Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy MASTURBASIÝA ÖNELGESIZLIGE GETIRIP BILERMI?
( 16 Ses Berme )

 

Salam saýtyň hormatly lukmanlary. Men siziň ýazýan ähli makalalaryňyzy gyzyklanma bilen okaýaryn. Hormatly lukman, meniň size soragym bar. Men 24 ýaşymda, 5-6 ýyl bäri masturbasiýa bilen meşgullanyp geldim. Täzelikde bolsa öýlendim. Öýlenenime 3 aý boldy. Gelnimde çaga galanok welin bu masturbasiýa bilen köp meşgullanmagymyň netijesimikä?! Masturbasiýa bilen köp meşgullanmak dölüň hilini peseldip bilermi? Mümkin bolsa şu soraglaryma jogap bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Umuman alanyňda, masturbasiýa bilen meşgullanma endigi dölüň hiline we mukdaryna täsir etmeýär. Ýöne bir bellemeli aýratynlyk bardyr. Eger masturbasiýa yzly-yzyna geçirilse, erkeklik öýjükleriniň mukdarynyň we işjeňliginiň kada görä biraz peselmegi we soňundan kadalaşmagy syn edilip bilner. Aýalyňyz bilen jynsy gatnaşyk etmezden öň, masturbasiýa bilen meşgullanmazlyk oňaýly şert bolup durýandyr (eger öýleneniňizden soň hem bu endik saklanýan bolsa!). Aýalyňyzda çaganyň galmazlygy, ýagny önelgesizlik barada gürrüň etmek entek ir, çünki siziň toý edeniňize we jynsy gatnaşygy başlanyňyza bary-ýogy 3 aý bolupdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 okyjy 2017-01-29 23:16
Masturbasiya kop etmeklik ujydyn kadaly osmegine tasirini yetirip bilermi
Sitata
 
 
#8 Eziz 2016-10-20 20:45
Salam lukman men 17 yashymda 5-6 yyldan bari masturbasiya (drochit) etyan shonun onelgesizlige getirmegi mumkinmi gechen chep yarap warikoselden operasiya boldum ol drochit kop edeninden bolyamy hazir hem babasil keseli.mende barmyka diyyan ol hem drichit kop edenin bn baglymy hayysh jogabyny yazaysanyz
Sitata
 
 
#7 Lukman 2016-09-30 02:34
Sähra!

Ýatgynyň turbalarynyň ikisiniň hem ýapylmagy näme sebäpden bolup geçdi- sowuklama, sepleşme ýagdaýymy? Metrosalpingografiýa barlagy olaryň doly ýa-da bölekleýin ýapylmasyndan maglumat berip biler. Eger olary açmak mümkinçiligi ýok bolsa, ekstrakorporal tohumlandyrma usulyndan peýdalanyp bilersiňiz. Bu usul barada doly maglumar biziň saýtymyzda beýan edilendir.
Sitata
 
 
#6 sahra 2016-09-29 16:33
Salam lukman men 37 yasymda 2002nji yylda durmysa
cykdym 2003de oglum bolly basga cagam yok 2 turbamam
yapyk tazeden ene bolmak isleyan.
Sitata
 
 
#5 aaa 2016-08-11 13:12
Bu wagt soranyn yok diyenoga, name ucin masturbasiya etyan :D
Sitata
 
 
#4 Sadaja 2016-07-24 08:45
Men zyyandyr diyip pikir edemok sebabi jyns gatnasyga derek ulalanylyar.
Sitata
 
 
#3 Betje 2016-07-20 00:30
Quoting Bilesigeliji:
Kop drocit (masturbasiya) etmeklik "tök (ujyd ereksiya yagdayyna gelmeyanci) bolya" diyip eshdipdim. Tak shto drocit etmek peydala daldir! Name u.n bu barada konkiret maglumat berenizok?

Dost,shu dowurde masturbasiya etmek bolýar we peydaly. Okashdyr biraz. Elingem guramaz, sheytanam yuwudanok. Gozlege gir yazdylar bu barada.
Sitata
 
 
#2 Bilesigeliji 2016-07-19 23:33
Kop drocit (masturbasiya) etmeklik "tök (ujyd ereksiya yagdayyna gelmeyanci) bolya" diyip eshdipdim. Tak shto drocit etmek peydala daldir! Name u.n bu barada konkiret maglumat berenizok?
Sitata
 
 
#1 Bilesigeliji 2016-07-04 17:21
"Aýalyňyz bilen jynsy gatnaşyk etmezden öň, masturbasiýa bilen meşgullanmazlyk oňaýly şert bolup durýandyr (eger öýleneniňizden soň hem bu endik saklanýan bolsa!)" -bu name diydiñ? Hic akyl yetirip bilmedim?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele