Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy JEMGYÝETÇILIK ÝERLERINIŇ ARASSAÇYLYGY KIME BAGLY?
( 16 Ses Berme )

Ekologiýa degişli meseleler soňky döwürde çynlakaý üns berilmegi talap edýär. Nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar geljegi üçin bu meseleleri çözmek örän ähmiýetlidir. Ýöne şeýle global meseläni çözmek üçin ilki bilen adaty gigiýeniki çäreleriň hususy we  jemgyýetçilik ýerlerinde berjaý edilmegi zerurdyr. Ösen ýurtlarda arassaçylyk babatda uly alada edilip, degişli kanunlar, kararlar çykarylýar, olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň esasy sebäbi bolsa epidemiologik meseleleriň döremeginiň gigiýeniki meseleler bilen gönüden-göni baglanyşygyndadyr.

Gigiýena (hygieinos) adalgasy ýunan (grek) dilinde "saglyk getirýän" ýa-da "arassa" diýmegi aňladýar. Gigiýena adamlaryň sagdyn bolmagyny, keselleriň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Dogrudan hem, arassaçylyk-saglygyň girewidir. Adam ýaşaýan, işleýän, dynç alýan ýerini arassa saklamaga çalyşýar. Ol günde-günaşa öýleri ýygnaşdyrýar, howany tämizleýär, tozanlary süpürişdirip, zibilleri aýyrýar. Iş ýerinde hem öz töwereginiň arassa bolmagyny gazanýar...

Ýöne, gynansak-da, köpçülik ýerlerinde hem arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmelidigini unudýanlar az däl. "Diňe öý bilen iş! Köpçülik ýerlerinde bolmaga-da elimiz degenok", diýýänler hem bar. Emma, pikir edip görsek, biziň her birimiz günde-günaşa jemgyýetçilik ýerlerine barýarys: öýden işe we işden öýe barýan ýollar-ýodalar, duralgalar, dükanlar, howlular... Çagalary hem günüň dowamynda birnäçe gezek açyk arassa howada gezelenje çykarmaly bolýar. Olary öýüň töweregindäki  ýörite çagalar üçin gurnalan meýdançalarda oýnatmaly ýa-da  golaýda ýerleşýän seýilgählerde gezdirmeli . Bu olaryň sagdyn bolmaklary, köpräk hereket etmekleri  üçin örän zerurdyr. Emma şeýle ýerlerde hem arassaçylyk düzgünleriniň bozulýandygyny görmek bolýar. Dynç alýanlar ýany bilen iýer-içer ýaly zatlary hem alýarlar. Elbetde, dynç alnandan soň  adamlar yzlaryny ýygnasalar, munuň zyýany ýok. Ýöne kagyz, çüýşe ýa-da beýleki galyndylar taşlanylsa, gezelenje gelýän beýleki çagalaryň we ulularyň saglygyna howp abanyp, olara dürli şikesleriň ýetmek töwekgelligi artýar.  Bu ýerleriň arassa bolmagy biziň ählimize baglydyr. Her geçen pyýada ýa-da sürüji ýekeje kagyz ýa-da beýleki bir gerekmejek zady taşlap geçse, çigit gabygyny atsa, jemgyýetçilik ýerleri zir-zibil atylýan ýere öwrülmezmi? Elbetde, şäheriň arassaçylygyna jogapkär  döwlet edaralary bolýar. Olar jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegi ugrunda işleri alyp barýarlar. Uly we kiçi köçeleriň gyralarynda hapa atar ýaly gaplar goýulýar, olar yzygider arassalanyp durýar. Ýere taşlanan hapalary kommunal  hojalygynyň işgärleri aýyrýar, köçeleri, ýan ýodalary, ýaşaýyş jaýlaryň töweregini arassalaýarlar. Şonda-da, medeniýetli, aňly-düşünjeli adam arkaýynlaşyp, köpçülik ýerlerinde hem özüni mynasyp alyp barmagy, arassaçylygyň iň ýönekeýje düzgünlerini berjaý etmegi unutmaly däldir. Her birimiz  jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen çäklenmän, eýsem şol düzgünleri bozýanlara hem  biperwaý garaman, olara jemgyýete ýetirýän zyýanyny düşündirjek bolmaly.

Gynansak-da, bu bize hemişe başartmaýar. Şäher ilatynyň uly bölegi köp otagly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýar. Şeýle jaýlarda umumy basgançak meýdançalary, umumy howly ýaly hemme ýaşaýjylaryň deň hukukly ulanýan ýerleri bolýar. Elbetde, arassaçylyk düzgünleri ýaşaýjylar tarapyndan deň derejede amala aşyrylsa, hiç hili mesele ýüze çykmaýar. Ýöne bir otagda ýaşaýanlar jaýyň içiniň we töwereginiň arassa bolmagyny alada edinse, beýleki bir otagdakylar bolsa bu işe biperwaý garasa, arassaçylygy saklamak örän kyn bolýar. Käbir ýaşaýjylar zibilleri  wagtynda  ýörite zibil yaşlanýan ýere zyňmagyň deregine gapyň daş ýüzüne çykaryp goýýarlar. Ýöne näme üçindir özlerine ýaramaýan zibilleriniň otagyň daşyndakylara hem ýaramajagy barada azda-kände pikir etmeýärler.  Käte zibilleri ýoluň ugrunda taşlaýanlar az däl. Näme üçindir şol hapalaryň ýanyndan  özleriniň we çagalarynyň geçýändigini, şol zibilleriň töwerek-daşa ýel bilen göterilip, dürli keselleriň ýaýramagyna (!) eltýändigini unudýarlar. Olara zibil taşlanýan ýere ýetmäge näme päsgel berýärkä? Ýaramaz terbiýemi ýa-da ýaramaz endik?

Ýene-de bir ýygy duş gelýän ýagdaýlaryň biri – ýaşaýyş jaýlaryndaky basgançak meýdançasyna çykyp, halyçalary, palaslary we beýleki düşekleri, tozanly zatlary silkmek. Basgançakdan ýokary galyp ýa-da aşak düşüp barýan uly adamyň, çaganyň üstünden hapa silkip durmak nämäniň alamaty? Elbetde, biperwaýlygyň, ýaltalygyň we medeniýetsizligiň! Netijede, öýüň içi-de, onuň töweregi-de zibil  atylýan ýere çalym edýär. Özüni ýaşaýan ýerinde şeýle alyp barýan adam jemgyýetçilik ýerlerinde hem arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi barada pikir etmeýär. Ol uly ýoldan ýöresin, ýodadan ýöresin, ulagda bolsun-oňa tapawudy ýok, özüne gerekmejek zibili, çilim galyndysyny, çigit gabygyny töwerekdäki adamlardan utanman, jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi barada birjik-de aladalanman ýere taşlap hem bilýär. Elbetde, köpçülik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini bozýanlara garşy kanuna laýyklykda jerime töledilýär ýa-da beýleki administratiw çäreler görülýär. Ýöne şonda-da  bir sorag öz-özünden ýüze çykýar: Şeýle ýagdaýlar näme sebäpli döreýär?

Arassaçylyk meselesi barada, onuň düzgünleriniň köpçülik ýerlerinde  amala aşyrylyşy barada söz açylanda, ildeşlerimiziň käbiri bu meseläni terbiýe bilen baglanyşdyrýarlar. Ululary, olaryň ýaramaz gylyk-häsiýetlerini, endiklerini üýtgetmek kyn bolýar: birnäçe gezek duýduryş alyp, jerime töländen soň hem "köne heňine" tutup, töwerek-daşyň arassaçylygyna gözüni ýumýar. Emma biziň her birimiz çagalara öýde we köçede, dükanlarda we bazarlarda, seýilgählerde we dynç alyş merkezlerinde, beýleki köpçülik ýerlerinde arassaçylygy saklamagy öwretsek, arassaçylygy  endige öwürsek, onuň her birimiziň saglygymyz üçin ähmiýetini düşündirsek, olar ulalanlarynda-da jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini mynasyp alyp bararlar. Ulular gören ýerde zir-zibil taşlap ýörse, çaga-da şol hereketi gaýtalamak bilen bolar. Oňat terbiýelenen adam bolsa töweregindäkileriň haýsydyr bir zatdan ynjamagyna ýol bermez.

Arassaçylyk meselesini diňe terbiýeçilik bilen baglanyşdyrmak hem nädogrudyr. Käte pyýada gezelenje çykýan adam buzgaýmak ýa-da daşyna kagyz dolanan işlekli alnyp iýýär. Soňra kagyzy ýa-da buzgaýmagyň daşyny taşlamak üçin hapa atylýan gap gözleýär. Gynansak-da, şeýle gaplar käbir köçeleriň ugrunda seýrek duş gelýär ýa-da olaryň arasy örän daş bolýar. Käbir köçeleriň ugrunda, seýilgählerde zibil atar ýaly gaplaryň asla goýulmandygyny hem görmek bolýar.  Bu meseläni bolsa kommunal hojalyklar, häkimlikler, şäheriň arassaçylyk ýagdaýyna jogapkär gulluklar çözmelidirler.

Adam hemişe kämilleşmek, ösmek bilen bolýar. Jemgyýetçilik ýerlerine öz öýüň hökmünde garamak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, adam saglygyny, watanyň gözelligini goramak hem kämilligiň we ösüşiň aýdyň nyşandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Pikirli 2015-12-20 00:42
Elbetde, her bir adamynyň jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryna bagly. Baran, bolan ýerinde (duralgada, awtobuslarda...) hapa, çigidiň gabygyny, içen suwunuň boş baklaşkasyny... taşlap gitseler jemgyýetçilik ýerleri arassa bolarmy! Ol adamlar doňuzdan enaýy däl. Jemgyýetçilik ýerlerini arassa saklamak üçin ol ýerleri edil öz ýaşaýan öýi ýaly görmegi gerek. Emma köp adamlaryň garaýyşy beýle däl. Biri bu ýerleri arassalamak üçin hak alýar. Arassalarda diýen pikirde. Beýle pikir düýbünden ýalňyş...
Sitata
 
 
#8 Wehimi. 2015-04-02 01:54
Murt tesbirçiniň ýazyşy ýaly dogrudan hem iki aýakly "haýwanlar" köpelen ýaly. Şolaryň köpelmeginde esasy günä jemgiýetçiligiň günäsi dälmi näme? "Gamyşy gowşak tutsaň eliňi gyýar" diýen bir oňat aýdylan söz bar ahyryn.
Sitata
 
 
#7 Töre. 2015-03-12 03:06
Arassaçylygyň gadyryny bilmeýän adam tagamly naharyň lezzetini bilmeýän aç ýalymyka diýýärin. Dogrymyzy aýtsak ikisine hem Hudaý gardan diýäýmeli.
Sitata
 
 
#6 Gartaşan. 2015-03-04 00:05
Arassaçylygy çagalara öwretmek hem-de öz mysallarynda görkezmek ulylaryň jana-jan borçydyr. Oňa kembaha garalsa onuň öwezini dolup bolmajak netijelere getirmegi ikiuçsyzdyr.
Sitata
 
 
#5 Degerli. 2015-02-22 01:59
Arassaçylyk hakynda ýazylanlar örän derwaýys. Durmuşyň gözellikleriniň esaslary hem şundan başlanýar. Haýp, käbirler muňa durmuşyň ownuk meseleleri ýaly garasalarda ilat sanynyň artmagy bilen ol gün-günden uly möçberdäki alada öwrülýär.
Sitata
 
 
#4 Kereguly. 2014-04-20 12:53
Arassaçylyk döwlet edaralarynada degişlidir weli, onuň düşündirişleri az edilýän däldir ýöne esasy mesele bolan arasssaçylyk raýatlara bagly "gorkmasa sylamaz" diýilşi ýaly oturan, gidip barýan adamynyň, sürüjiniň ýola taşlap barýan zibilleri üçin pugta jogapkärçilige çekmegi "balyga suwuň gerekligi" ýaly möhüm bolup dur.
Sitata
 
 
#3 Bossan. 2014-04-18 16:40
Adamyň ýolugan keselleriniň köpüsi şahsy gigiýenanyň we sanitariýa kadalarynyň bozulmagy bilen ýüze çykýar ahyryn. Olary nähili berjaý etmeli, ol milletiň medeniýetine bagly.
Sitata
 
 
#2 Polat. 2014-04-16 01:02
Görnükli rus lukmany Semaşkonyň 80 ýyldan öňräk jaýdar aýdan sözi adam durmuşynyň her gününe degişli "Sanitariýa medeniýeti bolmazdan başga medeniýet bolup bilmez". Muňa şeýle ýerlikli aýdylan pikir diýmek bilen düşündiriş gerek däl.
Sitata
 
 
#1 Murt. 2014-04-14 00:02
Özüň arassa bolmasaň çagalardan sen nämä garaşýarsyň. Esasy hem ata-ene, mekdep görelde görkezmeli. Newsimiz agyrsa-da şol kem bolan ýerde, iki aýakly haýwanlar ösýärdä. Haýp...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele