Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) GOLTUGYŇ YSLANMAGYNA GARŞY ÇÄRELER
( 14 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men 29 ýaşymda. Menin goltugym çalaja derlese bir az wagtdan soň ýakymsyz ys döreýär, gyş bolsun, tomus bolsun parhy ýok. Sepilýän dezodarantlar, çalynýan beyleki serişdeleriň hiç bir peýdasyny duýamok. Meni bu ýakymsyz ysdan halas edip biljek peýdaly maslahatyňyz gerek. Bu mesele bilen haýsy hassahana ýüz tutmalydygymy ýazsaňyz Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Goltukdan çykýan deriň ysyndan dynjak bolýan adam özi üçin bir zady berk bellemelidir: der – adam bedeniniň adaty bölüp çykarýan suwuklugy, şonuň esasynda bedenimizdäki suwuň deňagramlylygy bolmaly derejesinde saklanyp, bedenimiziň aşa gyzmaklygyndan goraýar.

Ýaňy bölünip çykan der aslynda tagamsyz we yssyz bolýar. Eger deriň ysy ýakymsyz bolsa, onda siziň içki agzalaryňyzda bir kemçilik barlygynyň alamatydyr. Adam bedeniniň derisi arassa däl, bedeniň ýüzünde ençeme bakteriýalar we kömelejikler ýaşap köpelýärler. Bu bedeniň mahsus florasy bolup, her adamyňky üýtgeşik bolýar. Bakteriýalaryň işläp çykaran maddalary erwet yslanyp başlaýar. Käbir keseller hem deriň ysyny üýtgedip bilýär. Iýmitde köp mukdarda sogan, sarymsak iýlende hem şular ýaly ýaramaz ys döreýär. Adam ajy çaý, kofe, alkogol içgileri içende hem deriň yslanmagy bolup biler. "Et iýmegi bes edilenden soň, bedeniň ysy düýpgöter gowy tarapa üýtgedi" diýip wegetarianlar aýdýarlar. Emma deri mäzleri tarapyndan bölünip çykarylýan deriň düzümi hemme adamlarda tapawutlanýar. Şuňa iýmitden daşary köpsanly başga faktorlar hem sebäp bolup bilýär. Bedendäki bakteriýalar bir bedende işjeň köpelip ýaşasalar, başga bir bedende olaryň ösüşi pes bolýar. Içki agzalardaky näsazlyklary anyklamak üçin Size iç keseller lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýärin.

Ýaramaz ys bilen göreşmegiň birnäçe usuly

Goltugyň ýaramaz ysyndan dynmak üçin antibakterial sabynlary ulanmagy maslahat berýärin. Bu sabyn bedendäki kesel dörediji bakteriýalaryň ösüşini togtadar. Egin-eşigiňizi, aýakgaplaryňyzy ýörite ýokançlyklara garşy niýetlenen serişdeler bilen arassalaň. Bu serişdeleriň hemmesini Siz dermanhanalarda tapyp bilersiňiz.

Goltugyňyzy nahar sodasy bilen zyýansyzlandyrmak usuly iň peýdaly we howpsyz usuldyr. Suwa düşünip bolanyňyzdan soň öl elleriňiz bilen sodany goltugyňyza çalyň we 5-7 minut saklaň, soňra suw bilen ýuwuň. Häzirki döwür deriň bölünip çykmasyny azaltmak üçin ýörite deri-wenerologiýa merkezlerinde Botoks ýa-da Disport sanjymlaryny ulanýarlar. Sanjymyň täsiri şol wagt bildirip başlaýar we 6 aýdan 12 aýa çenli öz täsirini saklap bilýär. Ýaramaz ysa garşy göreşeňizde ýene-de bir zady unutmaň! Bakteriýalar we kömelejikler Siziň egin-eşikleriňizde hem bardyr, şonuň üçin gaýnadyp bolýan egin-eşikleriňizi gaýnadyp, arassalap geýmegiňizi maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Men 2016-09-07 11:32
Maslahat bereyin, ÿöne netijesine özüñ jogapkärsiñ. Mende bolan ÿagdaÿ, häzirki wagtda gowy, Hudaÿa śükür. 10-njy mikrorayondaky polikilinkañ (näçinji poliklinika ÿadyma düśenok) howlusynda Ata aga atly bir ÿaśuly derman otlary satÿar. Barda,śol ÿaśulydan maslahat sora. Diñe derman otlar bilen bejerÿär.Belki peÿda taparsyñ.
Sitata
 
 
#3 rhmdl 2016-09-04 15:27
Hic bir hassahanada yok on yaly bejergi
Asla derlemek gowlugyn sagatlygyn alamaty
Sitata
 
 
#2 Guwanc 2016-08-29 22:46
Haysy hassahanada derlemezlige garsy sanjym urulyar ya ?
Sitata
 
 
#1 Guwanc 2016-08-29 22:45
Derlemezlige garsy haysy hassahanada sanjym urulyar
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele