Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Wajyp soraglar Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...
( 15 Ses Berme )

Ýaşaýan podýezdimizi süpürip öýe girenime iki sagat hem geçmändi. Işe gitmek üçin çykanymda, podýezden çykalgada ýene polietilen paketden dökülen kagyzlaryň ýaýrap ýatandygyny görüp, ýarym sagat geçiren tämizleýiş işlerimiň biderek bolandygyna göz ýetirdim. Üstesine hem, aşaky gatdaky goňşymyň gapysynyň agzyna uly pakeda salnan öý zibillerini çykaryp goýandygyny görüp has hem lapym keç boldy. Esasy zibil atylýan konteýnerleriň bary-ýogy birnäçe metr daşlykda ýerleşendigine garamazdan, meniň ençeme goňşularymyň öz öý zibillerini daşyna çykaryp goýup, ony birnäçe wagtdan taşlamaklary indi bir adat bolup barýardy. Ýokarky gatdan düşüp barýarkaň, goňşularyň gapysyndaky zir-zibil salnan uly paket haltalar olaryň gapysynyň goragçysy ýaly sömelşip, has hem tomus aýlary ýakymsyz yslaryň çeşmesine we wazzyllaşýan siňekleriň mesgenine öwrülýädiler.

Meniň işdeş ýoldaşym meniň janygyp aýdýan nalyşlarymy diňläp: "Bu dagy nämejik! Meniň ýaşaýan 12 gatly jaýymyň ýokarky gatlaryndan zibilli torbalar zyňlyp, hatda galyndy, aşly çorbalar hem guýulýar" diýip güldi.

Ýaşaýyş jaýlaryň ýanynda zyňylýan öý-hojalyk zibilleri, dynç alynýan seýilgählerde biziň günämiz bilen döreýän zibilli ýygyndylar, gidip barýan maşynyň aýnasyndan ýola zyňylýan hapalar, edaralarda nobata duran adamlaryň bäş ädim aňyrsynda zibil üçin niýetlenen bedrä atman, öz yzlarynda kagyzlary we plastik paketleri, çüýşeleri taşlap gitmegi...

Biziň durmuşymyzdan alnan bu parçalar

Bizde arassaçylyk medeniýeti barmy? Onuň bolmazlygy jemgyýetde umumy medeniýetiň pesliginiň alamaty bolup bilýärmi?

görnüşli soraglaryň ýüze çykmagyna itergi berýär.

Biziň her birimiziň ýaşaýşymyz üçin wajyp mesele babatda pikirleriňizi, teklipleriňizi bilmek umydy bilen, JAHAN.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Berkeli. 2017-03-30 23:39
Gözüň öňünde jaýdan çykylýan ýerlerde we töwereginde zibilini zyňyp, taşlap barýan adamyny göreniňde gaharyň gelip, ýeňse damaryň gatandygyny duýman galýarsyň. Ol adam gözüň öňünde nahar saçagynyň üstüne nejadyny taşlap duran iti ýatladýar.
Sitata
 
 
#11 Suleýman 2017-01-15 20:30
giç ýagşy..!
Sitata
 
 
#10 Suleýman 2017-01-15 20:29
men
Sitata
 
 
#9 geldi 2016-10-16 07:17
hemmesi bilen ylalashyan
Sitata
 
 
#8 Aras Fathi 2016-09-10 08:54
Sina Pishgam Darou Novin is one of the Iranian pioneer companies in the field of marketing, sales, importing and exporting pharmaceuticals in Iran. The company started its business in 2011 and has exported its products to many African countries, Kurdistan in Iraq and Afghanistan.
Since continuous quality improvement of products, considering patients’ affordability and finally achieving physicians and patients’ satisfaction are our most important missions; hence, we do our best to achieve these purposes.
In short, providing opportunities forward a stable development in Pharmaceutical systems, Sina Pishgam Darou Novin tries to supply the distributors in Middle East and Africa with the latest pharmaceutical achievements and pharmaceuticals on one hand; and on the other hand, it tries to supply high quality products to increase public health and hygiene.
The pharmaceuticals supplied by Sina Pishgam Darou Novin include Antibiotics, Dermatology, Epilepsy, Hypertension, Vitamins etc. Considering buyers’ demands, we can supply the required pharmaceuticals and Supplementary Medicines. Meanwhile, in case the registration is compulsory in the Ministry of Health of target country, we will submit the needed documents in this regard.
Sina pishgam darou is an exporter Iranian pharmaceutical company which has exported pharmaceuticals and disposable medical products to many Asian and African countries and we have a complete list of various pharmaceuticals (Iranian & European).
We are looking forward to have business with your company.


Aras Fathi,



Sales Department
Export Sales Manager.

Sina Drug Company
Direct line: (+98) 21 88225236
Fax: (+98) 21 88630178
Company Tel.: (+98) 21 88630175
Cell phone: (+98) 9039654819
(+98) 9189833066
www.sinapishgamdarou.com
Sitata
 
 
#7 Kakyş 2016-06-25 05:55
Salam hormatly Lukman!men erkek oglan 21 ýaşly.Men köpden bäri sport bilen meşgul bolýaryn.Men sportçylaryň testesteron garmonlaryny ullanýandyklaryny eşitdim meselem(propionat,enentat,nandrolon) ýaly şol garmonlaryn bizin bedenimize ýetirip biljek zyýany we täsiri hakynda aýdyp beräýseňiz sizden hoşal bolordyk!
Saýtyň okyjysy.
Sitata
 
 
#6 Ýaňyl. 2016-06-21 01:42
Soraglaryňyza jogap: Ýok. Howwa.
Sitata
 
 
#5 Synçy. 2016-05-23 01:06
Arassaçylyk medeniýetine meniňä düşünşim: Her şahsyýetiň özüni, ýaşaýan, gatnaşykda bolan ýerlerini arassa saklamak diýip düşünemok. Medeniýetlilik özüňi köpçülik ýerlerinde alyp barşyň, şol sanda arassaçylyk medeniýeti jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylygy saklaýşyň esasy görkeziji bolup durýar diýip hasaplaýaryn.
Sitata
 
 
#4 Peri 2016-05-05 14:57
Türkmeni dürtmesen duýmaz diýleni. Eger düýpli çäre görülmese türkmeniň bu häsiýetini üýtgedip bolmaz
Sitata
 
 
#3 Betdi. 2016-05-01 21:46
Öýleriň ýanynda polisiýa gözegçiligini edip, zibil zyňýanlara jeza çäresini dikeldäýmeseň başa barjak däl ýaly. Adamlar düşünesleri gelmese, oňaýly bolmasada başga çäre ýok.
Sitata
 
 
#2 Sanjar. 2016-04-07 00:08
Arssaçylyk hakynda alada etmezlik we berjaýlyk bolmazlygy medeniýetsizligiň örän pesdiginden habar berýär. Ol bolsa raýatlaryň geleňsizliginiň we çagalar üçin alyp barylýan terbiýesiniň iňňän pesliginiň alamatydyr.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2016-03-24 00:30
Örän wajyp, durmuşy mesele. Hemme görkezilen belliklere her ädimde duşulýar. Ýöne biziň podýezmiziň içinde birinji etažynda ýa-da gatlaryň arasyndaky boşluklara siýip, syçyp, gaýtaryp gidýärler. Muňa näme diýjek. Kä adamlar haýwanlardan hem geçirdi. Bu masgaraçylyklardan soň medeniýet barada gürrüň edebem oturmaly dälmikä diýýärin.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele