Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy OŇAÝLY ÖÝ — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
( 13 Ses Berme )

Rahat, asuda, sagdyn durmuş öýden başlanýar. Bir gije-gündiziň dowamynda adam ortaça 10-14 sagat öýde bolýar. Çagalar, garrylar we syrkaw adamlar bolsa ondan hem uzak wagty öýde geçirýärler. Öý adamyň ygtybarly galasydyr. Biziň her birimiz  diňe öz öýümizde rahat, arkaýyn hereket edip, özümizi erkin duýýarys. Adam işden ýadap gelende öýde ýadawlyk, emosional we fiziki dartgynlylyk azalar ýaly, öz ýaşaýan ýeriniň  rahat bolmagyny isleýär. Elbetde, munuň üçin otaglaryň owadan bezelmegi, olarda ähli oňaýlyklaryň bolmagy, arassalygy örän ähmiýetlidir. Ýöne her bir ýaşaýyş otagyň belli sanitar-gigiýenik talaplara laýyk bolmagy hem hökmandyr. Öýüň içi ýagty, gury, giň, gyşyna ýyly we tomsuna salkyn bolmaly. Dogry we talabalaýyk salnan jaý uzak wagt abatlaýyşa mätäç bolmaýar. Şeýle jaýda ýaşaýan adam sagdyn, işjeň, şähdaçyk bolýar.

Jaýyň çyg çekmezligine geleňsizlik edilen ýagdaýynda, adam bedenine uly zyýan ýetirýän heň kömelejikleri  ýaýraýar. Öýdäki howanyň ýokary çyglylygy adamyň özüni duýşuna  täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem dürli keselleriň döremegine, şeýle hem dem alyş ulgamynyň ýa-da onuň aýry-aýry agzalarynyň  şikeslenmegine sebäp bolýar. Otaglaryň howasynyň çyglylygyny kadaly ýagdaýda saklamak üçin suw geçiriji, ýyladyş, lagym turbalaryň we geçirijileriň, jaýyň üçeginiň  abatlygyna göz ýetirmeli, olary wagtynda abatlamaly. Olaryň näsazlygy zerarly diwarlar çyg çekende, öýüň howasy suwagyň,  hekiň ysyndan dolýar, bugaryp adam bedenine düşýär. Netijede, dem alyş ulgamynyň kesellerine (rinit, bronhit, demgysma ýagdaýlary) ýolukmak töwekgelligi ýüze çykýar. Munuň öňüni almakda wagtly-wagtynda öýüň içini ýelejiretmegi ýola goýmak hem örän ähmiýetlidir.

Otaglaryň ýagty bolmagy üçin, penjireler günorta ýa-da günorta-gündogara tarap bakdyrylyp salynýar. Otaga gün şöhleleriniň düşmegi örän ähmiýetlidir. Ýagtylyk merkezi nerw ulgamyny gyjyndyryp, ähli ulgamlaryň işjeňligini artdyrýar. Aýnanyň öňüni otag ösümlikleri garaňkyradýan bolsa, olary aýryp, gün şöhleleriniň jaýyňyzyň içine düşmegini gazanyň. Aýnalaryňyzy arassa saklaň!  Demirgazyk  we demirgazyk-gündogar tarapda ýerleşen penjirelere ýagty perde, günorta we günorta-günbatar tarapdaky penjirelere bolsa biraz garaňkyradýan perdeleri asmak maslahat berilýär. Bu siziň otaglaryňyza  gün şöhleleriniň gerekli mukdarda düşmegine, ýylylygy ýa-da salkynlygy saklamaga ýardam berer. Ultramelewşe şöhleler adam bedenine örän oňaýly täsir edýär. Olar uly biologik işjeňlige eýedir. Deri arkaly bedene geçip, ultramelewşe şöhleleri kesel ýaýradyjy ýokançlyklara, zyýanly himiki maddalara we beýleki zyýanly täsirlere durnuklylygy artdyrýar. Gün şöhleleri otaga düşende, ýarym sagadyň dowamynda mikroblaryň we wiruslaryň ähli görnüşleri diýen ýaly ölýär. Gün şöhleleriniň ýetmezçiligi bedeniň gowşamagyna, immunitetiň peselmegine,  ganazlyk, iglilik (rahit) ýaly keseleriň döremegine eltýär.

Elbetde, gyşyna howa sowanda, gün şöhleleri isleseň-islemeseň  azalýar. Öýi ýyly saklamak, ýagtylygy üpjün etmek  üçin ýeterlik bolmaýar,  gündizlerine-de emeli yşyklandyryjylar ýygy ulanylýar, öýüň ýyladyş ulgamy işe girizilýär. Ýyladyş ulgamynyň mikroklimat şertleri bir ugurly we  durnukly bolmalydyr. Ýyladyş enjamlaryň üstüniň gyzgynlygy 80 ºС-dan ýokary bolmaly däl, sebäbi has ýokary gyzgynlykda gurak, ýakymsyz ysly we tozanly howa tutuş otaga ýaýrap başlaýar. Bu bolsa öz gezeginde ýaşaýjylaryň saglyk ýagdaýyna zyýanly täsirini ýetirýär. Yssy, dymyk jaýda dürli kesel ýaýradyjy  ýokançlyklaryň köpelmegine we olaryň adama yokuşmagyna amatly şertler döreýär. 

Öýüň içindäki ýylylygy tygşytlamak üçin, jaýyň diwarlary içinden we daşyndan mazaly suwalan bolmaly, hiç hili ownuk yşlar hem galdyrylmaly däldir. Penjireleriň gyralaryndan hem şemal çekmezligini gazanmaly.

Ähli yşlary ýylylygy saklamak üçin ýapsaňyzam,  otagy şemalladyp durmagy ýatdan çykarmaly däl. Ýaşaýyş jaýyň şemallatma ulgamy dogry gurlanda, ol ýaşaýjylaryň sagdynlygyny, ýaşaýyşyň hiliniň ýokarlanmagyny, ýylylygyň  tygşytlanylmagyny üpjün edýär. Tebigy şemallatma jaýyň içindäki we daşyndaky howanyň basyşyndaky tapawudyň hasabyna diwarlar arkaly amala aşýar. Elbetde, penjirelerde hökman ertir-agşam açylyp duran kiçijik penjirejik bolmalydyr.

Häzirki döwürde jaýlary emeli  şemallatmagyň  iki görnüşi giňden ulanylýar:

  1. Merkezi şemallatma ulgamy
  2. Awtonom (özbaşdak) şemallatma ulgamy

Kondisionerler otagdaky howany aýlap, sowadyp durýar, emma ony tämizlemeýär. Kondisionerleriň käbir görnüşleri (split) arassa howa akymyny hem aýlaýar. Ýöne arassa howa diňe 15% tutýar, galan 85% adaty kondisionerlerdäki ýaly tämizlenmän durýar. Öýde kondisioner bar bolsa-da, wagtly-wagtynda penjireleri açyp, howany tämizlemegi unutmaň!

Otaglary kadaly yşyklandyrmak  üçin 24-25 inedördil meýdana 240 Wt(watt) kuwwatlykly çyra goýmaly. Otag has uly bolanda, çyralaryň sanyny artdyrmaly. Umumy yşyklandyrmakdan başga-da, goşmaça iş ýerlerini yşyklandyrmaly. Munuň üçin ýörite stol yşyklary ulanylýar. Bu göreçler  üçin örän wajypdyr. Ýaramaz yşyklandyrylan otagda diňe bir göreçlere zyýan ýetmän, eýsem adamyň göwnühoşlugy bozulýar, ýüregi gysýar, onuň öýden has ýagty ýere çykyp gidesi gelýär.

Öýüň ýagtylygy we ýylylygy ýaly, onuň töwerekdäki galmagaldan goralmagy hem rahat ýaşaýyş üçin örän ähmiýetlidir. Galmagal adamyň ukusynyň bozulmagyna, ýadamaklygyna, kellesiniň agyrmagyna  sebäp bolýar. Daşardan eşidilýän sesdir- galmagalyň bolmazlygy eýýäm jaý gurlup başlandan beýläk göz öňünde tutulmaly. Demir ýol, uçar menzilleriniň, awtomobil ýollarynyň golaýynda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryň  gurluşyk materiallaryna aýratyn üns berilmelidir. Diwarlar, gapylar, penjireler hökman ses geçirmeýän materiallardan ýasalmalydyr. Gündizine öýüň içindäki galmagalyň derejesi 40 dB, gije bolsa 30 dB ýokary bolmaly däldir.

Ýaşaýyş jaý talabalaýyk salnyp, onuň içine we töweregine gözegçilik edilse, otaglar wagtly-wagtyna şemalladylyp dursa, gün şöhleleriniň düşmegi üpjün edilse, öý hakykatdan hem sagdyn we abat ýaşaýyşy kepillendirýär. Arassaçylyk barada aýdylanda, öýüň içindäki halylarda, ýorgan-düşeklerde ýygnanýan we adam saglygyna uly zyýan ýetirýän tozan sakyrtgalary barada gürrüň etmek ýerlikli bolar. Tozan sakyrtgalary öýde ýüze çykýan allergiki täsirliligiň esasy sebäpleriniň biridir. Maşgalada allergiki täsirlilikden ejir çekýän adam bar bolsa, onda haly, mata çekilen mebel, tüýli oýunjaklar az bolmaly. Tozan sakyrtgasy bolmaz ýaly ýa-da ony ýok etmek üçin öýüň içindäki tozan ýygnaýan zatlary ýygy-ýygydan güne seriň, ýuwuň. Olary himiki usullar bilen arassalamakdan gaça duruň! Himiki maddalar tozan bilen ýokaryk göterilip, adamyň dem alyş ýollary arkaly, onuň bedenine düşýär. Bu bolsa keselleriň, şol sanda dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine eltýär.

Adam saglygy üçin örän howply tozan sakyrtgalary, kesel dörediji heň kömelegi öýde köne-sana zatlaryň uzak wagt  saklanmagy  netijesinde-de döräp bilýär. Könelen ýa-da gerekmejek zatlary öýde baslykdyryp saklaman, olardan dynmak bilen boluň. "Heniz bu zady ulanyp bolar" – diýip ýygnan zadyňyz bir ýylyň dowamynda size zerur bolmasa, onda ol zady hiç hili ýaýdanman, öýden çykaryp zyňyň. Öýleri arassalanyňyzda, ilki bilen artykmaç, gerekmejek, tozan ýygnaýan, ýer tutup durýan zatlary ýok ediň. Öýňüzde hiç hili peýdasyz we gelşiksiz zat saklamaň.

Sözümiziň ahyrynda öýleriňiziň abat bolmagyny, siziň saglygyňyzy we asudalygyňyzy goramagyny arzuw edýäris.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Kösenýän. 2014-07-16 14:53
Waheý! Göwün diýen öýüňde ýaşajak bolsaň, eliň uzadan ýeriňe ýeter ýaly jübüň galyň bolmaly. Aýlyk bilen ol zatlary ýöne arzuaw edäýmelimikä diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Babajan. 2014-04-28 01:56
Parsadan (palçykdan) galdyrylan ýa-da kerpiçden salynan jaýlaryň saglyk üçin gowulygy ata-baba subut edilen. Ýöne nämedendir bizde tutuş gurluşyk betondan amala aşyrylýar. Bir hili saglyga zeper ýetirýän zatlar moda bolaýdy.
Sitata
 
 
#3 Şajan. 2014-04-24 01:20
Ýönekeý maslahatlar ýaly welin zerurlygy mesemälim. Birini ünsden düşürseň jaýyň jana ýaramlylygy peselýär. Bulardan başga hem esasy zat jaýyň arassalygy diýip düşünýärin.
Sitata
 
 
#2 Gemmat. 2014-04-22 01:06
Hormatly lukman! Jaýyň kadaly ýaşamak üçin nähili meýdany bolmalydygyny görkezmänsiňiz. Jaýyň maşgala sanyň boýunça dar bolsa özüňe gabat gelmeýän dar eşik geýip gezip ýören ýaly bir zatda.
Sitata
 
 
#1 Omar. 2014-04-20 02:05
Nirä gitseňem, gezseňem ýene geljek ýeriň öýüň. Şonuň üçin hem öýüňi gowy saklasaň özüňi gowy saklan bilen des-deňdir.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele