Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Merkezi we periferiýa nerw ulgamy PARANOÝA KESELI NÄME?
( 32 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman. Size bir soragym bar. Paranoýa – bu näme zat? Ruhy keselmi ýada bir düşünjemi? Meniň öz pikirimçe, sussupeslik bilen baglanşykly ruhy kesellilik bolmaly. Bu barada doly bilmek üçin Google-dan köp gözleg etdim, ýöne anyk we ene dilimizde ýazylan maglumatlara duşmadym. Mümkin bolsa, giňişleýin düşündirmegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.

 

 

 

Paranoýa: sebäpleri, alamatlary, görnüşleri we bejergisi

Paranoýa – psihiki bozulmanyň görnüşi bolup, pikirlenmäniň bozulmagy, yzarlanma we başgalardan beýgelme duýgusynyň döremegi, şeýle hem müňkürlige ýykgyn etmek bilen häsiýetlendirilýändir. Ruhy kesellerde we beýniniň şikeslenmelerinde döreýär.

Sebäpleri

Köp ruhy keselleriň sebäbiniň belli bolmaýşy ýaly, şu günki günde paranoýanyň sebäbi hem belli däldir.

Onuň döremegine itergi berip biljek sebäpler höküminde indiki faktorlary belläp bolar:

► Beýniniň şikeslenmeleri;

Belogyň emele gelmegi bilen baglanşykly alyş-çalyş hadysalaryň bozulmalary;

Beýni bozulmalary bilen häsiýetlenýän keseller;

Dowamly stress we gamgynlylyk;

Nesilyzarlaýjylyk;

Beýniniň garrama bilen bagly üýtgemeleri;

Dowamly keseller (Parkinsonyň, Alsgeýmeriň keselleri);

Derman serişdeleriniň dowamly ulanylmagy (ylaýta-da kortikosteroid gormonlary);

Alkogolizm keseli;

Jemgyýetden üzňe ýaşamak;

Ýaşaýşyň ýaramaz şertleri, şeýle hem durmuşdan kanagatlanmazlyk.

Paranoýa keseliniň döremegine töwekgel toparlar:

→ Gartaşan adamlar;

20 ýaşdan uly erkek adamlar;

Genetiki töwekgelligi bolan adamlar;

Ýaramaz endikleri bolan adamlar (arakhorlar, neşekeşler);

Gamgynlylygyň we ruhy bozulmalaryň döremegine töwekgel adamlar;

Beýniniň dowamly kesellerini geçiren adamlar.

Keseliň alamatlary

Paranoýa mahsus alamatlara aşakdakylar degişlidir:

⇒ Gulagyna ses eşidilme we gözüne görünme;

Hyýalyna bir pikirleri düwme we solar barada hemişe pikirlenme;

Müňkür bolma we ýakyn adamlaryna ynanmazçylyk;

Duşmançylyk häsiýetleriniň döremegi;

Akyl ýetirşiň peselmegi;

Göwne degilmäni bagyşlap bilmezlik;

Özüni başgalardan beýik, esasy saýmak;

Aşa gabanjaňlyk.

Köplenç halatlarda paranoýa gamgynlylyk ýagdaýlaryň we psihozlaryň gaýraüzülmesi höküminde hem ýüze çykyp bilýändir.

Paranoýanyň görnüşleri:

Keseliň görnüşleri ýüregine düwen pikirleri we umumy alamatlara görä köpdürli bolup biler:

Erotomaniýa – näsag daş-töweregindäki adamlaryň ony öwýändiklerine, onuň başarnygyna uly baha berilýändigine ynanýar.

Beýik bolma duýgysy – näsag özüni iň akylly, güýçli we zehinli hasaplaýar.

Kesel görnüşe geçen gabanjaňlyk – kesel aşa gabanjaňlyk bilen häsiýetlendirilip, näsag hemişe öz ýakynlaryny ikilik etmede günäkärleýär.

Yzarlanma duýgysy – näsag hemişe özüniň yzarlanýandygyna ynamly bolup, hukuk goraýjy edaralaryna ýüz tutup, öz howpsuzlygyny goramaklygy talap edýär, öz janyndan gorkýar.

Ipohondriýa – näsag özünde bejerilmeýän howply kesel bar diýip hasaplaýar.

Alkogolly – alkogol serişdeleriň dowamly kabul edilmegi netijesinde beýniniň bozulmagy bilen baglanşylykda alkogolizm keselinde ýüze çykýar.

Garrama bilen bagly – aýbaşydan galma döwründe aýallarda duş gelýär.

Ýiti görnüşi – göze görünme we samrama ýagdaýlary bilen häsiýetlendirilýär.

Wyždana uýma – näsag hemişe geçen we bolýan zatlara ahmyr edýär, gamgynlylyk ýagdaýynda gezýär.

Garyşyk görnüşi – paranoýanyň birnäçe görnüşiniň alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Paranoýa keseliniň tapgyrlary

I tapgyr – näsagyň sözlerinde hem, hereketlerinde hem ruhy bozulma alamatlary ýüze çykmaýar. Bu tapgyrda öz-özüni ynandyrma bolup geçýär.

II tapgyr – hyýalyna düwen pikirleriniň "işlenmesi" geçirilýär. Paranoidal hyýallar köpelýär. Näsagyň adaty, kadaly durmuşa bolan höwesi gaçýar. Onuň gaharjaňlygy has hem artýar, özüne erk etme başarnygy ýitirilýär.

Keseliň anyklanylşy

Keseliň anyklanylşyny terapewt ýa-da psiholog lukmany geçirip bilýär. Paranoýa keselini anyklamak üçin anyk laborator usullary yokdyr. Beýni bozulmalaryny ýüze çykarmak üçin lukman magnit-rezonans tomografiýasynyň geçirilmegini belläp biler. Şeýle hem lukman näsag bilen söhbetdeş bolmak we synag (test) geçirmek usullaryny ulanýar.

Paranoidal hyýallaryň bir aýdan köp wagtlap geçmedik ýagdaýynda paranoýa keseli hasaplanyp, başga psihiki keselleriň (meselem, şizofreniýa) alamatlary bolmaly däldir.

Keseliň bejergisi

Köplenç paranoik näsaglaryň lukmançylyk kömegi üçin giç ýüz tutýandyklary sebäpli, keseliň bejergisi kanagatlanarly netijeleri bermeýär. Näsaglary köplenç onuň garaşylmaýan hereketlerinden ýadan hossarlary lukmanyň ýanyna getirýärler. Eger keseliň irki tapgyrynda ýüz tutulsa, sagalma mümkinçiligi ýokary bolýandyr.

Paranoidal ýagdaýlaryň doly netijeli usullary işlenilmedik. Usullaryň bir görnüşi höküminde himiýa bejergisini belläp bolýar. Şeýle hem gamgynlylyga garşy we rahatlandyryjy serişdeler tapgyrlaýyn ulanylýar.

Näsagyň ýagdaýyny gowlandyrmakda onuň jemgyýete uýgunlaşmagyny ýola goýmak wajyp orun eýeleýändir. Ol bejergi geçirýän lukman bilen kadaly, ynamdar söhbetdeşlikleriň geçirilmegini, hususy psihoterapiýa usullarynyň ulanylmagyny, şeýle hem maşgala tarapdan berilýän goldawy öz içine alýandyr.

Hakykatdan hem, bu ýagdaýda näsagyň hossarlaryndan düşünme, sabyrlylyk talap edilýändir. Has hem näsagyň aýalyna (adamsyna), çagalaryna we ene-atasyna uly takatlylyk we maşgala agzasynyň çylşyrymly ýagdaýyna düşünmeklik we duýgudaşlyk etmek wajypdyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 mekan7788 2017-06-21 15:47
Salam bas lukman men oylenjek bolyan birinji gijede name etmelsini sorajakdym gyn gormeseniz aydyp berayin men garasyan jogabynyza
Sitata
 
 
#7 Okyjy. 2017-06-15 16:55
Gabanjaňlygam paranoýanyň bir alamaty diýip hasap etseň, onda erkek adamlaryň az bölegini, aýallaryň bolsa aglabasyy ruhy keselli diýip hasaplaýmaly.
Sitata
 
 
#6 Kakajan 2017-02-05 16:02
Salam hormatly lukman.Menin gozumin gorjuligi dogabitdi.Gozumin gorjuligi OD -8 -13 OS +1. Operasiya etdirsem bolarmyn.Aynek ulansam bolarmyn.Name etmeli haysh maslahatynyza garashyan lukman.
Sitata
 
 
#5 Maksat 2017-02-05 15:33
Salam lukman. Men das cykyp uly edemde,ganyn gelmesini goryan we gimoroyym bardyr oydup pikir etdim,yone men gunde turgenlesyan sonda hic hili agyryly duygulary duyamok,ol alamat nameden bolup biler? Nadip onuni alyp bolar maslahat berayseniz,taze mowzugy nadip acmalysyny bilemok
Sitata
 
 
#4 Yash 2017-01-29 20:26
Salam lukman. Beren jogabyñyz üçin örän minnetdar! Ýenede bir zat soramakçy. Eger paranoýa duçar bolan adam özüne bir adamy ýakyn alyp şonuñ bilen ýürekden söhbetleşse saglygy gowulanjagyna ynansa bu beýle bolup bilermi?
Sitata
 
 
#3 Mähriban 2017-01-26 23:13
Hekim beg, biziñ illerde psihiýatr we psihologlar esasan haýsy ugra görä bejergi geçýärler?
Sitata
 
 
#2 Çarly 2017-01-24 00:27
Bu kesele köplenç uly wezipede işleýän, ýygnan pulyny ýerlikli ulanyp bilmeýän bus-bus adamlar ýolukýarlar.
Sitata
 
 
#1 Talyp 2017-01-16 23:04
Makalany okap, özümdede paranoýanyň alamatlary bar ýaly gorkyberdim. Birki sany alamatynyň bolany bilen paranoýa däldirle, Lukman aga!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele