Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi?
( 25 Ses Berme )

Her ýylyň 3-nji dekabrynda dünýa birleşigi Maýyplaryň halkara gününi belleýär. Bu sene 1992-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Maýyplar ýa-da mümkinçilikleri çäkli adamlar, ýer ýüzüniň her bir adamsy ýaly, kemsidilmäniň islendik görnüşinden goralmalydyr, deň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolmalydyr.

Adam öz durmuşynda biygtyýar garaşylmadyk agyr ahwalatlara duçar bolup, döwlet tarapyndan, şeýle hem jemgyýet tarapyndan ahlak we maddy goldawa mätäçlik duýup biler. Köplenç, esasan agyr durmuş ýagdaýlarynda, adam gönüden-göni öz daş-töweregindäki adamlaryň kömegine mätäç bolýar.

 
( 40 Ses Berme )

"...Bir gezek men saglyk öýünde maşgala lukmanyň kabul edişligine nobata garaşyp otyrkam, ýaramaz wakanyň şaýady boldum. Meniň pikirimçe, ol waka lukmanyň mertebesini peseldýän waka.

Bolup geçen zat şeýleräkdi: biziň maşgala lukmanymyzyň iş otagynyň gapysy birden zarply açyldy we ol ýerden gykylyklap, haýbat atyp bir aýal çykdy. Ol özüniň örän gowy tanyşlarynyň bardygyny, her hili ýagdaý bolsa hem tassyknamany hökman aljakdygyny, maşgala lukmanyň bolsa işden boşadyljakdygyny gygyryp aýdýardy.

Nobatym gelip iş otagyna girenimde, biziň maşgala lukmanymyzyň özüni ýitirip, aglap oturanyny gördüm. Men öz maşgala lukmanymyzy mähirli we päk ýürekli adam hökmünde tananymdan soň, biziň şeýle ýagdaýa duçar bolýan ak ýektaýly hünärmenlerimize ýürekden gynanýaryn. Galp netijeleri ýazyp bermekleri üçin olara zor salynýar, eger-de beýle etmekden ýüz döndürseler bolsa, özüne "men" diýip gaýşarýanlar olary kemsidýärler we göwünlerine degýärler.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda näme etmeli? Biziň maşgala lukmanymyza kömek edip bolarmyka? Biziň gödeklige gaýtawul berip bilmedik maşgala lukmanymyz diňe bir gowy adam bolman, eýsem ol köp ýyl işläp tejribe toplan ýokary derejeli hünärmen".

Selbi

 
( 31 Ses Berme )

Bu eýýäm birinji gezek däldi. Urgulara çydap bilmän aglaýan Marala: "Näme üçin maňa durmuşa çykdyň? Meniň başga aýalym, çagalarym bar. Gözüm seni görmesin" diýip gaharly gygyrýan Myrada, hatda ejesi bilen kakasy hem garşylyk görkezmeýärdiler, garşylyk görkezjek hem bolmaýardylar. Myrat bilen Maralyň durmuş guranyna ýaňy bir ýyl bolupdy. Olaryň gyz bäbejigi hem doguldy. Emma bu bir ýyl Maral üçin dowzaha öwrüldi. Myrat ony günde diýen ýaly urýardy. "Äriň ikinji hudaýyňdyr" diýen düşünje bilen terbiýe alan Maral bolsa çydaýardy. Adamsynyň ony urýany barada hatda ene-atasyna hem aýtmaýardy. "Egerde Maralyň ejesi ony öýüne alyp gitmedik bolsa, bu öýden görgüliniň ölüsi çykardy" diýip, goňşulary habar berdiler.

 
( 40 Ses Berme )

Aýallara zulum edilmegine garşy göreşmegiň Halkara güni 1981-nji ýylyň 25-nji noýabrynda syýasy işjeň zenanlar tarapyndan bellenilip başlandy we 1999-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Halkara güni diýlip yglan edildi. Bu bellenilýän Halkara günüň dowamynda BMG-nyň Baş Assambleýasy halkara guramalara we hökümetlere degişli bolmadyk guramalara aýallara zulum edilmegine garşy göreş babatda iş çärelerini geçirmegi teklip etdi. Şeýle bolsa-da, käbir alymlaryň geçiren derňemeleriniň esasynda, dünýäde aýallara garşy zorluk edilmesi, maşgalada erkek bilen aýalyň arasyndaky deňsizlik, aýallary jynsy gatnaşyklara mejbur edýän zorluk, erkek oglanlar tarapyndan jynsy gatnaşyk etmek maksady bilen edilýän hereketler we kemsitmeler ýyllaryň geçmegi bilen käbir ýurtlarda kemelsede, käbir ýurtlarda artýar.

 
( 31 Ses Berme )

"...Meniň çagam syrkawlady. 5 ýaşly gyzymyň gyzgyny ýokarydy. Men näme etjegimi bilmän, maşgala lukmanyny çagyrmak üçin saglyk öýüne jaň etdim. Saglyk öýünden lukman çagyryşlaryň köplügi sebäpli, bu gün onuň baryp ýetişmejekdigini aýtdylar.

Çagany saglyk öýüne getirmeli boldy. Maşgala lukmany näsaglary kabul ediş wagtynda ýerinde ýokdy. Ýarawsyz çaga bilen lukmana garaşýan wagtymyzda, zalda tam süpüriji poly ýuwmak üçin birnäçe gezek aýagymyzy ýokary galdyrmagymyzy sorady.

Ahyrsoňy lukmanyň ýanyna bardyk, emma ony kosmetika serişdeleri has gyzyklandyrýardy (şol wagt onuň iş otagynda kosmetikany satýan aýal otyrdy). Kabul eden wagtynda ýarawsyz çaganyň biraz ynjyklyk edýändigi sebäpli lukman bize häli-şindi duýduryş berýärdi we çaga käýýeýärdi. Göwnüme bolmasa, lukmanyň bizden basymrak dynasy gelýärdimikä diýýärin, sebäbi bizi üns berip diňlemeýärdi, häli-şindi sözümizi bölýärdi. Lukman derman ýazyp bereninden soň biz öýe gaýdyp geldik.

Gije çaganyň özüni ýaramaz duýup başlandygy sebäpli biz "Tiz kömegi" çagyrmaly bolduk. Netijede, bizi öýken sowuklamasy, ýagny pnewmoniýa diýen kesel bilen hassahana iberdiler..."

Maral, 32 ýaş.

 
( 34 Ses Berme )

Türkmenistanda maşgala we nika, şol sanda çaga dogluş meselesiniň esasy meseleleriň biri bolup durýandygy öwgä mynasypdyr. Çünki maşgala we çagalar – islendik sagdyn jemgyýetiň we döwletiň wajyp düzüjisidir.

Önelgelilik saglygyna we hukuk meselesine degişli soraglar her adamy gyzyklandyrýar. Döwürdeşlerimiz dogry saýlamak we nesil öndürmek hakynda, howpsuz we kanagatlandyryjy jyns gatnaşyklary hakynda, şeýle hem aýal bilen erkegiň arasyndaky gatnaşygy hakynda ýüze çykýan soraglara jogap tapmak isleýärler.

 
( 20 Ses Berme )
  1. HALKARA NAMALAR
    1. ADAM HUKUKLARYNYŇ ÄHLUMUMY JARNAMASY (1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndan)
      Bu Jarnamada BMG-niň agzasy bolan ähli döwletleriň we halklaryň ýerine ýetirmäge ymtylmaly wezipeleri beýan edilýär. Şeýle-de olar milli we halkara öňdebaryjy çäreleriň üsti bilen has erkin ýaşamak, birek-biregi hormatlamak, adam hukuklaryny berjaý etmek şertlerinde sosial öňe gidişligi we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmaga ýardam bermelidirler.
    2. Mejlisiň Kararlaryna laýyklykda 1996-njy ýylyň 20-nji dekabryndan Türkmenistan aşakdaky namalara goşuldy:
      1. RAÝATLYK WE SYÝASY HUKUKLAR HAKYNDAKY HALKARA PAKTY (1966-njy ýylyň 16-njy dekabryndan);
      2. YKDYSADY, DURMUŞ WE MEDENI HUKUKLAR HAKYNDAKY HALKARA PAKTY (1996-njy ýylyň 16-njy dekabryndan)
        Şu namalara gatnaşýan döwletler Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna laýyklykda nusgalyk erkin şahsyýetiň diňe her bir adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän zerur şertleriň döredilen ýagdaýynda döräp biler diýip ykrar edýärler.
 
( 19 Ses Berme )
  1. МЕЖДУНАРОДНЫЕ АКТЫ
    1. ВСЕОБЩАЯ ДЕКЛАРАЦИЯ ПРАВ ЧЕЛОВЕКА (от 10 декабря 1948 года)
      В данной Декларации провозглашены задачи, к выполнению которых должны стремиться все народы и государства члены ООН, и путем национальных и международных прогрессивных мероприятий, содействовать социальному прогрессу и улучшению условий жизни при большей свободе, всеобщем уважении и соблюдении прав человека.
    2. Постановлениями Меджлиса от 20 декабря 1996 года Туркменистан присоединился к следующим документам:
      1. МЕЖДУНАРОДНЫЙ ПАКТ О ГРАЖДАНСКИХ И ПОЛИТИЧЕСКИХ ПРАВАХ (от 16 декабря 1966 года);
      2. МЕЖДУНАРОДНЫЙ ПАКТ ОБ ЭКОНОМИЧЕСКИХ, СОЦИАЛЬНЫХ И КУЛЬТУРНЫХ ПРАВАХ (от 16 декабря 1966 года)
        Участвующие в этих документах государства признают, что согласно Всеобщей Декларации прав человека, идеал свободной человеческой личности, может быть осуществлен только, если будут созданы необходимые условия, при которых каждый может пользоваться своими гражданскими, политическими, экономическими, социальными и культурными правами.
 
( 26 Ses Berme )

 

 

Maşgalada çaganyň dogulmagy uzak garaşylan baýramçylykdyr. Şu pursatdan çaganyň ene-atasynyň durmuşynda täze jogapkärli döwür başlanýar, sebäbi indi esasy alada çagajygyň üpjünçiligi we saglygy bolup durýar.

 
( 27 Ses Berme )

Adam haýsydyr bir saglyk kynçylygyna uçramasa, öz saglyk ýagdaýy barada asla alada etmeýär. Emma biziň saglygymyz ýa-da ýakynlarymyzyň saglygy islendik wagt kynçylyga uçrap bilýändir. Şonuň üçin-de, saglygymyz barada öňünden alada edenimiz gowy dälmi näme?

Saglygy goramak we onuň aladasyny etmek babatda hemmeler tarapyndan ykrar edilen usullar, ine, şulardyr: sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, dogry iýmitlenmek we sport bilen meşgullanmak. Emma biziň günlerimiziň bazar ykdysadyýetinde lukmançylyk hyzmatlarynyň we derman serişdeleriniň bahalarynyň ähmiýeti hem az däldir. Biz saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy arkaly bejergimiziň tölegini arzanladyp, maşgala byujetine "ýeňillikler" döredip bileris. Türkmenistanyň Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy (DMSGÄ) raýatlaryň girdejisine garamazdan, hemmeler: işleýänler üçin-de, hormatly dynç alyşdaky adamlar üçin-de, çagalar üçin-de elýeterlidir. Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylmasynyň töleg gatanjy her aýda her bir adam üçin zähmet hakynyň (işelemeýänler üçin kesgitlenen binýatlyk möçberiniň) 2%-ne deňdir.

Siziň dykgatyňyza hödürlenýän şu ýazynyň esasy maksady döwlet düzgünnamasyna laýyklykda umumy maglumaty ilata sada dilde ýetirmekden ybaratdyr.