Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Neşekeşlik ÖÝE BARÝAN ÝOL...
( 14 Ses Berme )

NEŞEKEŞLIGIŇ   BEJERGISINDE   ULANYLÝAN   KÄBIR BEJERIŞ  USULLARYNA   SYN

Häzirki wagtda neşekeşligiň bejergisini geçirýän dürli merkezleriň ägirt uly sany peýda boldy: tölegli  merkezler, döwlet lukmançylyk edaralary (narkologiki dispanserler), awtorlyk hukukly usullar bilen işleýän merkezler, neşekeşleriň bile ýaşap bejergi alýan birleşmeleri (kommunalar), daşary ýurt usullary bilen işleýän merkezler, psihoterapiýa usulyny peýdalanyp bejergi geçirýän merkezler, galyberse-de hiç hili peýdasyz, aňsat eklenç gözleýän ekstrasensler we tebipler (meselem, neşekeşiň suratynyň üsti bilen oňa täsir etmek we başga "usullar")...

Öz maşgalasynyň agzasyny, garyndaşyny, çagasyny neşekeşlik keselinden halas etmek üçin maşgala agzalary, ene-atalar bar bolan usullaryň häsiýetnamasyndan habarsyz, dürli usullar bilen işleýän merkezlere, hünärmenlere ýüz tutýarlar. Diňe bejeriş usullar barada anyk maglumat alyp, olary seljermek arkaly neşekeşe degerli kömek edip bilersiňiz.

Käbir lukmançylyk merkezlerinde işleýän lukmanlaryň mahabatlandyrma maksady bilen öz ulanýan usullaryny gizläp, öz töweregini "syrly halka" bilen gurşamak isleýärler. Ol merkezlerde alnyp barylýan bejeriş çäreleri we usullary barada psihiatr-narkologlaryň hem, dolandyryjy lukmançylyk guramalarynyň hem hiç hili habary ýokdur.

Düzgün bolsy ýaly, ýörite lukmançylyk edebiýatynda onuň ýaly usullar barada maglumatlar beýan edilmeýär.

Geliň, olaryň käbiriniň üstünde durup geçeliň.

Nazaraliýewiň usuly

Awtoryň öz bejeriş usullaryny lukmançylyk metbugatynda beýan etmeýänligi sebäpli, geçirilýän bejergi usullary barada maglumat bermekde elýeter maglumat çeşmelerine, merkezde bejergi geçen näsaglaryň gürrüňlerine salgylanyldy.

Nazaralyýewyň usulynda neşe serişdeleriniň ýetmezçilik ýagdaýlaryny, ýagny azarlamany güýçli damar giňediji serişde bolan atropin ulanylyp bejerilýär. Atropin ulanylma neşekeşi özünden gitdirip, (koma ýagdaýyna düşürip) neşä bolan islegi we azarlamany şol ýagdaýda aňsat geçirmäge mümkinçilik döredýär.

Atropin komalaryny ulanmak juda howply çäre bolup, bir tarapdan serişdäniň ölüme getirýän mukdary koma getirýän mukdaryna meňzeş bolsa, beýleki tarapdan neşekeşiň beýnisindäki gan aýlanyşygyny öňküden hem kynlaşdyryp, atropin ensefalopatiýasyna getirip biler.

Nazaralyýewyň usulynyň ikinji tapgyry neşekeş bilen geçirilýän psihoterapiýa usullaryna salgylanyp, ol hem uçdan tutma üýtgeşik geçirilýändir.

Berilýän görkezmeler, ýumuşlar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda lukman tarapdan temmi bermek,  näsaglaryň juda bek gün tertibi, adaty we ýakymly bolmadyk ýagdaýlarda uzak wagt ýaşamak, şahsyýet üçin adaty bolmadyk kemsidiji hereketleri, işleri amala aşyrmak bu psihoterapiýa bejergisiniň esasyny düzýändir.

Daşary ýurt psihoterapewtleri 20 ýyl mundan öň, şahsyýeti gazaplandyrýan, öz-özüne kast etme meýillerini döredýän bu usullardan el çekipdiler.

Jemleýji dikeldiş tapgyrynda Nazaralyýew tarapyndan oýlanyp tapylan derman neşekeşe goýberilýär. Bu dermanyň täsir edýän wagty neşe serişdelerini kabul etmeklik neşekeşi ölüme getirip biler diýlip duýdurylýar.

Lukman Nazaralyýew öz oýlap tapan dermanynyň himiki düzümini äşgär etmäge we kliniki barlagdan geçirmäge boýun gaçyrdy.

Nazaralyýewyň merkezinde (Bişkek şäherinde ýerleşýär) bejergi alan näsaglaryň goýberilýän dermanyň täsiri gutarmanka neşä ýene gaýdyp gelip, diri galanlygyny nazara alsaň, onuň ýaly "jadyly" serişdäniň bolup bilmeýänligine düşünýärsiň. Eger haçanda bolsa hem geljekde adamzada neşe serişdelerden azat edip biljek dermany oýlap tapmak başardaýsa hem, ony gizlinlikde saklama gerek bolmaz. Ol dermanyň awtorlaryna Nobel baýragy berlip, bu dermanyň önümçiligi hemme ýurtlar tarapyndan maliýeleşdiriler...

Näme-de bolsa, Nazaralyýewyň bejeriş usullary özüne göwni ýetip, özünde dörän bu keseli boýun alyp, başgaça bejergi almaga güýji ýetmedik näsaglar üçin peýdaly bolar.

Nazaralyýewyň usuly hem, dünýäniň hemme psihoterapiýa usulyny ulanyp bejergi berýän merkezleriniň gazanan 5-10% netijeliligini berip biler. Bu usul bilen bejerginiň bahasy 10-18 müň amerikan dollaryna barabardyr.

"Detoks" meýilnamasy

Bu meýilnama 6 sagadyň dowamynda neşekeşi azarlamadan azat etmäge söz berýär. Şu wagtyň dowamynda ol narkoz ukysynda geçirip, şol wagt näsaga neşe serişdelerine garşydaş täsir edýän dermanlar goýberilýär. Şeýlelikde, agyryly azarlama döwri çalt we ýeňil geçirilýär.

Bejerginiň ikinji tapgyrynda neşekeşe "jadyly" endorfin serişdesi goýberilip, onuň bilen ýarym ýylyň dowamynda neşä bolan islegiň döremeginiň öňi alynýandyr.

Ýöne onuň ýaly serişdäniň ýoklugyny bellemek gerekdir.

Ulanylýan psihoterapiýa usullary barada hem  meýilnama boýunça işleýän lukmanlar anyk habar bermeýärler. Bu usulda ulanylýan, neşekeşi azarlama ejirinden ýeňil we çalt dyndyrýan bejergi çäresiniň ýaramaz tarapynyň barlygyny narkolog lukmanlary belleýärler.

Azarlama ejiri neşekeşiň alan keýpi üçin töleýän tölegidir. Bu duýgyny başdan geçirtme, psihoterapewta neşe serişdelerine bolan ýigrenji we gorkyny döretmäge kömek edýär. Azarlama döwrüni neşekeş näçe ýeňil geçirdigiçe, şonça-da çalt  ýene neşe serişdelerini kabul edip başlajakdygyny barlaglar görkezýär.

Narkolog lukmanlarynyň aglabasynyň pikir edişine görä, uzak möhletleýin netijeliligi almak üçin, neşekeşde bejergini aňsat we ýakymly duýgular bilen utgaşdyrmakdan gaça durmalydyr. Neşekeşiň aňynda neşe serişdelerini kabul etmek agyryly, ezýetli azarlama ýagdaýynyň ejirleri bilen baglanyşdyrmalydyr. Tersine bolan halatynda, "neşe serişdesini men näme üçin ulanmaly dälkäm? Neşäniň mukdary köpeldilip, men erbet bolýan ýagdaýymda hem, kakamdan pul alyp "Detoksa"  giderin welin, hemme zat gülala-güllik bolar" diýen pikiriň neşekeşde döremegi ikuçsuzdyr.

Ondan başga-da, başga lukmançylyk kynçylyklary hem ýüze çykyp biler. Näsagyň ganynda bir wagtda geroiniň we narkoz ýagdaýyna getirýän serişdeleriň aýlanmagy, Nazaralyýewyň usulyndaky atropin serişdesi ýaly, beýniniň öýjüklerini zeperlendirip, näsagyň onsuz hem gowşak ruhy ýagdaýyna zyýan ýetirip biler.

Lukmançylyk narkozyny döredýän serişdelere näsagyň beýnisiniň ýokary duýujylygy ýüze çykanda bolsa, ölüm howply ýagdaýlaryň döremegi hem mümkindir.

Ýöne biziň jemgyýetimizde lukmançylykda "jadyly taýajygy" gözläp, bedenini wagtlaýyn neşeden arassalamak üçin bary-ýogy 5 müň amerkan dollaryndan (!) dynmak isleýän adamlar az däldir.

Hawa, daşary ýurtda "Detoks" meýilnamasynyň  usullarynyň bir bölegi narkologiki kömegiň ýörite görnüşlerinde ulanylýandyr. Narkoz neşekeşiň bedeninden neşäniň galyndylaryny çykaryp we azarlama garşy çäreleri görüp, neşekeşi özüne getirme hem-de onuň bilen işleme, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan kömek ediji çäre höküminde ulanylýar.

Ýöne bu usuly esasy usul hökmünde uzak ulanmak, neşekeşligiň bejeriş netijeliligini has pese gaçyryp biler. Esasy zady ýatda saklamalydyr: adamyny "6 sagadyň içinde neşeden bütinleý azat edip biljek" usuly, häzirki zaman ylmy entek işläp düzen däldir.

Marşagyň usuly

S.Ýa. Marşak we onuň "Kundala" merkezi neşekeşlikden ejir çekýän näsaglara iki tapgyrdan ybarat kömegi hödürleýärler.

Birinji tapgyrda, bedeni zäherlensizdirme usuly "detoks" meýilnamasyndaky ýaly narkozyň täsiri bilen geçirilýär.

Ikinji tapgyr dikeldiş tapgyry bolup, onda psihoterapewtiki usullar ulanylýar. Bu tapgyr iki ugur boýunça amala aşyrylýandyr: dini ugurly "ýoge kundalini" (adaty ýoga usuly) ýa-da Kaliforniýa şäherinde dörän "Anonim neşekeşleri" hereketiniň "12 ädimi" meýilnamasynyň ugurlaryny ulanmak.

Dikeldiş tapgyryna Marşak tarapyndan ýörite Amerikadan çagyrylan hünärmenler ýolbaşçylyk edip, merkezde ulanylýan „Kundalini“ kuwwatlylykly ruhy maşklar näsaglarda neşe serhoşlygy ýagdaýyny modelirlemäge (ýasamaga) gönükdirilendir.

Bu usul adam özünde neşe serhoşlugy ýagdaýyny türgenleşikler netijesinde döretmäge ukyply diýen düşünjä esaslanandyr.

"Gündogar" psihoterapiýa usullary "ikuçly taýak" bolup, islendik bejergide wajyp bolşy ýaly, ony ýokary hünärli lukmanlar ulanmalydyr. Usulyň ulanylmada ýerlikliligi bolsa bütinleý subut edilen bolmalydyr.

Näsagyň uýýan dini pelsepesini göz öňüne almazdan, bu inçe gündogar tilsimlerini ulanma, neşekeşiň onsuz hem gowşak psihiki mehanizmlerini "döwüp" biler.

Neşäniň psihologiki jähtden modelirlenmegi, ýetginjek neşekeşiň bekemedik beýnisi üçin täze görnüşli neşä öwrülmejegini kim anyk aýdyp bilerkä?

Islendik neşe maddasynyň gizlin ýatan ruhy keselleri ýüze çykaryp biljekdigini ýatdan çykarmaly däldiris.

Garaguşagyry keseliniň, şizofreniýa keseliniň ilkinji ýüze çykmalary ýa-da beterleşmeleri aňy üýtgedýän neşeleriň ýa-da belli bolmadyk dini usullaryň täsiri astynda bolup geçýändir.

Marşagyň usulynda "Anonim neşekeşler" hereketiniň ugurlarynyň ulanylmagy has hem täsindir.

"Anonim neşekeşler"  meýilnamasy lukmançylyk bejeriş usuly bolman, neşe maddalaryny kabul etmegi bes eden adamlaryň özara kömek çärelerine esaslanan halkara meýilnamasydyr.

Hereketiň düzgünlerine laýyklykda toparlarda lukmanlaryň we psihologlaryň işlemegi goldanylmaýar. Bu herekete neşä ýykgyn edýän adamlaryň gatnaşmagy meýletin häsiýete eýedir we düýbünden mugtdur. Emma Marşagyň merkeziniň öz tölegli hyzmatlaryny (5000 amerikan dollary) işini mugt esasda alyp barýan bu belli hereketiň düzgünleri bilen näderejede utgaşdyryp bilýänligi welin juda geň faktdyr.

Marşagyň merkezinde dikeldiş döwri, bar bolan maglumatlara görä, 28 gün dowam edýändir. Çynlakaý düzülen meýilnama üçin bu juda az möhletdir. Haýsy hem bolsa bir meýilnamanyň neşeden ejir çekýän näsag üçin jogapkärçiligi öz üstüne almagy üçin, ol ruhy gamgynlylygyň dowam edýän ýarym ýyldan az bolmadyk döwründe oňa kömek we goltgy bermäge taýyn bolmalydyr.

Her niçik hem bolsa, "Kundala" merkeziniň psihoterapiýa usullaryna mätäçlik bildirýän näsaglaryň topary bardyr.

Şunuň ýaly bejeriş usullary, meselem, parapsihologiýa, ezoterika we başga "gizlin pelsepeli" ugurlar bilen gyzyklanma esasanda neşe serişdelerine ýüz uran ýaş adamlara peýdaly bolup biler.

"Kodirleme" usuly

"Kodirleme" diýip, 80-nji ýyllaryň ortasynda lukman A.K. Dowženko arakhorlugy bejermek üçin öz işläp düzen usulyny atlandyrdy.

Hakykatdan bolsa, häzir "kodirleme" diýip atlandyrylýan usul ýönekeý bejeriş çäreleriň ýygyndysy bolup, ol gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelýändir.

Bu usuly gadymy Müsüriň dindarlary hem ulanypdyr. Adaty psihoterapiýada oňa "şok ýagdaýyna getirýän bejergi" (şokowaýa terapiýa) hem diýýärler.

"Şoga getirýän bejerginiň" esasy maksady näsagda bir ýagdaýa, zada ýa-da bir adama bolan gorkyny (ýa-da tersine, baş egmäni, söýgini) döredip, onuň aňyna ornaşdyrmakdyr. Bu usul yzly-yzyna, bir günde geçirilýän iki uly bolmadyk tapgyrdan ybaratdyr.

Birinji tapgyrda, näsaglaryň toparyna psihoterapewt leksiýa okap, neşäni bes etmäge kömek edýän bejerginiň peýdalylygy, alnan gowy netijeler barada ýörite gipnoza getirýän ses bilen aýdyp berip, adamlary netijelilige gönükdirýär.

Topara "ynandyrma" bejergisi geçirilenden soň, "Kodirleme" bejergi çäresi geçirilýär. Näsag bilen bu tapgyrda haýsy hereketleri geçirilýänliginiň tapawudy ýok, esasy zat näsagyň ýaramaz, birden ýüze çykan duýguny başdan geçirmegini gazanmakdyr.                      

Şol maksat üçin A.K. Dowženko näsagyň bokurdagyna hloretili (belli bolan ýerli agyrsyzlandyrma üçin ulanylýan serişde) sepip we gaşlaryň ýanynda göz nerwiniň çykýan nokatlaryny basypdyr we näsaga belli bir wagt aralygyna "kodirleme" geçirendigini aýdypdyr.

Eger şol wagt aralygynda ol alkogol ýa-da neşe serişdelerini kabul etse, onda dürli ýaramaz ýagdaýlaryň (beýnä gan inme, ysmaz ýagdaýy) döräp biljekdigini duýdurypdyr.

Gazanç çeşmesini gözläp, bu usuly ulanyp başlan köp lukmanlar "kodirlemäni" hloretil bilen geçirmegiň hökman däldigine düşünip, bu maksat üçin elektrik toguny, özüňden gitme ýagdaýyna getirýän serişdeleri, ýagtylygyň ýiti şöhlesini ulanyp başladylar.

Lukmançylyk nukdaýnazaryndan adam beýnisi we şahsyýet örän çylşyrymly gurluşly ulgamlar bolup, olaryň içine "girme" we "täsir etme" mümkin däldir.

Bu usulda, "kody" girizýän adama dörän ynamlylygy netijesinde, näsagyň öz-özüni "kodirleýänligi" düşnüklidir. "Kogirlemäniň" netijeliligi näsagyň bilimlilik derjesine bagly bolup, adam beýnisi barada azda-kände düşünjesi bolan adamynyň, adamyň ýokary nerw ulgamyna şunuň ýaly ýönekeý usullaryň täsir edip bilmejekdigini bilmelidir.

Eger Sizi lukmanyň neşä garşy "kodirlemäge" mümkinçiligi bolsa, ol sizi başga ýagdaýlardan hem "kodirlemäge" ugur tapar. Ýöne biziň bagtymyza, onuň ýaly lukmanlar ýer ýüzünde ýokdur.

Gany zäherlenmelerden arassalamak usullary

Häzirki wagtda, berilýän narkologiki kömegiň çäginde ulanylýan usullaryň arasynda gany arassalama bejeriş çäreleriniň töwereginde hem uly jedeller gidýändir.

Bu çäreleri geçirmek üçin esasan iki sany usul ulanylýar:

  • gemosorbsiýa – gany ýörite enjamyň sintetiki serişdelerden ybarat emeli süzgüjinden geçirip arassalamakdyr. Şunuň ýaly süzgüje mysal edip, işjeňleşdirilen kömrüň böleklerini getirip bolar.
  • plazmafarez – bu usulda sentrifuga enjamyň kömegi bilen gan iki bölege  gan öýjüklerine we plazma bölünýändir. 

Plazma beloklardan we suwdan ybarat ganyň bölegi bolup, ýiti zäherlenme ýagdaýynda gan öýjükleri tarapyndan zähersizlendirilmedik ýaramaz maddalar şonda ýygnanýandyrlar. Plazma bölünip aýrylandan soň, ýygnanan zäherler bilen bile ýok edilýändir, gan öýjükleri bolsa damar ulgamyna gaýtarylýandyr.

Ganyň suwuk bölegi bolsa ýörite arassa erginleriň kömegi bilen dikeldilýändir.

Dogry, agyr beden zäherlenmelerinde we agzalaryň käbir agyr kesellerinde bu usullar adamyň janyny halas etmäge kömek edýändir. Şonuň ýaly-da, olary ulanmak neşe serişdeleriniň aşa köp mukdaryny ýa-da aşa hapa garyndylary bolan neşe serişdelerini kabul eden neşekeşlere gerekli çäredir.

Biziň bedenimezde hiç hili "hapa galyndylar" saklanylmaýar. Geroin ýa-da başga neşe maddalaryň garylmagy netijesinde düşýän ýaramaz bölejikler bagryň öýjükleri tarapyndan ýok edilýändir.

Bagryň aýryp bilmedik hapa bölejikleri bolsa onuň dokumasynda ýygnanyp, wagtyň geçmegi bilen onuň howply keselini – bagryň sirrozyny döredip bilerler.

Ýokarda agzalan usullar bagyrda ol bölejikleri "arassalamaga" ukyply däldirler.

Ýöne onuň ýaly howply ýagdaýlar seýrek duş gelýändir. Köp halatlarda neşekeşiň bagry we böwregi neşe galyndylaryny bedenden çykarmaga ukyply bolup, zähersizlendirme başga howpsuz usullar bilen hem geçirilip bilner.

Neşe serişdesiniň mukdarynyň ýokarlandyrylan halatynda bolsa, ýüze çykyp biljek howply gaýraüzülmeleriň öňüni, islendik narkologiki edarasynda bolýan neşe serişdeleriniň täsirini togtadyjy dermanlary ulanyp  alyp bolar.

"Siz hemme bar bolan usullary tankytladyňyz. Onda haýsy bejeriş usullaryna bil baglap bolarka?" diýip soramagyňyz mümkin. Şu babatda şulary aýtmakçy: biz ýokarda agzalan usullary tankytlamzok-da, olaryň käbir ýagdaýlarda neşekeşiň saglygyna howp salýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirmegiňi maksat edindik.

Häzirki zaman lukmançylygynda neşekeşligiň bejeriş usullary az däldir. Neşekeşligiň resmi taýdan tassyklanyp, näsagyň saglygyna howp salmaýan, belli bir netije berip biljek bejergi usullary, neşekeşiň maşgalasyndaky psihologiki dartgynlyk ýagdaýyny kadalaşdyrmagyň çäreleri barada biz indiki makalalarymyzda gürrüň ederis.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 ogultach 2016-08-17 15:29
good
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele