Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Wajyp soraglar Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...
( 8 Ses Berme )

Meniň joram gatyrganyp gürrüň berýärdi "Aýda-ýylda bir gezek Orazy oglumyzyň ene-atalar ýygnagyna ugratdym. Mundan öň özüm gidýärdim. Alty ýylyň içinde bir gezek gidip bolara?! Ol bolsa ýalňyşyp onuň öňki okan mekdebine barypdyr. Biz ony alty aý mundan öň başga, goňşy mekdebe geçirdik ahyryn. Näme üçin şeýdendigini sorasam: "Men üns berip durynmy! Işim bilen başyma gaý" diýip jogap berýär".

Dogrudan hem, biziň jemgyýetimizde çagalaryň terbiýesini eneleriň geçirmelidigi, atalaryň bolsa esasy eklenç etmek işi bilen meşgullanmalydygy baradaky pikir berk ornaşan. Terbiýeçilik işinde temmi bermeli halatlary bolaýmasa ("Ynha kakaň gelsin. Seniň gulagyňdan çeker welin..."), terbiýe we bilim berme işiniň labyrly bölegi öý-hojalyk işleri bilen birlikde eneleriň (olaryň köpüsi hem işleýär) paýyna düşýär.

Psihologlaryň bellemegine görä, ösüp barýan çaganyň içki dünýäsi, okuwy, höwesleri bilen gyzyklanma, onuň bilen wagtyňy peýdaly geçirme, bilelikde belli bir işleri etmek, gerek wagtynda oňa goldaw we kömek berme onda jogapkärlik häsiýetlerini terbiýeleýär, çaga atasyny esasy görelde alma ülňüsi höküminde kabul edýär. Göreldeli atanyň maşgaladaky orny geljekde ata bolmaly oglanjyga öz guran maşgalasyndaky ornuny görkezýän bolsa, gyzjagaza geljekki saýlap aljak ýanýoldaşynyň obrazyny kesgitleýär.

Döwürdeş atalar öz çagalarynyň terbiýesine günde näçe wagt sarp edýärlerkä? Bu sorag bilen gyzyklanyp çeşmelere ýüzlenemde, iňlis atalaryň çagalary bilen gatnaşygyna günde 24 min wagty, italýan we fransuz atalaryň 50 min, rus atalaryň bolsa ortaça 1 sagatdan 2 sagada çenli wagt sarp edýändigi barada maglumat aldym.

Ýöne meni gyzyklandyrýan

Türkmen atalary çagasynyň terbiýesine günde näçe wagt sarp edýär?

mazmunly soraga bolsa jogap tapma maňa başartmady.

Çagalarymyzyň terbiýesi we geljekki durmuşy üçin wajyp sorag babatda siziň pikiriňizi bilmek islegi bilen, JAHAN.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Taýaz. 2017-06-09 09:45
Ol babatda ýaşlykda atasyndan alan terbiýäni çagalaryna geçirip bilen ata olaryň aladalary ene-ata boljakdygyna şubhe etmese gerek. Näme ekseň şonam orarsyň.
Sitata
 
 
#5 Çary 2017-02-18 01:50
Bizde türkmenlerde köp erkekler çaga dogurtmak esasy borjydyr öýdýärler. Erkekler esasy borjuň çaga terbiýesi we aladalarydygyny bilen döwründen durmuş aýallar üçinem gözellige tarap ilerlär.
Sitata
 
 
#4 Sopy 2017-02-10 00:35
6-7 çagasy bolan köp çagaly maşgalada ýeke özi eklenç edip ýören atanyň çaga aladalary üçin örän ezber bolaýmasa ýetişmejegi belli ahyryn. Şonuň üçin hemme aladany öz gerdeninde çekip ýörmek enäniň borjy bolup galýar. Şonuň üçin olar garrylyga ýetmän saglygyny ýitirýärler.
Sitata
 
 
#3 Aýgül 2017-02-08 22:25
Çagalaryna görelde bolup, öz gowy hereketlerini öýde görkezýän, ogluna, gyzyna nusga bolýan kakalaryň höwri köp bolsun. Ýöne öňki ýaly sagat 9-dan sagat 18-e çenli döwlet edaralarynda işleýänler köp dälmikä diýýärin. Häzir galaba sagaty takyk bolmadyk işlerde işlenilýär. Galybersede, seniň geljekde, ýagny garraňda howandaryň bolmaly çagaňa wagt tapsa bolarmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#2 Kerim 2017-02-08 02:04
Quoting Aýgül:
Meniň bilen hem edil ýokardaky bellenilşi ýaly ýagdaý bolup geçdi. Ejem özüniň işlidigini, her gezegem özüniň gidýändgini belläp, hut bir gezek ata-eneler ýygnagyna kakamyň gitmegini talap edip, zor bilen boýnuna goýdy. Kakamam biziň klasymyzyň başga mekdebe geçirileninden bihabar ýaly bolup,ýogsam iki ýyl bäri şu mekdepde okaýanyma garamazdan, meni öňki okan mekdebimden gözläp tapman, öýe gelip goh turuzdy. Türkmen erkekleri-hä çaga terbiýesine wagt harçlaýandyr öýdemok. Bir zat bolsa ejeňden sora diýip başlaryndan soýarlar.


Türkmen maşgalasynda erkek adam hemişe eklenjiň ugurnda bolýar,aýal öýde bolanda,hiç ýerde işlemese,elbet-de çaga terbiýesi,öý işleri bilen meşgul bolmaly bolýar,näme diýsegem.Irden 8 bolmanka işe diýip çykyp gitýan erkek adam öýlän 6 dan soň öýe gelse,çagalary bilen bolýan wagty ejä garaňda az bolar elbet-de.Şonda-da Hemme erkekleri bir hatardan sürüp "Türkmen erkekleri-hä çaga terbiýesine wagt harçlaýandyr öýdemok. "diýmek dogry däl.Çagalaryna görelde bolup ýören kän kakalar bar!
Sitata
 
 
#1 Aýgül 2017-02-07 23:40
Meniň bilen hem edil ýokardaky bellenilşi ýaly ýagdaý bolup geçdi. Ejem özüniň işlidigini, her gezegem özüniň gidýändgini belläp, hut bir gezek ata-eneler ýygnagyna kakamyň gitmegini talap edip, zor bilen boýnuna goýdy. Kakamam biziň klasymyzyň başga mekdebe geçirileninden bihabar ýaly bolup,ýogsam iki ýyl bäri şu mekdepde okaýanyma garamazdan, meni öňki okan mekdebimden gözläp tapman, öýe gelip goh turuzdy. Türkmen erkekleri-hä çaga terbiýesine wagt harçlaýandyr öýdemok. Bir zat bolsa ejeňden sora diýip başlaryndan soýarlar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele