Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit
( 23 Ses Berme )

Gündelik durmuşymyzda ýygy ulanylýan pagta ýagy, irki döwürlerden bäri Merkezi Aziýa sebitlerinde giňden peýdalanylyp gelinýär. Merkezi Aziýanyň esasy naharlarynyň biri bolan palowyň pagta ýagyna bişirilmegi nahara özboluşly tagam berýär. Bu ýaga bolan talap ABŞ we Ýewropa ýurtlarynda hem barha artýar. Bu ýurtlarda iýmitde günebakar, zeýtun, mekge ýaglary has köp peýdalanylýar.

Biziň günlerimizde pagta ýagynyň iki görnüşi satlyga çykarylýar: arassalanan we arassalanmadyk. Birinji görnüşi yzygiderli arassalanmak netijesinde açyk sary reňke eýe bolýar, yssyz diýen ýalydyr we biraz hozuň tagamyny berýär. Şu görkezijileriň esasynda bu görnüşli ýag aşhanada we kosmetologiýada ulanylýar.

 
( 15 Ses Berme )

Horlanmak isleýaňizmi? Belki, Siz öz agramyňyzy artykmaç diýip pikir edýänsiňiz? "Näçe az iýip, sport maşklaryny ýerine ýetirsem-de, horlanyp bilemok" diýýän bolsaňyz, şu makalany okamagy dowam ediň.

Düzümi az uglewodly (karbogitratly) önümleri iýiň!

Ilki bilen bir giňden ýaýran toslamany ret etmäge synanşalyň. "Az kaloriýa iýsem we maşklary ýerine ýetirsem, men horlanmaly". Hakykatdan hem, biziň köpümiz şeýle pikir edýäris. Ýalnyş, sebäbi bu formulada ýatdan çykarylan zat- açlyk duýgusy. Ondan bir näçe wagtlap gaçyp bilersiňiz. Onsoň edil bombanyň partlaýşy ýaly, agzyňyzy suwjardan agyr-agyr, tagamly naharlary köp mukdarda iýmäge çalşarsyňyz.

 
( 19 Ses Berme )

Täze ýyl baýramçylygy (dogrusyny aýtsak, diňe bir bu baýramçylykda hem däl) biziň bedenimiz üçin çynlakaý synag bolup durýar. Onuň hem sebäbi – biz alkogol içgilersiz şatlanyp bilmeýäris. Alkogol içgiler bilen birlikde nädip saglygyňa zyýan ýetirmän we başgalaryň keýpini bozman bolarka?

Biziň hemmämiz alkogolly içgileriň saglyk üçin zyýanlydygyny bilýäris. Ýöne onuň seýrek we akylly-başly, çeni bilen kabul edilmegi onuň zäherleme täsirini peseldip biler.

Taýynlyk görýäris

Alkogol içgisinden soňky nähoşlugyň döremegi (rus. – pohmelnyý sindrom) – siziň öňýanyndaky gün alkogoly çendenaşa kabul edendigiňiziň alamaty bolup durýar. Ýöne bedeni taýynlap, geljekki "alkogol agramlylyga" döz gelip bolar.

 
( 15 Ses Berme )

Esasy faktlar:

► Kadaly we dogry iýmitlenme ýaramaz iýmitlenme bilen baglanşykly kemçilikleriň we onuň beýleki ähli görnüşleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Şeýle hem aşa semizlik, diabet (süýji keseli), ýürek keselleri, beýni gan aýlanşygynyň bozulmasy we rak ýaly ýokanç däl keselleriň döremeginiň öňüni alýar.

Ýaramaz iýmitlenme we ýeterliksiz fiziki işjeňlik – şular tutuş dünýäde saglyk üçin esasy zyýanly faktorlar bolup durýar.

Kadaly we dogry iýmitlenme tertibi ýaşaýşyň iň başyndan başlaýar – ene süýdi bilen iýmitlendirmek has uzakmöhletleýin oňaýly netijeleri gazanyp bilýär, meselem, çagada çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda artykmaç agramlylyk we aşa semizlik howpuny azaldyp bilýär.

Bedenimize (kaloriýalar görnüşinde) girýän energiýa sarp edilýän energiýa bilen deňleşdirilmeli. Maglumatlara görä, zyýanly agramy almazlyk üçin ýag bedenimize girýän ähli energiýanyň 30%-den geçmeli däl, bu bolsa doýgun (goýy) ýaglardan doýgun däl (suwuk) ýaglara geçmeklik bilen hem-de senagat transýaglaryny iýmitde ulanmazlyk arkaly amala aşyrylmalydyr.

Kadaly we dogry iýmitlenmäni ýola goýmaklygyň bir usuly hem, sarp edilýän erkin gantlaryň möçberiniň umumy energiýanyň 10%-den az bolmagyny gazanmakdyr. Goşmaça sagaldyş täsirini gazanmak üçin bu görkezijini has hem peseltmek maslahat berilýär, meselem jemi kuwwatlylyk berme paýyny 5 %-den geçirmezlik.

Günüň dowamynda sarp edilýän duzlaryň möçberini 5 grama çenli çäklendirmek gan basyşyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga ýardam edýär we uly ýaşlylarda ýürek keselleri we beýnä gan inme howpuny azaldýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agza döwletleri 2025-nji ýyla çenli adamzat tarapyndan nahar duzunyň ulanylşyny 30%-e çenli azaltmaklyk arkaly diabetiň we aşa semizligiň ösüşini togtatmak barada ylalaşyga geldiler.

 
( 16 Ses Berme )

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gündelik kabul edilýän gandymyzyň mukdarynyň iki esse azaldylmagyna çagyrýär. BSGG-nyň täze tekliplerine görä, adamyň her gün umumy kabul edýan kaloriýalarynyň diňe 5%-i goşulan gantdan ybarat bolmalydyr. Bu san aýallar üçin şekeriň 5-6 çaý çemçesiniň (25 g), erkekler üçin 7-8 çaý çemçesiniň (35 g) kadaly mukdar bolup durýandygyny aňladýar. Adamlaryň aglaba bölegi kesgitlenen gandyň kada hasaplanýan mukdaryndan azyndan iki esse kän kabul edýärler. Gazlandyrylan şekerli içgileriň bir gabynda dokuz çaý çemçesine (!) golaý gant saklanýar.

 
( 35 Ses Berme )


Köpümize mälim bolşy ýaly, maly gysga wagtda ulaltmak we semretmek maksady bilen daşary ýurtlarda onuň iýmitine ösüş gormonlaryny we başga-da şonuň ýaly derman serişdelerini goşýarlar. Daşary ýurtlardan getirilen (importirlenen) etiň bahasynyň, elin, ýerli et bilen deňeşdirlende arzan bolýandygy hemmämize hem bellidir. Eýsem, daşary ýurtdan getirilen et adamyň saglygyna nähili howp salyp bilýär?

 
( 20 Ses Berme )

Iýmitiň dogry kabul edilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy köpümize mälimdir. Iýmit kabul edilende önümiň diňe bir hiline, terligine, ýokumlylygyna üns berilmän, eýsem onuň kabul ediliş tertibine hem üns bermelidir. Iýmitiň tagamly bolma şertini berjaý etmekden başga-da, ony kabul etmegiň aşakda beýan edilen esasy düzgünlerine eýerme, iýmit siňdiriş agzalaryň işiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyna hem-de iýmitiň doly özleşmegine kömek edip biler.

 
( 6 Ses Berme )

Gen inženerçiligi barha ýaýbaňlanýar

Biz gen inženerçiligi barada nämeler bilýäris? Günde-günaşa bu ylmyň kömegi bilen döredilen iýmit önümlerini biz golaýymyzdaky dükanlardan, bazarlardan satyn alýarys. Genetik taýdan özgerdilen (modifisirlenen)  iýmit önümleriniň täsiri  şu günki güne çenli doly öwrenilmedikdir.

Bu önümler barada düşünjäni giňeltmek üçin, ilki bilen olaryň atlandyrylyşyna üns bereliň.

Genetiki taýdan özgerdilen önüm näme?

 
( 14 Ses Berme )

Pökgerip, tegelenip duran garyn diňe eýjejik körpejeleri we hamyla aýaly bezäp biler. Galan adamlary bedende peýda bolýan bu artykmaçlyk görksüz edýär.   Käbir adamlar köp iýýär, az hereket edýär, kemsiz bedenli bolmak üçin hiç bir güýç sarp etmeýär. Ynha-da, günlerde bir gün görkden gaçan sudury gözüne ilýär we uzak wagtyň dowamynda aladasy edilmedik syratyny, az möhletiň dowamynda tertibe salmaň ugryna çykýar. Şular ýaly ýagdaýda, gözel-görkana bolmagyň ugruna çykanlar, bu dünýäde az möhlediň içinde şeýle gudraty berjaý edip bolmajakdygyny berk ýadynda saklamagy zerurdyr. Hiç haçan – "Üç günüň içinde ýeňillik bilen garyn salmakdan halas ederis", diýen mahabatlanmalara ynanmaň. Bu maglumat köplenç hakykat bolmagyň deregine, beden üçin örän zyýanly bolýar. Garyn salmaklyk bilen köne barlanan usullar bilen göreşip başlaň, ilkinji netijeleri gazananyňyzdan soň bolsa, bu ugurdaky göreşiňizi taşlamaň.

 
( 24 Ses Berme )

Sagdyn iýmitlenmegiň biziň saglygymyz üçin näderejede wajypdygy her birimize bellidir. Käte iýmit bilen biziň bedenimize zyýanly maddalar hem  aralaşýar. Şol zyýanly maddalara önümçilikde işlenilen azyk harytlaryň düzümindäki dürli  garyndylar degişlidir. Umuman, biziň bedenimiz birgiden gerekmejek zatlardan özbaşdak saplanmaga ukyplydyr. Emma şol gerekmejek zyýanly maddalaryň sany  aşa köp bolsa, adam bedenine agram düşýp, näsazlyklar ýüze çykyp başlaýar.

Öz saglygy barada alada edýän her bir adam ilkinji nobatda düzüminde zyýanly garyndylar bar bolan iýmit önümlerinden ýüz öwürmelidir ýa-da, iň bolmanda, şeýle önümleri ujypsyzja mukdarda ulanmalydyr.