Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Neşekeşlik NEŞEKEŞLIK WE MAŞGALA GATNAŞYKLARY
( 18 Ses Berme )

"...Meniň iki oglum bar. Adamym bilen halaşyp baryşdym. Biri-birimize düşünýärdik. Ol neşe kabul edip başlaly bäri, meniň maşgala durmuşym hem dargap başlady. Ol menden we çagalaryndan juda daşlaşýar. Işlemesini goýdy. Ýalbaryp gördüm, gaharlanyp çykdym, dyza çöküp ýalbaryp gördüm. Soňky hepdede öýden zatlar ýitip başlady... Çagalarymy alyp hem gidip bilemok. Men ony gowy görýärin ahyryn?!..."

Maslahata gelen zenanyň gürrüňinden.

 

Adama wagtlaýyn keýp berýän dürli serişdeleriň ýaýramagy we giňden ulanylmagy, biziň döwrümize mahsus alamatlaryň bir görnüşidir.

Adamzadyň durmuşa guwanmagyň hakyky we dogry usullaryna ýykgyn etmän, keýp almanyň ýeňil we bedeni hem-de ruhy dünýäni dargadyjy ýollaryny saýlap almagy diýseň gynandyrýandyr. Gaýtalanyp durýan emosianal ýagdaýlar toplumyna bolan talap, neşe garaşlylygynyň ilkinji we esasy sebäbidir.

Neşekeşlik – bu adamyny bütin dünýäden daşlaşdyryp, diňe neşäni ulanmak, oňa bagly bolup, onuň täsirinde bolmak bilen çäklenen ýaşaýyş ýagdaýydyr.

Biziň äpet ummanymyzyň bir kiçijik bölejigi bolan neşe serişdesine bakna bolup ýaşamak, adam bilen bütin dünýäniň arasynda aýrylmaz bir diwary döredýär.

Neşekeşlik ölüm howply kesel bolup, ol sosial, genetiki, fiziologiki üýtgeşmeleri öz içine alýandyr.

Neşekeşlik bütin maşgalanyň keseli bolup, ondan köp derejede ene-ata, neşekeşiň aýaly (ýa-da adamsy), doganlary we çagalary ejir çekýärler. Olaryň neşekeşe bolan gatnaşygy, garaýşy, onuň sagalmagyna ýardam hem berip biler ýa-da tersine, ýagdaýy beterleşdirip hem biler.

Maşgalada ýakyn adamynyň neşe ulanmagy sebäpli döreýän emosianal dartgynlylykdan iň peýdaly gorag – bu babatda gerekli maglumatlary toplap, olary dogry ulanmak üçin özüňde gaýratlylyk we sabyrlylyk häsiýetleri terbiýelemekdir.

Maşgalanyň kömegine mätäç neşekeşiň, köplenç maşgala agzalarynyň nädogry hereket etmegi sebäpli, maşgaladan daşlaşdyrylan, öýke-kineli, rehimsiz adamlara öwrülmegi mümkindir. Ondan başga-da, neşekeşiň iň ýakyn adamsy ýa-da oňa jogapkär garyndaşynyň özi hem maslahata hem-de kömege mätäç bolýar. (Köp halatlarda ol kömege neşekeşden-de köp mätäçdir.)

Maşgalanyň hiç agzasy, başga maşgala agzasynyň neşekeş bolany babatda jogapkärçiligi çekip bilmeýär. Şonuň ýaly-da, onuň doly we gutarnykly sagalmagyna hem kepil geçip bilmeýär.

Maşgala edil hiç zat bolmadyk ýaly, çäre görmezden, bu ýagdaýy duşundan hem geçirip biler we keseliň beterleşmegine esas döreder. Ýöne maşgala, neşe serişdelerini ulanmak babatda bar bolan hemme maglumatlary toplap, ýerlikli ulansa, keselden saplanmaga mümkinçilik artýandyr.

Neşekeşlik barada alan maglumatlaryňyza daýanyp öz göreş meýilnamaňyzy düzmek we olary durmuşa geçirmek üçin ýeterlik sabyrly we edenli bolmak – neşekeşe beriljek kömegiň iň gowy görnüşidir.

Biz neşekeşlik babatdaky meseleleriň neşe serişdelerine bagly däl-de, şolary ulanýan adamlara baglydygyny düşünmelidiris.

Adamynyň özi neşe serişdelerinden gaça durup, özi üçin belli bir netijeleri çykarmasa, neşekeşlikden doly derejede sagalma bolup bilmeýär.

Düýbi tutulmadyk binany, näçe adam uly erjellik bilen, kerpiçme-kerpiç gursa hem onuň iru-giç ýykyljagy hakdyr. Guruljak binanyň birinji daşyny neşekeşiň özi uly ynamlylyk bilen goýmalydyr.

Näsaga ýazylan dermany, başgalaryň kabul edip, ony sagaldyp bilmeýşi ýaly, neşe ulanýan adamynyň öz islegi bolmasa, hiç kim oňa degerli kömegi berip bilmeýär. Azda- kände sagalma gazanylar ýaly, neşekeşiň özi bütin erkini, gaýratyny jemläp, öňe hereket etmäge ymtylmalydyr.

Neşäni tapyp ulanmak üçin, neşekeş bütin maşgalany aldap, maşgala gatnaşyklaryny dargadyjy dürli pirimleri ulanýar. Günüň gününe neşäni tapmagyň ugrunda olar kanuny hem bozup, jenaýata hem baş goşmaly bolýarlar.

Maşgala agzalary ýalbarýarlar, gaharlanýarlar, kä halatlarda oňa düşünmek islese, soň ýazgarýarlar. Şonuň bilen bir wagtda-da, ony neşekeşlik bilen bagly kynçylyklardan alyp galmak üçin kömek edýärler, arkasyny alýarlar, dözmezçilik edýärler.

Maşgalada esasy üns merkezi bolup galyp, maşgala agzalaryna öz diýenini etdirmek maksady bilen neşekeş dürli özboluşly tilsimleri ulanyp biler.

Maşgala agzalarynyň gaharyny getirip, olary ruhy deňagramlylykdan çykarmak, neşekeşiň tilsimleriniň bir görnüşidir. Bilgeşleýinmi ýa-da tötänden neşekeş maşgala agzalarynyň birini özüne duşman "edinip", onuň garşy bildirmelerini özüne garşy başlanan göreşiň bir bölegi diýip yglan edýär. Haçanda, ýakynlary onuň nädogry hereketlerine garşy tolgunyp, gaharly daraşsalar, ol şol hereketlerini özüniň şu gezek we indiki gezek ulanjak neşe kabul etmelerine bahana edinýär. Onuň hereketleri takmynan: "Siz meni ýekereýärsiňiz we maňa öz gazabyňyzy bildirýärsiňiz. Şonuň üçin hem men, biçäre görgüli, neşe kabul edip, öz ýagdaýymy ýeňledýärin" diýen manyny aňladýandyr. Şonuň üçin hem, maşgala agzasy sowukganly bolma ukybyny ýitirip, gaharly daraşsa, biraz wagtlyk hem bolsa, neşekeşe kömek berme mümkinçiligini ýitirýändir.

Ondan başga-da, käbir maşgala agzalarynda howsalalyk, gaýgyçyllyk duýgularyny döretmek ukyby-da, neşekeşiň ýene bir tilsimleriniň görnüşidir.

Neşekeşiň kynçylyklaryny çözmek, ony dürli pajygaly ýagdaýlardan halas etmek, onuň aladasy bilen ýaşamak, ýakyn adamlarynyň esasy işine öwrülýär.

Hemişe ýüze çykýan maddy meseleleri çözmek şuňa mysal bolup biler. Neşekeşiň neşä pul tapjak bolup, karz almalary (satyp pul tapmak üçin ogurlyk etmek has uly kynçylyklara alyp barýar) onuň pul bergisiniň köplüginden habar berýär. Bu ýagdaý neşekeşiň garyndaşlaryny uly alada goýýar we olar pul tapyp, onuň bergilerini berýärler. Mesele wagtlaýyn çözülýär we  garyndaşlary arkaýynlaşýarlar... Neşekeş bolsa, maşgalanyň oňa ejir çekmäge ýol bermejekdigine we hemişe kömek etjekdigini bilip, kynçylygyny çözmegiň ýeňil ýoluny tapýar. Maşgalanyň bu hereketi ýagdaýy beter agyrlaşdyrýar.

Bu hereket bir tarapdan onuň bigaýratlygyndan we gowşaklygyndan habar berip, ony maşgala agzalarynyň öňünde peseldip görkezýär we neşekeşi maşgala garşy beter öjükdirýär. Başga tarapdan bolsa, kynçylyklary çözme netijesinde onuň taplanmasyna böwet bolýar. Sebäbi onuň nädogry hereketi maşgalada goldaw tapýar.

Neşekeşiň maşgalasyndaky maşgala gatnaşyklarynda söýgi duýgusy asyl manysyny ýitirýändir. Neşekeş ýaramaz duýgulardan halas bolmak üçin neşe serişdesinden peýdalanýar hem-de öz hereketleriniň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak üçin öz maşgalasyny ulanmagyň usullaryny gözläp ugraýar. Bu ýagdaý maşgala uly ezýet berýär. Öýkesini ýuwdup, öz neşekeş agzasynyň döredýän üznüksiz kynçylyklaryna döz gelýän maşgalada duýgudaşlyk bolup bilermikä?!

Maşgalada söýgini saklamagyň ýeke-täk ýoly – bu neşekeşiň neşe ulanmagy netijesinde ýüze çykýan ýagdaýlaryndan ejir çekmezligi öwredip, neşekeşlik bilen bagly kynçylyklary ýeňip geçmekden ýüz öwürmekdir. Şeýle bolmasa duýgudaşlyk hem bolmaýar.

Adalatlylyk we duýgudaşlyk bolmadyk islendik gatnaşyklarda söýgi hem hiç haçan bolmaýar.

Neşekeşi neşe serişdelerinden, neşe kabul edýän dostlaryndan daşlaşdyryp biz sagalmany gazanyp bilmeris. Neşekeşi üzňe ýa-da tussagda saklap, sagaldyp bolmaýar. Adam ugurtapyjylygy ol ýerde hem neşe bilen üpjün edýän çeşmäni tapyp biler.

Sagalma islegi tapmagyň ýeke-täk ugry – adamyň özi neşeden saklanyp, ondan azat bolan pursatlary, oňa düşünmekligiňi, ynamyňy we söýgiňi bildirmäge synanyşyk etmekdir. Şeýle ýagdaý, neşekeşe wagtyň geçmegi bilen neşekeşligiň döredýän güýçli agyrylaryny ýeňip geçmäge uly kömek berip biler. Adam neşe ulanmakdan saklanyp ugranda biz oňa begenjimizi bildirmelidiris. Şonuň ýaly-da neşekeşlik zerarly ýüze çykýan kynçylyklary ýitileşdirip (oňa kömek etmezden), neşekeşe şolardan özüni alyp çykmak mümkinçiligini döretmelidir. Diňe şeýle bolanda, biz keseliň ep-esli wagt gowşamagyny gazanyp bileris.

Maşgalanyň hiç bir hereket etmän, ýüze çykan ýagdaýa kaýyl bolyp oturmagy, neşekeş tarapdan özüňiň doly derejede peýdalanylmagyna mümkinçilik döredýändir.

Maşgala agzalarynyň neşekeş bilen gatnaşyklary çäkli bolsa-da, azda-kände olar onuň bilen aragatnaşyk saklaýandyr. Şol garyndaşlyk gatnaşyklarynyň zyýanly, dargadyjy hem-de peýdaly taraplaryny öwrenip, şol gatnaşyklaryň peýdaly taraplaryndan köp peýdalanmaga çalyşmalydyr.

Neşekeşiň peýdasyz, boş, howply islegleri ýerine ýetirilip, hemme kynçylyklary maşgala agzalary we dostlary tarapyndan çözülýärkä, ol kömege we sagalma mätäçlik çekip bilmez.

Islendik agyr keselden soň sagalmanyň biraz wagty talap edişi ýaly, neşekeşlikden sagalma hem wagty, uly islegi, erki talap edýär. Şonuň ýaly-da, birden keseliň gaýtalanmagy hem ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlarda maşgala aljyraňňyllyga düşüp, neşekeşe kömek etmekden, onuň hereketlerini aklajak bolmakdan gaça durmalydyr. Ýekeje neşe mukdarynyň ýekeje gezek kabul edilmegi netijesinde hem keseliň gaýdyp gelip, maşgalada göreşe sarp edilen güýjüň, wagtyň, yhlasyň puja çykjakdygyny düşündirmelidir.

Neşekeş we onuň maşgalasy goldawy dost-ýarlary, goňşularyndan başga ýerde gözlemelidir. Kömegi we goldawy ýörite neşekeşlik soraglary babatda bilimi bolan hünärmenler ýa-da sagaldyş meýilnamalary boýunça işleýän tejribeli adamlar berseler dogry bolar.

Aýry-aýry maşgala agzalarynyň şolar ýaly guramalara kömek üçin ýüz tutmagy, wagtyň geçmegi bilen neşekeşiň we bütün maşgalanyň sagalmagyna tarap esasy ädimler bolup biler.

P. S. Neşekeşligiň dürli maşgala kynçylyklarynyň sebäbi bolup durýandygy bellidir. Makalada bu çylşyrymly meseläniň bir kiçijik bölegi beýan edilýändir. Elbetde, bu babatda Siziň hem pikirleriňiz bardyr. Siziň bu kynçylyga bolan garaýşyňyzy, pikiriňizi bilmek biziň üçin hem gyzykly bolardy. Eger siz teswirlemede öz pikiriňizi ýa-da soragyňyzy ýazmaga çekinýän bolsaňyz, öz adyňyzy mälim etmezden, biziň sorag-jogap bukjamyza ýüzlenip bilersiňiz.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Öwelek. 2016-05-24 00:31
Neşekeş özüni gowy duýanynda hem neşe tapsa ony keýpini götermek üçin bedende näsazlyk ýa-da agyry duýanynda olardan dynmak üçin ulanýar. Ol neşäni gündelik pişesine öwrüp, öz durmuşyna zerur bolan başga zatlar hakynda örän az alada edýär. Gysga aýdanyňda neşe ýesirine öwrülýär.
Sitata
 
 
#5 Pyhy. 2016-01-05 01:12
Adamlaryň arasynda seredip otursaň, diňe neşekeşlik üçin ýörüte bu dünýä gelenler bar ýaly. Olar neşe serişdelerinden ýüz öwürmäge hyýal hem etmeýärler. Eger olaryň biri maşgalaňda bolaýsa, onda durmuşyň ters tarapa öwrüldi hasap edäý.
Sitata
 
 
#4 Kereguly 2015-11-14 00:00
Neşekeşlik adamzat jemgyýeti üçin mydama hem uly betbagtlyk bolup gelýär. Esasy hem ol neşekeşiň maşgalasynyň başyndan agyr dert bolup inýär. Ondan dynmak jemgyýetiň we döwletiň iň möhüm borçlaryndan biridir.
Sitata
 
 
#3 Dosmämmet. 2015-09-23 01:27
Öte geçen neşekeşlik maşgala gatnaşyklaryny aýak astynda depeleýär. Ol ýagdaýdaky neşekeşleri lukmançylygyň soňky gazanan usullary bilen ýörite bejeriş alyp barýan lukmançylyk ederalarynda adam sanyna goşmak başardýar. Başga ýagdaýlar ýagny mollanyň, tebibiň kömek berjek bolmasy ýa-da öýde gabap saklajak bolmak hiç peýda berenok.
Sitata
 
 
#2 Mugallym. 2015-08-23 00:39
Ýaşlaryň arasynda neşekeşligiň artmagyna köp babatda uly nesiliň günäkärliginden başga hem ýaşlaryň işsizligi, okuwsyzlygy, tebigatyň ýaramazlygy, ýurtda medeniýet ulgamynyň pese düşmegi sebäp bolup biler.
Sitata
 
 
#1 Ýigit. 2015-08-02 23:52
Häzirki wagtda Türkmenistanda neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy alynyp barylýan uly möçberli işler dogrymy aýtsam, göz görtele gowy netijelerini berdi.Ýaşlaryň ogrulyk bilen meşgullanmaklary üzül-kesil peseldi.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele