Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy GYZYLÖDEGIŇ RAK KESELINI NÄHILI BEJERMELI?
( 7 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň babam 1940-njy ýylda doglan. Soňky wagtlar nahar iýip bilmän ysgynsyzlyk ýagdaýlary kopelip, üsgürip başlady. Aşgazanyny barlatsak gyzylödeginde rak keseli döräpdir diýdiler. "Oňa degeňde ganaýar hem-de soýulýar, ýüzi ak diýdiler". Şol görnüşi howplumy? Nähili ýagdaýda bejerip bolýarka? Esasy zadam – babam arak içmeýär, çilim hem çekmeýär. Hormatly lukman, Sizden maslahat bermegiňizi haýyş edýärin!

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Gyzylödegiň rak keseli – gyzylödekde täze dörän howply çiş keselidir. Hemme onkologiki keselleriň arasynda şu görnüşi 6-njy ýeri eýeleýär. Bu kesel bilen iň köp keselleýän sebitler Orta Aziýa, Eýran, Hytaý we Ýaponiýa döwletleriň ýaşaýjylarydyr. Bu sebitde keselçiligiň ýokarlanmagyny ýerli halklaryň iýmitlenme aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarlar.

Ähli howply çiş keselleriniň emele geliş mehanizmi häzirki wagta çenli doly öwrenilmedi. Gyzylödegiň içki nemli bardasyna himiki, termiki ýa-da mehaniki zeper ýetirilmeler hem ezofagityň (gaýnaglama hadysasy) emele gelip, soňra howply çiş kesele öwrülmegine getirýändigine uly üns bermelidir. Siziň babaňyz gyzgynjak çaý içmäni, tamdyrdan çykan çöregiň gatyja ýerini, ýagny gyrasyny iýmekden saklanyp bilen däldir. Şol hem öz wagtynda gyzylödegiň nemli bardasynda öz ýaramaz yzyny goýup geçendir. Bulardan başga hem bu keseliň döremegine getirip biljek sebäplere seredip geçeli:

1. Nesilyzarlaýjylyk. Gyzylödegiň rak keseli bilen p53-nji geniň mutasiýasynyň arabaglanyşygy bar diýip alymlar netijä geldiler. Bu gen öz gezeginde gyzylödege we içegelere täsir edýän howply öýjükleri ýok edip biljek beloklaryň emele gelmegine jogap berýär.

2. Bu keselden ejir çekýän hemme adamlaryň ganynda adamyň papilloma wirusy tapylýar. Wirus şol keseliň döremeginie getirýär dýip çaklanýar.

3. Ýalňyş iýmitlenme. Aşa gyzgyn we gaty iýmitler, aşa duzly, burlçly, zaýalanan önümler hem keseliň döremegine getirip biler.

4. Witamin ýetmezçiligi. Bedende A, B, E witaminleriň ýetmezçiligi nemli bardalaryň gorama ähmiýetliligini peseldýär.

5. Alkogol içgilerini içýän adamlar bu keselden 12 esse köp ejir çekýärler.

6. Çilim çekmeklik rak keseliniň köpsanly görnüşleriniň emele gelmegine itergi berýär. Sebäbi temmäkiniň tüssesinde kanserogen (rak emele getiriji) maddalaryň bardygy subut edildi.

Bu keseli bejermek üçin hirurgiki we endoskopiki ýollar ulanylýar. Hirurgiki usullar ulanylmazdan öň, şöhle bilen bejergi bellenilýär. Bejeriş meýilnamasy babatda siz onkolog lunmany bilen maslahatlaşmalysyňyz. Keseliň geçişine baglylykda hirurgiki bejerginiň birnäçe görnüşleri ulanylýar:

1. Gyzylödegiň ekstripasiýasy – bu operasiýa radikal häsiýete eýe bolup, keselli gyzylödegi tutuş kesip aýyrmak bilen geçýär.

2. Garlokyň operasiýasy – gyzylödegiň aşaky bölegi zeperlenende geçirilýär. Zeperlenen bölegi kesip aýrylýar, gyzylödegiň galan bölegi bolsa aşgazan bilen birikdirilýär. Bu operasiýanyň netijesi ekstripasiýa operasiýasyndan has oňaýly.

3. Lýuisyň operasiýasy – bir wagytda gyzylödegiň zeperlenen ortaky bölegini kesip aýryp, ýerine aşgazany plastika usuly bilen birikdirmekden ybaratdyr.

Şulardan başga-da, şöhle we himiýa derman serişdeleri bilen bejergi geçirilýär. Bu keseliň irki döwürlerinde hirurgiki bejerginiň zerur bolmazlygy hem mümkindir.

Keseli ötüşdirmän, özwagtynda bejergini başlamak üçin tiz onkolog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Merdan Atayew 2017-01-07 04:06
Salam lukman menin endamym gijileyar hihili orgun yok arasa beden yone dine yatjak wagtym gijileyar name sewaden etyar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele