Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit AZYK ÖNÜMLERI SAKLAMAGYŇ DÜZGÜNLERI
( 6 Ses Berme )

Dogry iýmitlenme ter we ýokary hilli önümleri dükanlardan ýa-da bazarlardan alyp gaýdan pursadymyzdan başlanýar. Azyk önümlerini saýlamak we olary uzak möhlet ter saklamak örän ähmiýetlidir. Esasan hem yssy günlerde!

Her bir önümiň saklanylyş möhleti bolýar. Elbetde muňa üns bermek gerek.

Tomusda uly adamlar zähmet rugsadynda, okuwçylar we talyplar tomusky dynç alyşda bolýarlar. Şäherliler yssy günleri öýlerinde geçirmän, köplenç tebigat gözelliklerini synlamaga, dynç almaga salkyn saýaly, akar suwly ýerlere gidýärler. Uzak wagt dynç almak niýeti bilen öýden çykylanda, iýmit önümleri hem alynýar. Elektroenergiýa ýok ýerinde iýmit zaýalanmaz ýaly, olary dogry saklamaly. Sowadyjylar heniz oýlanylyp tapylmanka hem ata-babalarymyz iýmiti zaýalaman saklamagy başarypdyrlar. Ilki bilen sowadjynyň ýok ýagdaýynda käbir önümleriň maýyl we yssy howada saklanylyşy barada gürrüň edeli.

Süýt

Süýdi uzagrak saklamak üçin ony banka guýup, sowuk suwda goýmaly. Soňra bankanyň agzyna mata ýapmaly we onuň uçlaryny suwa batyryp goýmaly. Matadaky suw buga öwrülip, bankadaky pes temperaturany saklar. Şonuň üçin süýt iň yssy gün hem zaýalanmaz. Suwuň içindäki bankaňyzy şemal çekýän ýerde goýsaňyz, has gowy bolar.

Şöhlat önümleri we et

Ete duz çalyşdyrsaňyz, ol uzak wagt zaýalanmaz. 1-2 gün eti sowadyjysyz saklajak bolsaňyz, onuň üstüne çig süýt guýup goýuň. Et süňksüz bolsa, has gowy saklanylýar. Towugyň hem içini arassalap goýmaly. Şöhlatlar we et önümleri yssa durumsyz bolýarlar. Şonuň üçin iýip bolanyňyzdan soň, kesilen ýerine ýumurtganyň agyny, käşir ýa-da limon şiresini çalmaly we folga dolamaly. Kakadylan şöhlat beýleki şöhlatlardan uzagrak saklanylýar. Sowadyjy ýok bolsa, kakadylan şöhlady duzly ergine batyryp goýuň.

Mesge ýagy we peýnir

Mesge ýagyny eretmän saklamak üçin, ony takmynan 150-200 gr. agramly bölejiklere bölüň. Şol bölejikleri arassa ak kagyza dolap, sowuk duzly suwda goýuň. Bir gije-gündiziň dowamynda suwy azyndan bir gezek täzelemeli.

Peýniri hem sowadyjysyz saklap bolýar. Ony aýna banka salyp, üstünden sowuk suwly tarelka goýmaly. Şeýle hem peýniri çalaja duzly suwa öllenen zygyrdan mata bölegine dolap saklap bolar.

Ýumurtga

Uzak wagt saklamak niýetiňiz bar bolsa, täzeje ýumurtgalary saýlap alyň. Sowadyjysyz saklamak üçin, her bir ýumurtganyň daşyna ýumurtganyň agyny ýa-da ýag çalmaly. Soňra her bir ýumurtgany aýratyn kagyza dolamaly we sebetde goýmaly. Sebedi gün düşmez ýaly ýerde gizlemeli. Ýene-de bir usul: ýumurtgalary 1-2 sekund gaýnan suwa, soňra derrew sowuk suwa salmaly. Daşy guransoň, ýumurtgalary gury banka salmaly. Gaýnadylan ýumurtga bolsa 1 hepdä golaý zaýalanman durýar.

Balyk

Balyk ynjyk azyk. Ol örän tiz zaýalanýar. Emma munuň hem çözgüdi bar. Balygy arassalap, iri duz sepişdiriň. Soňra süýjümtik sirkede (uksusda) öllenilen arassa mata bölegine dolaň (0,5 l. sirkä 1-2 çaý çemçesi şeker garmaly).

Indi bolsa azyk önümleriň saklanylyş möhletlerine üns bereli.

Kelem – 8 gün; Süýt (bişirilen, sowadyjyda) – 4 gün.

Gatyk (sowadyjyda) – 2 gün.

Däneli konserwalar (sowadyjyda) – 8 gün.

Açyk balyk konserwa bankalary (sowadyjyda) – 1 gün. Balygy hökman başga gaba geçirmeli!

Maýonez (ýapyk gapda, 5-8 Сº) – 1,5 aý.

Mesge ýagy (sowadyjyda ýapyk gapda ýa-da folgada) – 6-14 gün.

Makaron önümleri – 1 ýyla golaý.

Margarin ýagy (ýapyk gapda) – 21-24 gün.

Sary ýag (holodilnikde, ýapyk gapda) – 6-10 aý.

Goýaldylan süýt (başga gaba geçirilen) – 2-3 gün.

Un – 4 aý.

Ter bakja önümleri (sowadyjynyň ýörite bölüminde, görnüşine baglylykda) – 1-7 gün.

Doňdurylan balyk (doňduryjyda – 18 C°) – 14-21 gün.

Kakadylan balyk (alýuminiý folgada) – 2 gün;

Bişirilen balyk (sowadyjyda) – 1 gün.

Şeker – 8 ýyla çenli.

Gaýmak (sowadyjyda) – 2 gün.

Mikroorganizmler sowadyjynyň içinde hem hereketini dowam edýärler. Sowadyjy salkyn we garaňky gurşawy üpjün edýär, emma önümleri dogry gaplamak özümize bagly bolýar. Şonuň üçin iýmitiň saklanylyş möhletine üns bermek zerurdyr. Sowadyjyny "urlup" dykylan ýaly etmek hem zyýanly. Onuň içindäki sowuk howanyň aýlanyşy haýallaýar we sowadyjynyň temperaturasy ýokarlanýar. Netijede, iýmit önümleri sowadyjyda bolsa-da, tiz zaýalanýar. Önümleriň syrçaly, gapakly ýa-da ýörite gaplarda saklanylmagy hem olaryň zaýalanmazlygyny üpjün edýär. Her bir önüm aýry gapda saklanylmaly!

Sowadyjynyň temperaturasy beýgelmez ýaly, gyzgyn nahary sowatman onuň içine salmaly däldir. Ol beýleki önümleriň zaýalanmagyna eltýär.

Iýmitiň saklanylyş möhleti onuň görnüşine we düzümindäki suwa bagly bolýar. Önüm näçe çygly bolsa, şonça-da az saklanylýar. Ondaky biohimiki we beýleki prosessler tizleşýär. Doňdurylan önümlerdäki suw buz görnüşinde bolany sebäpli, olar zaýalanmaýarlar.

Ýene-de bir bellemeli zat: sowadyjynyň özi hem önümlerdäki çyglygy "alýar" we olaryň guramagyna, solmagyna eltýär. Mysal üçin, hyýary we limony sowadyja salyp goýsaňyz, soňra olara gözegçilik etmeseňiz, olar guraýar. Ýa-da şöhlady, wetçinany kesişdirilen görnüşde açyk gapda goýsaňyz, olar kakap galýar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykmaz ýaly, azyk önümleri sowadyja salmazdan öň dogry gaplamaly.

Dükandan, bazardan has köp azyk önümlerini satyn alsak, biz olaryň hem uzak saklanylmagyny isleýäris. Şu maksat bilen biz sowadyjynyň doňduryjysyny ulanýarys.

Doňdurylan önüm gowy saklanar ýaly, doňdurmazdan öň ony oňat arassalamaly, bölüşdirmeli. Mallardan alnan önümleri sowuk suw bilen ýuwmaly, ösümllikden bolan önümleriň üstünden gaýnan suw guýmaly. Artykmaç zatlary aýyrmaly (etiň süňküni, towugyň iç-goşlaryny), soňra guratmaly we kiçiräk böleklere bölmeli. Şeýle edilse, gerek bolan wagty önüm tiz ereýär we önümiň hemmesini eretmeli bolmaýar.

Dondurylandan soň, önümde ýokumlylyk gymmaty galar ýaly, ony diňe 1 gezek doňduryň. Dogrusy, düzümi köp suwly önümler ähli gymmatly maddalaryny ýitirýärler. Mysal üçin, hyýar, pomidor, sogan, süýt, gaýmak, ýumşak peýnir we şuňa meňzeşler. Ýumurtgalar bolsa pes temperaturadan ýarylýarlar.

Kakadylan balygy  doňduryjyda uzak wagt saklap bolýar.

Taýýar tagamlary hem doňduryjyda saklamaly bolýar, ýöne olara duz, burç we beýleki ýörite garyndylary garmaly däl. Doňduryja saljak önümleriňiziň daşyna dolaýan we geýdirýän zatlaryňyz suwa durnukly, yssyz we jebis ýapylýan  bolmaly. Ähli ulanýan gaplaryňyz gapakly bolmaly. Önümleri gowy edip kagyza dolasaňyz hem bolar. Şeýle edilse, olaryň durky, reňki üýtgemez, olara buz ýygnanmaz. Suwuklygy doňdurmak isleseňiz, ýokary temperaturada galybyny üýtgetmeýän we ýarylmaýan çüýşeleri we gaplary ulanyň.

Ýene-de bir ähmiýetli duýduryş: doňduryja täze önüm salanyňyzda, onuň öň doňdurylan önümler bilen galtaşmazlygyna üns beriň!

Käte sowadyjymyzda ýakymsyz ys peýda bolýar. Onuň içinde duran ähli zatlary ýeke-ýekeden ysgaşdyryp görsek-de, näme sebäpli bu ysyň döränini bilmeýäris. Sowadyjynyň içini boşadyp, ony arassalamaly. Ýakymsyz ys şonda-da aýrylmasa, ýa-da ol ýene-de peýda bolar öýtseňiz, ysy aýyrmak üçin şulardan peýdalanyň:

  • Arassalanan düýp soganyň ýarysy.
  • Tüwi däneleri.
  • Biraz suw garylan nahar sodasy.
  • Bölüşdirilen, gapjagazlara salnan limon.
  • Her ýerde bir bölegi goýulan gara çörek.
  • Reýhan, narpyz ýaly ter otlary.
  • Apelsiniň gabygy (terligine).
  • Arçanyň baldajygy.
  • Limon şiresine batyrylan mata bölegi.
  • Agzy açyk banka salnan täze üwelen köfe.
  • Naşatyr spirti (polkalaryny we gapdallaryny süpürmek üçin ergin: 1 nahar çemçesi spirt + 1 litr suw)

Sowajydaky ýakymsyz ysy diňe onuň içindäki iýmit däl-de, eýsem ondaky suw akýan ýollaryň hapalanmagy hem döredip biler. Ony pagta bilen arassalamaly.

Sowadyjydaky önümlere ýakymsyz ys çykmaz ýaly, käbir önümleri aýry-aýry polkalarda, biri-birinden daşrak goýmaly. Şeýle hem täze önümleri sowadyjyda ýerleşdireniňizde, öňküleri öňe, elýeter ýere süýşüriň. Şeýle edilende, olar zaýalanyp galman, iýiler.

Haýsy önümleri bir-birine golaý saklamaly däl?

  • Peýnir – ir-iýmişler, bakja önümler.
  • Kakadylan önümler – peýnirler.
  • Büzmeçler – ir-iýmişler, bakja önümler.
  • Ýer almasy, käşir, kelem – ir-iýmişler.
  • Sitruslar – bananlar.
  • Balyk – işdä açarlar, çörek, üzüm.

Sagdyn iýmitlenmek üçin, dükanlardan we bazarlardan satyn alýan önümleriňiziň saklanyş möhletine üns beriň, öz sowadyjyňyzda hem oňa hemişe gözegçilik edip duruň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Ýaşuly. 2014-05-02 02:07
Biziň zamanamyzda azyk önümleriniň görnüşleriniň örän köpelmegi olary saklamagy has hem kynlaşdyrýar. "Az bolsun, uz bolsun" diýilişi ýaly köp zady satyn alyp sowadyja dykyp durman özüňe gereklisi bilen bazar eýläýmeli.
Sitata
 
 
#4 Nedir. 2014-04-30 02:13
Ekologik arassa azyk önümleri bolsa ne ýagşy, ol bolmasa gowy saklajak blubam gördä. Hemme azygyň zer-zaýa bolup, zibile dökmeli bolýar.
Sitata
 
 
#3 Myraly. 2014-04-27 00:37
Ata-enelerimiziň iýmiti saklamak üçin nähili kynçylyklary başlaryndan geçirenine göz ýetireňsoň sowadyjynyň (holodilnigiň) bahasyna göz ýetirmek kyn.
Sitata
 
 
#2 Tokar. 2014-04-25 22:42
Käwagtlar azyk önümleriniň nähili saklanýandygyny biljek bolsaň zibil taşlanýan gutularyň ýanyna baraý. Baý porsan, zeňlän iýmitleri zyňýarlaý.
Sitata
 
 
#1 Pürli. 2014-04-22 17:00
Azyk önümlerini saklamagy çagalaryňyzada hem durmuş edehedi ýaly öwretmeli. Olaryň saglygynyň köp bölegi şoňa bagly ahyry.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele