Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy NÄME ÜÇIN GÖWRELILIKDE GÖWÜSLER GATAÝAR?
( 7 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Men 2 aýlyk göwreli. Meniň göwüslerim agyryp, kä ýerleri gataýar. Bu meniň göwreliligim bilen bagly alamatlarmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Göwüsleriň ulalyp, gatamagy, olaryň duýgur bolup agyrmagy göwrelilik bilen bagly alamatlardyr. Göwreliligiň emele gelmegi bilen, böwreküsti mäziň we estrogen, progesteron gormonlarynyň täsiri bilen göwüslerde ýagyň ýygnanmalary, süýt ýodajyklarynyň giňelmegi, gan aýlanşygynyň ýokarlanmagy bolup geçýär. Bu alamatlar esasan göwreliligiň 11-12 hepdesine çenli aýdyň bildirip, soň aýrylyp gidýändirler. Göwüslere süýdüň inmegi üçin jogapkär gormon prolaktin bolsa, onuň mukdaryny progesteron kadalaşdyrýandyr. Göwreliligiň 5-6 aýlarynda göwüslerden birinji, oguz süýdüne meňzeş ak suwuklyk bölünip çykýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 bilesigelji 2016-07-15 14:23
Salam hormatly lukmanlar ilki bilen añsat bolmadyk käriñizde uly üstinlikler we öñe gidişlikler arzuw edýärin. Meniñ size soragym: anal jyns gatnaşygyndan soñ göwrelilik ýüze çykyp bilermi ?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele