Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy MASTURBASIÝA: PEÝDALYMY ÝA-DA ZYÝANLY?
( 47 Ses Berme )

Masturbasiýa (latynça manus – el + tubare – howsala salmak) – şahsyýetiň öz bedenindäki erogen (duýgur) nokatlary gyjyndyrmak arkaly jynsy islegini kanagatlandyrmagyň bir görnüşidir.

Birek-biregiň erogen nokatlaryny gyjyndyrmak arkaly hem özara masturbasiýa geçirip bilinýär. Bu ýagdaý esasan gomoseksualistlerde duş gelýändir.

Masturbasiýa onanizm ady bilen hem bellidir. Jynsy islegi kanagatlandyrmagyň bu görnüşine dürli döwürlerde  dürli jemgyýetlerde garaýyşlar dürli-dürli bolupdyr. Adamzadyň taryhynda masturbasiýa jemgyýetiň döremegi bilen ýüze çykyp, ol jynsy kämillige ýetilýän ýaş bilen sosial jähtden jynsy gatnaşyklary başlamak ýaş aratapawudynyň ululygy sebäpli ulanylypdyr.

Dünýäniň dürli künjeklerinde, gaýalaryň ýüzünde, masturbasiýa bilen meşgullanýan adamynyň suraty çekilen ençeme ýerleri tapýarlar.

B.e. öň IV-III müňýyllyklarda Mesopotamiýanyň şumer halkyýeti özüňe geçirilen masturbasiýanyň jynsy güýji ýokarlandyrýandygyna ynanypdyrlar.

Orta asyrlarda Gresiýada we Rimde masturbasiýa keýp almagyň adaty görnüşi ýaly kabul edilipdir. Gadymy grekler bolsa ony jynsy kanagatlanmanyň kadaly we sagdyn görnüşi ýaly kabul edip, bedendäki dartgynlylygy peseltmegiň usuly höküminde hem saýlapdyrlar. Ony geçirmek üçin köp dürli serişdeler ýasalyp, olaryň içinde olisbos (emeli ujyt) iň esasy serişde höküminde kabul edilipdir. Ol agaç, deri, palçyk ýaly dürli serişdelerden ýasalypdyr.

Gresiýanyň edebiýatynda we sungatynda aýallaryň masturbasiýasyna hem üns berlipdir.

Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada bolsa, tersine, masturbasiýa bilen meşgullanmak oňlanylmandyr. Ol ýerlerde adamyň dölüne ýaşaýyş güýjüniň gözbaşy hökmünde seredipdirler. Şoňa görä hem, erkekleriň masturbasiýasynyň döli ýitirip, bedeni gowşadýandygyna we keselleriň döremegine getirýändigine ynanypdyrlar.

Şuňa meňzeş pikirler musulman medeniýetinde hem aýdylyp geçilipdir. Awisenna (XII asyr) dölüň çendenaşa köp ýitirilmeginiň bedene ýaramaz täsir edýändigi barada belläpdir. Şunuň ýaly garaýyşlaryň ýüze çykmagy, dölüň limfa suwuklygyndan gelip çykýandygy baradaky pikirler bilen baglanşyklydyr. Limfa bolsa beýni arkaly işläp çykarylýar diýlip hasaplanyp, dölüň dökülmeginiň beýniniň gowşamagyna getirjekdigine ynanypdyrlar. Bu bolsa düýpli agyr kesellere, şol sanda ruhy kesellere getirip biler diýip düşünipdirler.

Orta asyr hristiançylygynda  jynsy gatnaşyklardan üzňe, islendik dürli usullar arkaly dölüň dökülmegi (şol sanda masturbasiýa we gijeki gyjynmalar-pollusiýa) günä hasaplanýar.

Günbatar medeniýetinde masturbasiýa garaýyş Bibliýadaky "Onanyň günäsi" barada söz açýan  bölek bilen baglanyşdyrylýar.

Iudanyň tabşyrmagy bilen, Onan öz doganynyň dul aýalyna öýlenip, onuň bilen jynsy gatnaşygy amala aşyrmalydy. Şeýlelikde, ol doganynyň tohumyny dikeltmelidi.  Emma Onan tabşyrygy berjaý etmeýär, doganynyň aýaly bilen ýanaşmazdan öň, öz ujydyny gyjyndyryp, dölüni ýere dökýär. Beýle etmek bilen ol Allanyň gaharyny getirip, günälenýär.

Bibliýadaky şu parça XVIII asyrda "onanizm" diýen sözüň gelip çykmagyna sebäp bolýar.

1716-njy ýylda näbelli bolup galmak islän awtor "Onaniýa" diýen kitapçany Londan şäherinde ýaýradyp, jynsy gowşaklyga, garaguş keseline getirýän aýylganç günä barada söz açypdyr.

1760-njy ýylda bolsa, lozannaly lukman Tisso L Onanizme atly kitabynda masturbasiýanyň bedene bolan zyýany barada giňişleýin gürrüň açýar. Ol bu endigiň jynsy gowşaklyga, körlüge, ruhy we fiziki tapsyzlyga getirýändigini belleýär.

XIX asyrda masturbasiýanyň zyýanlylygy baradaky pikir, diňe lukmançylykda däl-de, eýsem bütin jemgyýetde ymykly ornaşdy.

Lukmanlar masturbasiýa bilen kadaly meşgullanmagyň dürli seksual we ruhy, şol sanda ahlak taýdan üýtgemelere getirýänligini bellediler.

Jemgyýet masturbasiýa garşy göreş yglan etdi:

Ene-atalar öz çagalaryna gözegçiligi güýçlendirdiler. Jübilerine elini sokup, jynsy agzalaryny ellemez ýaly, oglanjyklara balaklar başga biçüwde tikilip başlandy.

Mekdepdäki partalar, okuwçylar aýaklaryny atanaklaýyn goýup oturmaz ýaly başgaça ýasaldy. Jynsy agzalarynda gyjynma döremez ýaly, gyzjagazlara atyň üstünde gezmek we welosiped sürmek gadagan edildi. Masturbasiýa bilen meşgullanýan oglanjyklara we ýetginjeklere "kemakyl" diýen tagma basylyp, olar ýazgarylýardy. Bu gylyga garşy dürli "demanlary" ulanmak pikiri orta atylýardy: etsiz berhiz iýmitden başlap, jynsy agzalary ellemez ýaly ýörite eşikler ýa-da kinnigi (klitor), peşew çykaryş kanaly gyzgyn demir bilen ýakma, elektrik toguň täsirini ulanmak ýaly elhenç usullary ulanmak teklip edilýärdi.

Masturbasiýa bolan garaýyş XX asyryň başlaryna üýtgäp ugraýar. 1897-nji ýylda G.H. Eblis öz "Jynsy gatnaşyklaryň psihologiýasynyň öwrenilişi" atly işinde, gaýraüzülmelere getirmeýän, masturbasiýa bilen meşgullanmalara we ýaramaz täsirlere getirýän üznüksiz dowam edýän endik barada giňişleýin gürrüň berýär.

1922-nji ýylda psiholog W. Raýh "Masturbasiýanyň görnüşleri" diýen kitabynda onuň sagdyn we sagdyn däl (ruhy üýtgemelere getirýän) görnüşlerine seljerme geçirýär.

Soňky geçirilen sosiologiki we seksologiki barlaglar masturbasiýanyň giňden ýaýrandygyny ýüze çykaryp, onuň bilen meşgullanylanda hiç hili gaýraüzülmelere, ýaramaz täsirlere getirmeýändigini subut etdi.

Masturbasiýanyň ýaýraýşyny öwrenmek usuly dürli ýurtlarda we sosial toparlarda dürli-dürlidir.

Orsýetde geçirilen barlaglar XXI asyryň başynda masturbasiýa bilen meşgullanmagyň gyzlarda 14 ýaşdan, oglanlarda bolsa 13 ýaşdan başlanýandygyny subut etdi. Onuň bilen diňe ýaş adamlar däl, eýsem gartaşan adamlar hem meşgullanyp bilýärler.

Masturbasiýa bilen erkek adamlaryň 50%-i, aýallaryň bolsa 30%-i meşgullanýarlar.

ABŞ-da çap edilen netijelere görä, 15 ýaşa ýeten ýetginjekleriň 80%-ne golaýy masturbasiýa bilen tanyşdyrlar.

Uly ýaşly amerikanlylardan erkekleriň 90%-i we aýallaryň 65%-i masturbasiýa bilen meşgullanýarlar.

Barlaglar masturbasiýa bilen meşgullanýan aýallaryň, erkekler bilen jynsy gatnaşyklarynyň ýygylygynyň arabaglanyşygyny öwrendi.

Jemgyýetde bar bolan pikiriň tersine, kadaly jynsy gatnaşyklar masturbasiýanyň ýygylygyny azaltmaýar, sebäbi ol jynsy gatnaşyklaryň esasy düzüjisi bolup durýandyr.

Masturbasiýa bilen meşgullanmagyň ýygylygyna pornografiýa mazmunly kinofilmleriň görülmegi, suratlaryň seredilmegi hem täsir edip bilýär.

Jynsy agzalary gyjyndyrmak arkaly keýp alma häsiýeti, çagalykdan başlap adamynyň bütin ömrüniň hemrasy bolup biler. Kiçijik çaga enesiniň göwsüni emende, keýp almanyň ilkinji seksual mehanizmi ýüze çykýar. Çaganyň ulalyp, nerw we myşsa ulgamynyň kämilleşmegi netijesinde, jynsy agzalary gyjyndyryp, ol kanagatlanma alýar. 7 aýlykdan 2 ýaşa çenli bolan çagalaryň masturbasiýa bilen meşgullanma (jynsy agzalaryny del zatlara degrip) ýagdaýlary bellidir.

Çagalykda ýüze çykýan masturbasiýa jynsy ösüşiň kadaly tapgyry bolup, soň ol ýatdan çykyp gidýändir.

Häzirki zaman lukmançylyk jähtinden ortaça ýygylykda geçirilýän masturbasiýa ýetginjeklere, uly adamlar üçin hem hiç hili howp salýan däldir.

Ýetginjeklik döwründe uly jynsy höwesjeňlik islegini kanagatlandyrmaga kömek edýän masturbasiýa, ýetginjegiň soňky jynsy gatnaşyklaryna, gurjak  maşgala durmuşyna täsir edip bilmez.

Köp psihiatr lukmanlaryň pikirine görä, belli bir ýagdaýlarda (ruhy gamgynlylyk, stressler) masturbasiýa umumy dartgynlylygy aradan aýryp, adamyň emosianal taýdan baýlaşmagyna sebäp hem bolup biler.

Ondan başga-da, jynsy gatnaşyklar wagty ulanylýan özara masturbasiýa, öz ýanýoldaşyň jynsy islegini kesgitlemäge, onuň bedenindäki erogen nokatlary öwrenmäge kömek edip biler.

Barlaglar aýallaryň masturbasiýasynyň ýatgynyň boýunjygyndaky nemiň turşulygynyň ýokarlanmagyna we onuň arassalanyp, ýokançlyklaryň ýaýramagyna böwet döredýändigini görkezdi. Şonuň ýaly-da, erkeklerde masturbasiýa, jynsy ýollaryndan öňki dölüň aýrylyp, täzelenmegine kömek berýändigini bellediler.

Ýeri gelende aýtsak, masturbasiýa bilen meşgullanmak uzaga gidýän deňizçiler, ýyllap tussagda ýatan adamlar üçin jynsy dartgynlylygy aýyrmaga kömek ediji wagtlaýyn usul bolup durýar.

Käwagtlar jynsy gatnaşyklarda hem bolşy ýaly, masturbasiýa wagty adamlar öz bedenlerine, gyjyndyrma üçin ulanýan zatlary bilen şikes ýetirip bilerler. Seresapsyzlyk erkeklerde ujydyň döwülmegine, aýallaryň jyns agzalarynyň nemli örtüginiň şikeslenmegine getirip biler.

Durmuşda hemme zadyň belli bir çäginiň bolşy ýaly, jynsy keýpi masturbasiýa arkaly almagyň hem öz çäkleri bardyr. Psihiatrlaryň bellemegine görä, masturbasiýa çendenaşa köp ýygylykda amala aşyrylyp, durmuşda esasy endige öwrülende, ol ruhy ýagdaýa ýaramaz täsir edip biler. Kähalatlar onuň ýaly ýagdaýlar bar bolan ruhy keselleriň bir alamaty ýaly ýüze çykyp bilse, köplenç ol ýagdaý adamyň wagtynyň köplüginden bolup biler. Bu ýagdaýlarda adamyny işe imrikdirmek, ony gamgynlylyk ýagdaýdan çykarmak gowy netijeleri berip biler. Köp ýagdaýlarda, adamda seksual garaşlylyk döräp, ol onuň gündeki işjeňligine ýaramaz täsir edip biler. Ýygy we kelleden çykmaýan masturbasiýa baradaky pikirler seksual garaşlylygyň esasy alamaty bolup, adamy fiziki we ruhy taýdan tapdan düşürip, ony sosial gatnaşyklardan daşlaşdyryp biler.

Çendenaşa ýygylykda amala aşyrylýan masturbasiýa newroz ýagdaýlaryň döremegine, jynsy ulgamynda ýüze çykýan kynçylyklara hem getirip biler.

Üznüksiz, ýygy amala aşyrylyp, durmuşyň manysyna öwrülen masturbasiýa aýallarda waginizm ýagdaýyny (jynsy agzalaryň myşsalarynyň ýygrylyp, jynsy gatnaşyk edip bilmezlik ýagdaýy), erkek adamlarda bolsa jynsy gowşaklygy, dölüň wagtyndan öň dökülmegini döredip biler. Öte geçen ýagdaýlarda ujyt gönelmezden (ereksiýa bolmazdan) dölüň özbaşdak dökülmegi bolup biler.

Masturbasiýa bilen öte meşgullanma netijesinde ýüze çykan gaýraüzülmeleri aradan aýyrmak, beden we ruhy üýtgemeleri bejermek üçin, seksopatolog, psihiatr lukmanlaryň maslahaty zerurdyr. Wagtynda aradan aýyrylmadyk bozulmalar adamyň özüne bolan ynamyny peseldip, emosianal ýagdaýlaryň kütelmegine, ýatkeşligiň peselmegine, umumy işjeňlik ýagdaýynyň gowşamagyna sebäp bolup biler.

Görşümiz ýaly, islendik derman serişdeleriniň kadaly mukdarda gowy täsirleri berip, köp mukdarda ýaramaz netije berşi ýaly, masturbasiýany hem jynsy dartgynlylygy aýyrmak üçin gerekli "mukdarda" ulanmagyň ýerliklidigini nygtasymyz gelýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#29 unknown 2016-11-28 00:54
lukmanjan okan wagtynyz gayrat edip jogabyny yazayynda masturbasiyan dermany bar bolsa aljak mana srocna gerek dermanyn jyns tapawudy bar (oglanynky ayry gyzynky ayry dermanmy) bolsa mana oglanynky gerek
Sitata
 
 
#28 unknown 2016-11-28 00:46
salam lukman masturbasiyany kop etsen (gunde 3-4 gezek) nadip goyup bolarka dermany yokmy sony yatdan cykarayjak goydurayjak eger dermany bar bolsa adyny aydaysanyz mumkin bolsa
Sitata
 
 
#27 Salamat 2016-08-17 10:06
Jübütler nähili biri-birleri bilen düşünňşip, ylalaşyp ýaşasalar hem, käbir halatlarda olaryň hem masturbasiýasyz ýaşamaýandyklaryna güwä geçip bolmaz. Sebäbi seksual duýgylar adama berlen şeýle bir inçe duýgy, onuň öňünde aglaba adamlar heýjana gelýärler. Şonuň üçin masturbasiýa bir pursatda tiz kömek ýaly özüni aýan edýär.
Sitata
 
 
#26 mergengeldi 2016-07-07 12:00
Hormatly lukman yekeje haysym bar. MASTURBSY etmezlik ucin nadip unsuni bolmeli.menin her gun so wagyt edesim gelya halys elim owrensipdir ,indi welin sony goyasym gelyar HORMATLY LUKMAN men ondan kösenyan gayrat edip maslahat berayinda.Menin ozum sol mesele bilen lukmanyn yanyn barman utanyan boldugundan maslahatlarynyzy berayin.
Sitata
 
 
#25 mergengeldi 2016-07-07 11:28
Masturbasyany goymak ucin name etmeli lukman.öñünden jogabynyz ucin sag bolun.
Sitata
 
 
#24 Lukman 2016-06-06 20:20
Oguz!

Masturbasiýa bilen meşgullanmak kesele öwrülende, geçirilmeli çäreler barada doly maglumaty " Masturbasiýa haçan bejerilmeli?" diýen saýtymyzda ýerleşdirilen makaladan okap bilersiňiz.
Sitata
 
 
#23 oguz 2016-06-06 15:45
Bäh lukman maña hacan jogap berekä
Sitata
 
 
#22 oguz 2016-05-12 13:33
Bu keselden saplanmak ucin nämäni maslahat beryärsiñiz
Sitata
 
 
#21 Bbbbb 2016-05-09 14:32
Mustrubasiya b.n gyzlaram meshgullanyarmay bay bouuuuu
Sitata
 
 
#20 o g u z 2016-05-05 16:20
Salam Lukman
Bu keselden saplanmak ücin nämäni maslahat berýärsiñiz?
Sitata
 
 
#19 Şükür. 2016-03-14 01:22
Belli bir sebäplere görä wagtynda durmuşa çykmadyk ýa-da öýlenmedik oglan we gyzlar üçin jyns agzalarynyň dartgynlylygyny gowşatmakda masturbasiýanyň mähüm peýdalydygy ikiuçsyzdyr. Oglanlara kän bir gorkuly bolmasada, ýöne gyzlar üçin birnäçe zatlar ulanylyp meselem taýak, käşir, gaty palçyk we şuňa meňzeşler, häşgärlik bolmasa, gyzlyk perdesine zyýan ýetmek howpy bardyr.
Sitata
 
 
#18 Babaly. 2016-03-07 01:20
Onanizm nähili ýagdaý bolanda hem her bir adamynyň öz içki syry bolup durýar. Ol syr her bir oglan ýa-da gyz üçin örän ýakyn dosty ýa çorasy üçin açylmagy mümkin. Ýöne ony aýdyp ýörende-de her bir adama bellidigi sebäpli oňa känbir gulak gabardyp ýörmeýärler.
Sitata
 
 
#17 Sapar 2016-03-05 16:54
Şeýle lukman sumaklar sebäpli adamlar masturbasiýa garaşly bolýarlar, edil narkomanyñ bolşy ýaly. Siziñ bärde beren maslahatyñyzyñ peýdasyndan zyýany kän, sebäbi köpräk adam özüne erk edip bilmän erbet kynçylyklara uçraýarlar. Diñe zyýany barada aýdan bolsañyz gowy bolardy.
Sitata
 
 
#16 Gumman. 2016-02-15 01:20
Pornografiýa dünýäde şeýle bir giň gerim aldy weli, ýaşlar diýmäniňde-de ulularyň hem onanizm bilen meşgullanmagy ýetjek ýerine ýetäýdi öýdýän. Munuň esasynda adamlary öz kalbyna maýyl edýän gyjyndyrmalar bar ahyryn.
Sitata
 
 
#15 Ýagmyr. 2016-02-03 23:26
Tebigatyň adama beren duýgularyny ýerlikli, çäklendirip ulanyp bilseň hemişe hem peýdaly we ýaramly. Onanizm düşünjesi bien adamlaryň ulanýan bu hereketini ýaşlygyňda we soňky ýaşlarda özünde ulanmadyk adam tapaýmak örän az bolaýmasa.
Sitata
 
 
#14 Rahim 2016-01-31 15:00
salam men oylenmedik, su keselden hic saplanyp bilemok, sizin su makalada bellap gecen zatlarnyzyn ahlisi mende bolup gecyar, men durmushumdaky yagdaylar bilen gabat gelyar,ruhy nasazlyk,hushsyzlyk,we shunamenzeshler,shu keselden dynmak ucin maslahat berseniz hoshal bolardym kop sagbolun!
Sitata
 
 
#13 10 2015-08-29 00:46
Salam lukman.Men 18 yashymda ve shuvagta chenli masturbasiya edip(kadelerine edip) dokup bilemok.Oynayan yone bolanok yzyndanam ujydym chishya shol sanda kellesinin etegindenem ayratyn chish chykya. Men yakynda ishde bilimi erbet agyrtdym lukmanlara barlatdym gorsem keselim prostatit bolup chykdy. dokmeyanligimin sebabem shondan bolmaly.yzygiderli bejergilerden son bilimin agyrysy goydy.Indi lukman shu zatlardan son ujydym kadaly ishlap bashlarmy?
Sitata
 
 
#12 şa&şeka 2015-06-23 01:22
a8zve
Sitata
 
 
#11 Ahmet. 2013-10-31 16:58
Salam hormaly Lukman.
Men özümde bolup geçýän ýagdaýlara düshünmejek bolýan. Öýlenenime 2ýyl bojup gecdi. Mashgala guran günümden 1aý geçensoñ, her gezek jyns gatnashyklaryny amala ashyranyp bolanmyzdan soñ ujydym meni örän binjalyk hala salýardy(ujydyñ içi gijeýar, ukydan oýarýar). Ýuwunýañ, hajat hana girýäñ emma peýdasy ýokdy, diñe ujydymy ýumurtga haltadan ujydyñ ujyna çenli uza boýuna el bilen syryp (sygyr sagan ýaly) içinde galan spermany çykaranymdan soñ rahatlyk tapyan. Inda endigime öwrildi.

Ýene bir soragym.
Takmynan 2-3-aý öñden bäri meniñ ujydym çalarak awyshap, ünsimi çekip, içki eshigimi hapalaýar azajyk mukdarda (sperma, iriñe meñzesh). Sowukladandyryn diysem kan bir sowuga cykamok, cyplak geyinemok. Yokanc keselin doremegine esas doredendirin öýüdemok.
Shular barasynda maslahatynyza matac!
Sitata
 
 
#10 David 2013-09-03 03:16
Gowy maslahat. Musturbasiya edip yörmeli däl-de ylym, durmus bilen gyzyklanmaly. Köp sag bolun !
Sitata
 
 
#9 rowsen 2013-01-28 22:14
Lukmanlar men elimi kop isledyan onyn zyyany bamyka ?
Onnanam yene bir zat semiremek ucin name etmeli men nace
Iysemem semiramok ol tohum izarlap bilyami lukmanlar ?
Sitata
 
 
#8 rowsen 2013-01-28 22:10
Salam dol dokmek bn jynsy gatnasyk etmegin tapady yokmyka diyyan hormatly lukman
Sitata
 
 
#7 Lukman 2012-04-07 00:23
Hormatly Arslan!

Masturbasiýa bilen meşgullanmaga meýliňiz bolup, onuň diňe özi Sizi seksual dartgynlylykdan dyndyrýan bolsa, onda onuň hiç hili zyýany ýokdur.

Ýaşaýşyň manysyna öwrülýän, aşa köp meşgullanmalar wagtyň geçmegi bilen ruhy bozulmalara, seksual işjeňliginiň pese düşmegine, kadaly jynsy gatnaşyklary alyp barmakda kynçylyklara getirip biler.

Şol geçiş araçägini her adamyň diňe özi kesgitläp bilýändir.
Sitata
 
 
#6 arslan 2012-04-01 19:32
masturbasiya dracit etmek bolyarmay mena kan dushunmedim?
Sitata
 
 
#5 Bet bet 2012-01-03 04:14
kop kop sag bulun. isinizde uztunluk arzuw etyan
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele