Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy AÝBAŞYDAN GALMA DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY
( 14 Ses Berme )

Zenanlaryň durmuşynda öz geçiş aýratynlygy, alamatlary we getirýän üýtgemeleri bilen aýbaşydan galma döwri uly özgermeleriň başyny başlaýar. Aýbaşydan galma döwri – genetiki nukdaýnazardan meýilleşdirilen, bedeniň adaty ýagdaýy bolup, 45-55 ýaş aralygynda aýallarda aýbaşynyň kesilmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Ýaşaýan ýerine, howa şertlerine, milletine we başga faktorlara bagly bolmazdan, hemişe hem bu döwrüň başlanma möhleti üýtgewsiz bolupdyr. Onuň başlanjak wagtyna diňe nerw dartgynlylygyň güýçlenmegi (meselem, uruşlar), sosial- ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy (fiziki we ruhy ýadawlylyk, ýeterlik iýmitlenmezlik) täsir edip bilýändir.

Lukmançylyk edebiýatynda aýbaşydan galma döwrüni "klimaks", "klimakteriki döwri" diýip hem atlandyrylýar.

Kadaly geçýän aýbaşydan galma döwri üçin aýalyň bedeniniň hemme ulgamlarynyň üýtgemesi, esasan hem önelgelilik ulgamynyň işiniň kesilmegi adaty bolsa-da, onda ýüze çykyp biljek kynçylyklar bedendäki näsazlyklar bilen baglanşyklydyr.

Bu döwürde ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň sebäpleri köp dürlüdir: sosial-ykdysady özgermelere uýgunlaşmak, maşgalada ýüze çykýan kynçylyklar (adamsynyň ölümi, aýrylyşma, çagalarynyň durmuşyndaky kynçylyklary ýeňip geçmäge kömekleşmek, agtyklara terbiýe bermek, ata-enesiniň ölümi) jynsy ulgamyň keselleri, bedeniň başga dürli keselleri (ýüregiň işemiýa keseli, süýji keseli, ateroskleroz, endokrin keselleri we başgalar).

Aýbaşydan galma döwründe ýüze çykýan ýaramaz üýtgemeleriň gelip çykyşy hem dürli faktorlar bilen baglanşyklydyr.

Käbir öwrenijiler  ol üýtgemeleri jyns gormonlarynyň emele gelşindäki näsazlyklar bilen baglanyşdyrsalar, beýlekileri gipotalamusyň we gipofiziň kadalaşdyryjy işiniň bozulmagy bilen düşündirilýär.

Bu döwür bilen baglanşykly kynçylyklar aýallaryň 20-40%-de duş gelip, oba ýerlerinde ýaşaýan aýallara garanyňda, şäherde ýaşaýan aýallarda ol has ýygy duş gelýändir.

Bu döwrüň ilkinji "buşlukçylaryna" kellä we eginlere gyzgynlygyň inmegi, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, kellagyrylar, bedeniň gyzgynynyň üýtgäp durmagy, üşütmeler ýaly alamatlar degişlidir.

Estrogen gormonlarynyň azalmagy we alyş-çalyş ýagdaýlarynyň peselmegi semizlige we bedende suwuň saklanmagyna getirip biler.

Köplenç bedende ýag gatlagy deň derejede ýygnanman, ol esasan alkymda, garynda, ýanbaşda, butlarda has köp ýygnanyp bilýändir.

Alyş-çalyş ýagdaýlaryň üýtgemegi we dokumalarda suwuň ýygnanmagy bogunlarda we myşsalarda agyrylaryň döremegine getirip bilýändir.

Jynsy gormonlaryň azalmagy ýatgyyň içki gatlagynyň (endometriýanyň) kadaly üýtgemegini bozup, onuň çendenaşa ösmegini we howply täze döremelere getirýän ýagdaýlary ýüze çykaryp biler.

Şunuň ýaly ýagdaý köplenç aýbaşydan galma döwründe ýatgydan gan gelmeleriň sebäbi hem bolýandyr.

Gormon ýetmezçiligi jynsy agzalaryň üýtgemegine getirýär. Uly we kiçi jynsy dodaklar ýukalýar, nemli örtügi gury bolýar. Jynshana girelge daralýar, ol öz çeýeligini ýitirýär. Jynshana neminiň azlygy jynsy gatnaşyklary kynlaşdyryp biler.

Bu döwürde aýallaryň 20%-de peşew çykaryjy ulgamynda üýtgemeler ýüze çykýar. Olaryň emele gelmegi peşew çykaryjy we jynsy agzalaryň aşak düşmegine getirýän anatomiki we gormonal üýtgemeleri, sowuklama keselleri, dokumalaryň çeýeliginiň peselmegi ýaly faktorlar bilen baglydyr. Şolar netijesinde, peşew haltanyň we peşew çykaryjy kanalynyň ýiti ýa-da dowamly sowuklamasy döräp biler.

Aýallarda çalt-çaltdan buşukma, gijeki buşukmalaryň köpelmegi, kynlyk bilen buşukma, peşewi saklap bilmezlik alamatlary ýüze çykyp biler.

Bu döwrüň giçki alamatlaryna süňkleriň çeýeliginiň peselmegi (osteoporoz) ýaly howply ýagdaý hem degişlidir.

Adatça, ýaş ulaldygyça, aýallarda we erkeklerde süňk dokumasynyň ýukalmagy bolup geçýändir. Ýöne aýallarda ol 50 ýaşdan soň başlansa, erkek adamlarda biraz giç, 70 ýaşdan soň başlanýar.

Süňk dokumasynyň azalmagy, turba şekilli süňklere garanyňda, oňurgada has çalt bolup geçýär. Şonuň üçin gartaşan aýallaryň boýy kiçelip, oňurganyň yza çykmagy (kifoz) bolup geçýändir. Oňurgada agyrynyň döremegi aýbaşydan galma döwrüniň gaýraüzülmelerine degişlidir.

Osteoporozyň saglyk üçin howplulygy, erkeklere garanyňda, aýallarda 50 ýaşdan soň dürli süňk döwülmeleriň (bilegiň, but süňküniň, çüýjükligiň döwilmegi) ýygylygynyň 10 esse artýanlygy bilen düşündirilýär.

Lukmançylyk edebiýatynda, önelgelilik ýaşyndaky aýallar bilen deňeşdirilende, gartaşan aýallaryň arasynda (50 ýaşdan soň) ýürek keselleriň ýygy duş gelýänligi barada deliller bardyr.

Ýaş erkek adamlara garanyňda, ýaş aýallarda ýürek keselleri juda seýrek duş gelse-de, gartaşanlyk döwründe bu görkeziji erkek adamlar bilen deňleşýändir.

Ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmalary estrogen ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.

Aýalda ýüze çykýan ruhy-emosianal bozulmalar gaharjaňlyk, işjeňligiň we ýatkeşligiň peselmegi, ukynyň bozulmagy, howsalaly ýagdaýlaryň döremegi, işdäsizlik ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler.

Bu bozulmalara garşy durma dürli aýallarda dürli-dürli bolup biler: aýallaryň käbiri bu üýtgemelere uýgunlaşyp, her hili usul bilen oňa garşy durýan bolsalar, başgalary bu bozulmalaryň ugruna gidip, rahatsyzlyga, gamgynlylyga sezewar bolýarlar.

Aýbaşydan galma döwrüniň alamatlarynyň ýüze çykyş derejesine, häsiýetine baha bermek, bedende gyzgynlylygyň ýüze çykma ýygylygynyň derejesine görä kesgitlenýär.

Bir günüň içinde gyzgynlyk inmeleriň sanynyň 10-dan az bolmagy-ýeňil görnüşi, 11-20 gezek-orta we 20-den köp agyr görnüşi häsiýetlendirilýär.

Aýal saglygy üçin aýgytly bolan, aýbaşydan galma döwrüniň alamatlaryna gözegçilik edip, bedende bolup geçýän özgermeleri kadalaşdyrmalydyr.

Bu çäre maşgala lukmanyň, endokrinolog, ginekolog, newropatolog, kardiolog lukmanlarynyň gatnaşmagynda alnyp barylmalydyr.

Bejeriş usullary ýüze çykýan alamatlaryň derejesine,dowamlylygyna, ugurdaş beden kesellerine baglylykda alnyp barylmalydyr. Aýala gürrüňdeşlik netijesinde bu döwürde ýüze çykýan alamatlar, olaryň sebäpleri barada maglumatlar ýetirmelidir.

Zähmet bilen dynç almagy kadaly gezekleşdirmek, fiziki maşklar, tebigy faktorlary ulanmak bilen irdenki we agşamky gezelenç etmeleri hemme aýallara maslahat bermek peýdalydyr.

Iýmite köp mukdarda ir-iýmişleri, gaýnadylan ýagsyz sygyr etini, süýt önümleri, şüle we greçka ýaly däne önümleri goşmalydyr.

Doňuz etini, ýagly guş etini, gandy, duzy, hamyrly önümleri az kabul etmek maslahat berilýär.

Şokolad, ýiti içdäaçarlar, goýy kofe we spirtli içgilerden gaça durmalydyr.

Aýbaşydan galma döwrüniň agyr geçýän görnüşlerinde deňizde, kölde, howdanda suwa düşmek, kislorodly, hwoýaly, ýodobromly wannalary kabul etmek, suwly owkalamalar nerw ulgamyna peýdaly täsirini ýetirip biler.

Merkezi we wegetatiw nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen şirguýruk we pişik dyrnak otlarynyň gaýnatmalaryny 1 nahar çemçeden günde 2-3 gezek kabul etmek maslahat berilýär.

Wegetatiw nerw ulgamynyň bozulmalaryna görä, rezerpin, obzidan, tawegil, belladonnanyň spirtli garyndysy berilýändir.

Klimakteriki döwrüň alamatlary dürli ugurdaş keselleri (ýokary gan basyşy, ýüregiň işemiýa keseli, demgysma) bilen utgaşanda bolsa, doly bejeriş tapgyryny degişli lukmanlaryň gözegçiligi astynda geçirmelidir.

Bu döwrüň ýaramaz alamatlaryny aradan aýyrmak üçin gormon serişdelerini hem ulanmak maslahat berilýär.

Estrogen serişdelerini öňüni alyş çäresi ýa-da bejergi üçin ulanmak, ýörite görkezmeler boýunça geçirmelidir.

W.P. Smetnigiň bellemegine görä, estrogenleri ýokary mukdarda we dowamly kabul etmek, olaryň howply täze döremeleri döretme häsiýetini ýüze çykaryp bilýändir.

Estrogen serişdelerinden estriolyň toparyny (estriol, owestin, sinapauza) bellemeklige ýykgyn edilýär.

Estriol saýlama ýagdaýda, ýatga täsir etmezden, peşew çykaryş we jynsy ulgamyň aşaky bölümlerine çeýelik berip, dokumalaryň häsiýetini üýtgetmäge ukyplydyr. Bu serişde şeýle-de, ýürek myşsasyna, derä ýaramly täsir edip, uglewod we ýag çalşygyna täsir etmeýär.

Estrogen serişdeleri melhem, jynshana şemleri görnüşde hem ulanylyp bilner.

Estrogenler bilen bejergiden soň, ýatgynyň içki gatlagynyň kadaly üýtgemegi üçin 10-15 gün gestagen serişdeleri ulanylýandyr.

Bu maksat üçin ýag çalşygyna täsir etmeýän progesteronyň serişdelerini ulanmak (dýufaston, siproterona asetat)  bolýar.

Soňky ýyllarda gormon bejergisini geçirmekde utgaşykda çykarylýan serişdeler: klimonorm, klimen, siklo-proginowo ulanylýar.

Nerw ulgamynyň klimakteriki bozulmalaryna garşy estrogen häsiýetli serişdeler hem giňden ulanylýar. Olara klimadinon serişdesi degişlidir. Ol öz düzüminde käbir goşundylar bilen simisifuga ösümliginiň kökünden alnan ekstrakty saklaýandyr. Damja ýa-da gerdejik görnüşde ol 6 aý we ondan hem dowamly kabul edilip bilner.

Soňky ýyllarda estrogen serişdeleriniň tebigy görnüşlerini ulanmaklyga ýykgyn edilýär. Tebigy estrogenleriň ýaramaz täsirleri seýrek ýüze çykýandyr.

Onuň ýaly serişdelere, hamyla baýtallaryň peşewinden alnan premarin serişdesi degişlidir.

Primarin sanjym görnüşde bolup, ony melhem görnüşde hem jynshana goýmak has peýdaly netijeleri berýändir.

Häzirki wagtda, aýbaşydan galma döwrüniň ýaramaz alamatlaryny bejermekde, femoston serişdesi hem ulanylýar. Ol ösümliklerden alnan (soýa we ýams) utgaşykly gormon serişdesi bolup, gormonlaryň derejesine görä üç gornüşde ulanylýandyr.

Gormon serişdeleriniň görnüşini, mukdaryny, ulanyş dowamlylygyny degişli barlaglardan soň diňe lukman bellemelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele