Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi JYNSY TERBIÝE – TÜRKMEN OKUWÇYLARYNYŇ GӦZI BILEN
( 7 Ses Berme )

2005-nji ýylda men 9-njy klasdadym. Biz klasyň oglan-gyzlary bolup anatomiýaň jyns organlaryna niýetlenen sapagyna garaşýardyk. Emma oňa gezek gelende mugallym ol temaň üstünden böküp, yzyndaka geçdi – utandy. Şeýle sebӓplerden mende bu güne çenli jynsy bilimsizlik bar.

Birnӓçe ýyl geçeninden soň meniň jora mugallymym kellesini ýaýkap, uly klasdaky erkek okuwçylarynyň aýdyp berenlerini meň bilen paýlaşdy. Kiçi şӓherçeleriň 14-16 ýaşly türkmen oglanlary jynsy gatnaşykda tejribeli bolmak üçin we türkmen gyzlaryna "toýa çenli garaşmaly" diýip ӧwredilýӓndigi üçin, tenini satýan aýallara gidýӓn ekenler. Olaryň birnӓçesine bolsa jynsy aragatnaşyk arkaly geçýӓn keseller ýokuşypdyr. Sebӓbi prezerwatiwden ýa-da ony nähili ulanmalydygyndan habarsyz ekenler.

Mekdepdӓki Jynsy Bilim – Ors Mekdeplerinde

Mekdep okuwçylarynyň aýdyşyna gӧrӓ ors mekdeplerinde anatomiýa, türkmen mekdeplerinde bolsa anatomiýa we Ýaşaýyş-durmuş Esaslary jynsy bilime degişli predmetler hasaplanýar. Anatomiýa sapagy 10-njy klaslara, Durmuş Esaslary bolsa 4-10 klaslara okadylýar. Bu sapaklardan daşary kӓbir okuwçylar mugallymlaryň jynsy meselelere degişli ӧzbaşdak gürrüňdeşlik geçirendigini aýdýarlar. Okuwçylaň ӧzleri bolsa "jynsy bilime degişli sorag ýüze çykanda kӧplenç ӧz aramyzda gürleşýӓs" diýdiler. Meň gürrüňdeş bolan ýetginjeklerim (7 oglan, 5 gyz) meň bilen jynsy bilim barada gürleşmekden çekindiler.

15 ýaşly ors mekdepde okaýan Maksat anatomiýa sapagynda jyns agzalarynyň gurluşygyny we jyns aragatnaşygynyň fiziologiýasyny ӧwrenipdir. Ol sapakda, meselem, prezerwatiw barada ӧwretmӓndirler. Maksat mekdepde alan jynsy bilimini "Razmnoženiýe no ne predohraneniýe" (köpeliş ýöne öňüni alyş däl) diýip jemledi. Ol "mekdepde jynsy bilimiň öwredilmegine üýtgeşiklik girizilmegini isleýӓňmi?" diýen soraga "Maňa parhy ýok" diýip jogap berdi.

Marina we Ira, 16 ýaşly ors mekdepli okuwçylar hem anatomiýa sapagyny agzadylar. "Sapakda, meselem, aýbaşy barada ӧwredildimi?" diýen soraga, Iradan "Nӓmä gerek? Ӧzümiz hemme zady bilýӓs!" jogap geldi. Iraň klasynda mekdep programmasyndan daşary "ak halatly adamlar" aýbaşy barada prezentasiýa beripdirler. Munda aýbaşynyň nӓmedigini we onuň bolan wagty nӓme etmelidigini ӧwredipdirler. Marina Ira ýaly nesibeli dӓl ekeni. Onuň klasynda aýbaşy barada ýӧrite prezentasiýa geçirilmӓndir.

Mekdepdӓki Jynsy Bilim – Turkmen Mekdeplerinde

Türkmen mekdeplerinde ýӧrite jynsy bilime niýetlenen sapak bar bolany üçin okuwçylaryň jynsy bilimi has gowudyr diýip pikir etdim, emma beýle dӓl ekeni. 11-12 ýaşly Maral bilen Jemal Ýaşaýyş-Durmuş Esaslary sapagynyň bardygyny begenip tassykladylar we onda "jynslaryň tapawudyny" ӧwredýӓndiklerini aýtdylar. Bu tapawut umumy jemgyýetçilik kadalary taýdan düşündürilipdir – ýagny, erkek we aýal adamlaryň durmuşdaky we maşgaladaky orunlary. Gyzjagazlar aýbaşy baradaky mowzuga "Bize entek ir, indiki ýyl bolar", diýip, höwes bilen garaşýalar.

Uly klaslaryň arasynda bolsa bu sapak barada beýle begenç ýok. 10-njy klas Merdan bu sapakda "Sagdyn durmuş-zat, kӧçede-ýolda biljek zadyňy geçýӓs" diýip, gürrüň berdi. Belli bir mesele barada okadylýandygyny ýa däldigini welin aýdyp bilmedi. Sebӓbi Merdan "Sapaga barýan, diňlӓmok" diýip, düşündürdi. "Sapakda gaty iç gysýar" diýibem üstüne goşdy. 11-nji klas Leýli we Soltan bu sapak barada "Umumy gürrüň berilýӓr, takyk zat ýok" diýip, gaýtalap aýtdylar. Bu gyzlar ӧz bedenleri barada, onda bolup geçýӓn üýtgeşiklikler we aýbaşy barada Ýaşaýyş-durmuş Esaslary sapagynda hiç zat ӧwrenmӓndirler. Jynsy düşünje, ӧz-ӓ bir gyzykly mesele bolmaly welin, ony okuwçylaň içini gysdyrýan sapaga öwrüpdirler.

Şeýlelikde, okuwçylara gӧrӓ, olara mekdepde eýýäm bilýӓn maglumatlaryny ӧwredýӓrler, bilmeýänleriniň üstünden bolsa barmaýarlar. Bu okuwçylar jemgyýetimize laýyklykda jynsy düşünje barada gepleşmӓne ӧwrenişmedik. Şonuň üçin olar muňa degişli gürrüňdeşlige sowuk-sala ýa-da ynamsyz garaýalar.

Ýetginjekleriň jynslar barada bilim alma usullary

11-nji klasy ýaňy-ýakynda gutaran, şeýle hem gyzlaryň we oglanlaryň arasynda dostlary bolan Şirine "Ýetginjekler, onda, jynslara degişli bilimi nireden alýalar?" diýsem, ol şeýle diýdi: "Gyzlaryň we oglanlaryň bu bilimi ӧwrenmek usullary dürli-dürli. Gyzlar durmuşa çykmaka ejelerinden jynsy taýdan düşündiriş alýarlar; bu gyzlar onsaň alan bilimini ӧz gyz jigilerine geçirip bilerler. Oglanlar bolsa 7-8-nji klasa ýetensoň ýa kakalaryndan jynsy bilim alýarlar ýa-da tenini satýan aýallara gidýӓrler. Sebӓbi olaryň jynsy islegi has güýçli diýen pikir bar. Olaryň ýene bir jynsy bilim alma usuly "porno" bolup durýar. Gyzlara-da, oglanlara-da degişli iň soňky usulam sada soraglar bilen geçirilýӓn internet gӧzlegleri bolup durýar. Haýsy usul ulanylsa-da, köpçülik tarapyndan gyzyň jynslar barada düşünjesi bolmasa gowy gӧrülýӓr. Sebӓbi bu meselede sowatsyzlyk yhlaslylygy gӧrkezýӓr. Oglan bolsa jynslaryň aragatnaşygy barada bilimli we tejribeli bolsa has gowy diýip garalýar".

Çӧzgüt barmy?

Görşüňiz ýaly, mekdebiň jynsy terbiýesi ýetginjekleri durmuşda, döwrebap jynslaryň arasyndaky aragatnaşyklara (söýgi, dostluk) taýýarlamaýar. Ene-atalaryň berýӓn bilimi bolsa ýa aslynda ýok ýa-da doly dӓl we ylmy taýdan nädogry. Meniň pikirimçe ene-atalaryň we mugallymlaryň dymmagy ýaşlaryň saglygyna we geljegine howp salýar. Şeýle howplaryň içine jynsy gatnaşyklara wagtyndan ir başlamak, islenilmedik (ýetginjeklikde) göwrelilik, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç keseller, fiziki, emosional we jynsy zorluklar girýär. Ýetginjekleriň ӧzleri gizlinlikde jynsy bilim gӧzlemeli bolýarlar. Bu gӧzleg barada bilinse utandyrylýarlar ýa-da "ahlak taýdan" bozuk gӧrülýӓrler. Meň pikirimçe çözgüdi ýaşlaryň bu baradaky pikirlerini diňlemekden başlamaly. Başga hem, ýaşlar bu barada nähili bilim alanlaryny paýlaşsalar, gürrüň etseler çözgüt tapmak üçin oňaýly ädim bolardy diýip pikir edýärin.

Awtor: Patma Perwanowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Maksat 2017-11-03 16:21
Uly adamlaryň ählisine ýüzlenýärin. Öz ýetginjek wagtyňyzy ýada salyň. Siz bu möhüm bolan emma gürleşilmäge utanylan bilgileri nirede we nädip edindiňiz? Nähili ýol bilen alan bolsaňyz siziň üçin gowy bolardy we nähili ýol bilen siziň çagalaryňyza, jigileriňize berilse gowy boalrdy diýip hasap edýärsiňiz?
Mekdepleriň direktorlary şu meseläni çuňdan pikirlenip gaty möhüm meseledigine göz ýetirmeli. Sebäbi buda terbiýäniň bir görnüşi we "gizli" hasaplansa-da ähli terbiýeleriň iň möhümlerinden biri. Gysgaça aýdanyňda, jynsy terbiýäni bermän ýa-da berip bilmän, ahlak barada müň saýrasaň hem peýdasy az bolar.
Direktorlar öz mekdebindäki her bir çaga onuň jogapkärçiliginde we her bir çaga onuň öz çagasy ýaly bolmaly, we köp direktorlaryň şu pikirdedigine ynanasym gelýär.
Meniň pikirimçe, ilki bilen Jynsy terbiýe sapagy üçin hem erkek hem aýal mugallymy bolmaly. Sapagyň diňe has içgin bölümlerinde synypy ikä bölmeli (erkek-gyz) we içgin bilgi berilmeli. Aýratynlykda hem, eger soraglary bar bolsa iki-çäk gürrüňdeşlik geçirilmäge mümkinçilik döredilmeli.
Mekdep direktorlary degişli sapagy berýän mugallymlary bilen gürrüňdeşlik geçirip, sapagyň nähili geçýändigi barada, kynçylyk barmy ýokmy, şony soramaly we maslahat bermeli. Synypdaky 2-4 okuwçalara-da soramaly, mugallymyň sapagy berişi nähili diýip.
Watana, Ene-Ata, Ýara bolan söýgi barada, dostlyk, doganlyk barada edebiýat eserleri okadylmaly. Taryhy ýerlerimize, Ata-Babalarymyzyň Ata-Watan üçin gan döken ýerlerine ekskursiýa geçirilmeli.
Ýaşlar biziň gelejegimiz. Ýaşlar Watanymyzyň gelejegi.
Ynha meniň arzuwymdaky mekdep we onuň çäreleri.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele