Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek
( 16 Ses Berme )

Gündelik durmuşymyzda biziň her birimiz dürli sebäplere görä alynýan şikeslenmeleriň netijesinde ýaralanmalara sezewar bolýarys. Gynansakda, biziň hennämiz ilkinji doly we dogry berilmeli lukmançylyk kömeginiň aýratynlyklary barada bilmeýäris. Şonuň üçin ilki bilen ýara, onuň görnüşleri we ilkinji berilmeli kömek baradaky maglumatlary bilmek zerurdyr.

Ýara diýip nämä aýdylýar?

Ýara diýip, deriniň we nemli bardanyň bütewliliginiň bozulmagyna aýdylýar. Ýaralar öz ölçegleri, görnüşleri we çuňlugy boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar.

 
( 16 Ses Berme )

Elektrik togy bilen şikeslenme köplenç halatlarda, durmuşda ulanylýan elektrik togunyň ýokary güýçlenmesiniň (naprýaženiýe) ýa-da ýyldyrymyň adam bedeniniň dokumalaryna täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Işde elektrik enjamlary bilen işlenende iş howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmezlik hem elektrik togunyň urmagynyň giňden ýaýran sebäbi bolýar. Şundan başga-da, önümçilikde näsaz elektrik enjamy ýa-da durmuş maksatly islendik abzallar hem-de üzülen ýokary woltly liniýalar hem agyr elektrik şikeslenmeleriň çeşmesi bolup bilýändir. Elektrik togunyň täsir ediş derejesi gönüden-göni elektrik toguň güýjüne we onuň güýçlenmesine, şol sanda hem adamyň saglyk ýagdaýyna, elektrik toguň bedene degiş usulyna hem-de ilkinji kömegiň özwagtynda berilmegine baglydyr.

 
( 23 Ses Berme )

Gynansakda, biz gündelik durmuşymyzda dürli sebäplere görä şikeslenmeleriň dürli görnüşlerine sezewar bolýarys. Ýokardan gaçma, bat bilen urlan zadyň zarbasyna sezewar bolma, typyp ýykylma we ýene-de ençeme şikeslenmelere getirýän sebäpler biziň direg-hereketlendiriş ulgamymyzyň şikeslenmegine, üýtgemegine, biziň zähmete ukyplylygymyzyň belli bir wagt aralygy ýitirilmegine getirýär.

Şikeslenme netijesinde alnan zeperlenmeleri aýyl-saýyl edip, dogry we özwagtynda kömek berilme hem-de bu düzgünleri hemmeleriň bilmegi wajyp bolup durýandyr.

 
( 27 Ses Berme )

Biziň ýurdumyzyň seýsmiki çäkde ýerleşip, köplenç halatlarda tebigy hadysa bolan ýer titremesiniň bolup durýandygyndan biziň hemmämiz hem habarlydyrys. Esasan hem dag eteklerindäki zolaklarda döreýän bu tebigy hadysa her birimizden çalt, dogry we guramaçylykly çäreleri alyp barmagyň zerurlygyny talap edýär. Biziň we ýakynlarymyzyň saglygy we ömri ol çäreleriň özwagtynda we dogry geçirilşine juda bagly bolup durýandyr.

ÝER TITREME NÄME?

Bu ýer astyndan döreýän urgy we ýer üstüniň sarsgyny netijesinde ýer gabygynyň ýa-da mantiý gatlagynyň üstki böleginiň uly aralykda berk, çeýe yrgyldy görnüşde böwsülip ýarylmagy, boşluklaryň emele gelmegidir. Ýer titremesiniň güýji seýsmiki şkala boýunça 12 bal bilen bahalandyrylýar. Şertleýin ýer titremesiniň güýjüni ballar boýunça topara bölýarler: 1-4 ball – gowşak, 5-7 ball – güýçli, 8 we ondan hem ýokary – weýran ediji.

 
( 17 Ses Berme )

Çagalar jemgyýetiň goraga mätäç gatlagy bolup, olary daş-töweregiň tebigy we sosial ýaramaz täsirlerinden goramak ata-eneleriň, terbiýeçileriň, sosial gullugyň işgärleriniň esasy borjy bolup durýandyr. Edepsiz ýoldaşlarynyň täsirinden goramak üçin biz gowy bilen erbediň tapawudyny aňladyp görkezsek, köçedäki howpsyzlyk üçin ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyryp, ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsyzlygynyň kadalaryny mälim edip bilýäris. Ýöne jemgyýetde çagalara adaty bolmadyk, ýaramaz söýgi bildirýän nähoş adamlardan biz çagalarymyzy nädip goramalyka?

 
( 14 Ses Berme )

ÄGÄ BOLUŇ! DÜMEW...

ýa-da onuň bejergisinde göýberilýän 5 sany ýalňyşlyk.

Siz ähtimal "Eger dümew bejerilse ol bir hepdäniň içinde aýrylyp gider, bejerilmese 7 günüň içinde” diýen nakyly eşiden bolsaňyz gerek. Güýz aýlaryň gelmegi bilen ýüze çykýan we ýaýraýan dümewe, biziň köpümiz asla üns hem bermän tapan derman serişdelerimiz bilen bejermäge synanşyp, gaýraüzülmelere getirip biljek ençeme ýalňyşlyklary göýberýäris.

 
( 22 Ses Berme )

Köp halklaryň medeniýetinde alkogol içgileriň kadaly kabul edilmeginiň däp bolup galmagy, onuň täsiri bilen bedeniň zäherlenmesiniň has ýygy düş gelmeginiň sebäbi bolup durýandyr. Bu zäherlenmäniň saglyga ýaramaz täsir edip, ençeme dowamly gaýraüzülmelere getirip bilme howpy, oňa mahsus bolan alamatlary anyklamaga we ilkinji kömegiň berliş usullaryny bilmäge bolan talaby ýüze çykarýandyr.

 
( 6 Ses Berme )

Tomus döwrüniň yssy howasy adamlary deňiz ýakasynda, derýalaryň, kölleriň kenarlarynda dynç almaga höweslendirýär. Deňziň sergin howasy, suwuň ýakymly täsiri adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle ýagdaýlarda adamlar käwagt ätiýajy elden berip, gynansak-da, gark bolmalara uçraýarlar.

Gark bolma – suwuň dem alyş ýollaryna düşmeginiň ýa-da sowuk suwda ýüregiň reflektor togtamasy zerarly adamyň öýkeninde gaz alyş-çalşygynyň peselip, dem almasynyň kesilmeginiň netijesinde döreýän ölümiň öňüsyrasyndaky ýa-da ölüme getirýän ýagdaýdyr.

Gark bolma ýagdaýy, beden ulgamlarynda bozulma häsiýetiniň  döreýşine baglylykda birnäçe görnüşde ýüze çykyp biler:

 
( 9 Ses Berme )

Ýüregiň adam ömrüniň dowamynda dyngysyz işleýänligi sebäpli, ol kislorodyň we ýokumly maddalaryň üznüksiz gelip durmagyna mätäçdir. Şonuň üçin hem ýüregiň ýörite öz damarlar ulgamy bolup, daşky görnüşi boýunça ol täji (rusça "korona") ýadyňa salýandyr. Şol sebäpden hem ýüregiň damarlaryny "koronar" ýa-da "täç görnüşli" diýip atlandyrýarlar.

Ýüregiň üznüksiz işi damarlardan ganyň hem üznüksiz hereketini talap edýändir.

 
( 10 Ses Berme )

Çagalaryň bilesigelijiligi, hereketjeňligi käwagt olaryň ýanyklara uçramagyna sebäp bolýar. Muňa gündeki durmuşdan ençeme mysallary getirmek bolaýar. Mysal üçin, otluçöpi oýnamazlyk, ýanyp duran oda, gaýnap duran gazana, çäýnege golaýlaşmazlyk, tomus döwründe günortan daşarda oýnamazlyk we beýleki ençeme duýduryşlaryň berilýändigine garamazdan, çagalar ýanyklara örän köp uçraýarlar.   

Çagalaryň arasynda giňden ýaýaran ýanyklaryň biri — gaýnag suw, tok enjamlaryny oýnama, ýanyp duran ojaga golaýlaşma zerarly döreýän ýanyklardyr. Kiçi ýaşly çagalara näçe göz-gulak bolunsa-da, olar käwagt gyzgyn çäýnegi, gaýnap duran suwy üstlerine dökenlerini özleri-de duýman galýarlar. Olar bilesigelijiligi sebäpli işläp duran tok enjamlaryna, ýanyp duran oda gorkman golaýlaşýarlar. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň ýanyga uçrama howpy döreýär. Haýsydyr bir ýeri ýanan çaga çirkin  gygyrýar. Şonda ulular çaganyň çirkin sesinden ýaňa ilkibada aljyrap, näme etjeklerini bilmän, ikiýana ylgaýarlar. Ýöne iň esasy zat — aljyraman, dürs hereketleri etmelidir. Ýanyklarda ilkinji kömegi edýän adam üçin şu aşakdaky maslahatlar peýdalydyr.