Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik ŞOWLULYGA GETIRJEK ÇÄRELER
( 12 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Meniň durmuşa çykanyma 5 ýyl bolup barýar. Durmuşa çykanymdan 2 ýyl soň göwramde caga galdy. Göwreliligiň 9 aýyndan alanymda içimden sanjy tutup başlady we biz dogrum öýüne baranymyzda, çagamyň içimde ölendigini aýtdylar. Ondan bäri 2 ýyl geçdi, ýöne göwrämde çaga galanok. Onuň sebäbi nämeden bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Barlag çärelerini geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredip biler. USB-gy netijesinde jyns agzalarynyň ýagdaýyny kesgitleme, aýal öýjükleriniň emele geliş häsiýetini, jyns gormonlarynyň we prolaktin gormonynyň derejesini, bedendäki alamatsyz geçýän ýokançlyklaryň görnüşlerini anyklama ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga kömek edip, sizi indiki göwreliligiň oňaýly we üstünlikli geçmegine taýynlamaga ýardam berer. Size ginekolog we maşgala lukmanynyň, görkezme bilen endokrinolog lukmanynyň barlaglaryny geçmek we degişli bejergisini almak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Berdi 2016-08-05 21:08
Салам лукман. Сорамак бирхилли велин, бирзады билесим гелйа. Гызын гыз далдигини надип билмели эгер онун пердеси тикилен болса?
Sitata
 
 
#3 Osman 2016-08-03 22:32
Salowmaleykim hormatly Lukman. Adamyñ yuzunde peşehorda emele gelýä kijijekkä peşehordalaryñ emi barmydyr. Eger bar bolsa giñişleýin düşündiräýiñ sag boluñ Alla razy bolsun!!!
Sitata
 
 
#2 Lukman 2016-07-28 01:37
Aman!

Çagaňyň kellesini görmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredýär. Dörän alamatlar kelläniň derasty gatlagyna gan ýygnanmamy ýa-da süňkiň üstki gatlagynyň aşagyna gan toplananmy- ony diňe barlag netijesinde kesgitläp bolar. Size dörän şikeslenmäni we şonuň bilen baglylykda nerw ulgamynyň bozulma alamatlarynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny anyklamak üçin maşgala lukmanyna we newropatolog lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris.
Sitata
 
 
#1 aman 2016-07-26 14:49
Salam hormatly dokdarlar meniñ ýakynda oglym boldy indi3 gun boldy doglanyna oglymyn kelesi gogeripdir agramy ulyrak gelip kellesi gysylypdyr oglym kemala gelermi
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele