedeniň kesellere garşy durmak ukyby döreýär. Gap-gaçlardan serişde aňsatlyk bilen aýrylmaýar, çalarak durlamagyň hem haýry ýok. Käte, suw azrak bolan wagty, bir tabak suwa serişde goşup, gaplary ýuwýarlar. Soňra ýene-de bir gaba arassa suw guýup, ýuwlan gaplaryň "durlan" bolýarlar. Bu örän nädogry we saglyga howp salýan usuldyr. Gap-gaç ýuwujy serişde ulanylandan soň, ýuwlan gaplary arassa suwda azyndan 15 sekuntlap çaýkamaly. Bu akyp duran suwuň  aşagynda edilse, has gowy bolar. Gap-gaç ýuwulýan maşyn hem arassaçylygy berjaý edýär. Gap-gaçlary elde ýuwanyňyzda, düzümi tebigy ýag eredijili serişdelerden peýdalanyň.

Gaplary ýuwaňyzda, onuň hiline, haýsy materialdan taýýarlanandygyna laýyklykda ýuwujy serişdäňize we  sürtüjileriňize üns beriň.

Mysal üçin, aýnadan, farfordan, keramikadan edilen gap-gaçlary ýumşak sürtgüç we suwuk ýuwujy serişdeler bilen arassalamaly.

Çoýun gaplary  arkaýyn arassalap bolýar, olaryň çyzyljak ýa-da  zaýalanjak gümany ýok. Çoýun saç ýa-da gazan garalsa, ony 1-2 sagatlyk kalsinirlenen sodaly  (1 litre 100 gram) gyzgyn suwa (90 gradus) salyp goýuň, soňra arassalaň.

Alýuminiýden ýasalan gaplar seresaplyk bilen ýuwulmaly. Gaty  görnüşli serişde  ýa-da poroşok bilen ýuwulsa, olaryň ýukajyk gaty sypjyrylýar. Şeýle hem alýuminiý gap-gaçlar  düzümi turşulykly we aşgarlaýjy serişdeler bilen ýuwulmaly däl.

Häzirki döwürde yanma garşy Teflon örtükli gaplar giňden ulanylýarlar. Olary diňe ýyly suwda  ýumşak sürtgüç we suwuk ýa-da krem görnüşli serişdeler bilen arassalamaly.

Metallardan ýasalan gaplary arassalamak üçin naşatyr spirti ir döwürlerden bäri ulanylýar. Onuň bary-ýogy birnäçe damjasy tegmilleri aýyrýar.

Emma naşatyr spirtiniň ammiagyň suwuk erginidigini  unutmaň! Ol hem beýleki himiki maddalar ýaly saglyga zyýan ýetirip bilýär. Ýene-de bir bellemeli zat – gap-gaç ýuwujy serişdäni göni gaplaryň üstüne guýman, ony sürteje damdyryň we  gaplara sürtüň.

Gap-gaç ýuwýan sürtejiňizi hem ýygy-ýygydan çalşyp durmagy unutmaň.

Howpsuz gap-gaç ýuwujy serişdesini almak isleseňiz, onuň daşynda beýan edilýän düzümini öwreniň. Ýüzleý işjeň maddalaryň hiline baglylykda, serişdeleriň bahasy kesgitlenilýär. Düzümi allatanli, gipoallergen ýüzleý işjeň maddaly serişdeler has gymmat we howpsuz bolýarlar, arzanraklarynyň düzümine glisirin we silikon girýär. Düzüminde  fermentler bolsa, eremeýän belok hapalary aýyrýarlar. Gap-gaç ýuwujy serişdesiniň  oňat ýuwlup aýrylmagy, onuň howpsuzlygyny aňladýar.

Biziň ene-mamalarymyz hem hojalygy ýöredipdirler, öýleri, gap-gaçlary ýuwupdyrlar, töweregindäki zatlaryň tämizligini saklapdyrlar. Emma olar biziň ulanýan ýuwujy serişdelerimizi ulanmandyrlar. Diýmek, saglygymyza howp salman hem arassaçylygy berjaý etmek mümkindir!

Käbir ýurtlarda düzümi fosfatly, hlorly tozlary ulanmak 15 ýyl mundan ozal gadagan edildi. Alymlaryň pikirine görä, sintetiki ýuwujy serişdeleriň giňden peýdalanymagy adam ýaşaýşynyň hemişe hereketde bolýan himiki faktorynyň döremegine getirdi. Ýüzleý işjeň maddalar (ÝIM) bedene düşenlerinde öýjük membranalarynda ýygnanyp, olary ýukajyk gat bilen örtýärler. Belli bir mukdarda ýygnananlarynda olar öýjüklerdäki bolup geçýän wajyp biohimiki prossesleri we öýjügiň bütewiligini, onuň işini bozýarlar.

Haýwanlarda geçirilen barlaglarynda alymlar ýüzleý işjeň maddalaryň okislinme-dikeldiş täsirleriň depginini düýpgöter üýtgedýärler, wajyp fermentleriň bir toparynyň işjeňligini täsir edýärler, belok, uglewod we ýag çalşygy bozýarlar. Anion ýüzleý işjeň maddalary örän has howply bolýar. Olar bedeniň kesellere garşy durnuklulygy gödek bozýarlar, allergiki täsirleri, beýniniň, bagryň, böwregiň, öýkeniň şikeslenmegini döredip bilýärler. Bu Günbatar Ýewropada ýuwujy serişdeleriň düzümindäki anionlaryň berk çäklendirilmeginiň bir sebäbidir. Olaryň sany 2-7% köp bolmaly däldir.

Germaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Norwegiýanyň bazarlarynda diňe fosfatsyz ýuwujy serişdeler satylýar.

Häzirki döwürde ekologiki taýdan "ýumşak" we fiziologiki taýdan zyýansyz fosfatsyz ýuwujy serişdeler hem ulanylýar. Olaryň zatlary arassalaýşy beýleki serişdelerden artyk bolmasa, pes däldir.

Ýokary hilli arassalaýjy serişdeleri  ulanaňyzda, siz ýiti ysy we beýleki ýakymsyz täsirleri duýmarsyňyz.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Selbi. 2014-05-10 01:11
Öýlerimize, gaý-gaçlarymyza owadanlyk berýän zatlar gözüňi dokundyrýar.
Sitata
 
 
#5 Dyzmaç. 2014-05-06 01:01
Bu zatlara döwlet tarapyndan Uly gözegçilik edilmese nämä eltjegini diňe Hudaý bilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän serişdeleri berk gözegçilikde saklamaly ýa-da gadagan etmeli.
Sitata
 
 
#4 Öý bikesi. 2014-05-01 01:03
Gowy zadyň erbet tarapam barda. Şol erbedi azaltmak üçin ýönekeý zatlary ulanyp özüňi goramaly. Meselem, ýuwujy zatlary gap-gaç üçin ulanaňda ellik bir geýdä.
Sitata
 
 
#3 Betdi. 2014-04-28 02:24
Ene-mamalarymyzyň öň çäge, küli ýuwujy serişdeler üçin ulanypdyrlar. Indi weli gije-gündüz himiýa serişdelerini ulanýarys. Adamzady ajal gelip almasada himiýa alarla.
Sitata
 
 
#2 Tosun. 2014-04-22 15:26
Wah arassa boljak bolup hapa ulaşdyk. Bedenimiziň dat gününe.
Sitata
 
 
#1 Romantic 2011-08-22 19:24
Bah, gor buny... onda bulary bilmesen zyyanlymyka ya-da bilsen? Mena kellam cisdi...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele