Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Jynsy gatnaşyklar LUMBRIKANTLAR NÄME ÜÇIN GEREK?
( 16 Ses Berme )

 

 

 

Hormatly lukman! "Lumbrikant" atly serişdeler nähili ýagdaýlarda ulanylýar? Olar barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Lumbrikantlar – jynsy gatnaşygy geçirmegi ýeňilleşdirmäge ýardam berýän organiki serişdelerden ýasalan jynshanany çyglandyryjy suwuklyklardyr. Köp adamlaryň: "Men kynçylyk duýamok, şonuň üçin hem maňa lumbrikantlaryň geregi hem ýok" diýmekleri mümkin. Ýöne olaryň peýdasynyň köpdürliligi biziň pikir edişimizde hem köpdür:

► Lumbrikantlar jynsy gatnaşygy wagty ujydyň hereketlerini ýeňilleşdirýärler. Köplenç dürli sebäplere görä (gormonal bozulma, alawlama keseller, ýaş bilen bagly bozulmalar) jynshananyň adaty, fiziologiki çyglandyrylmagy bozulýar we jynsa gatnaşyklar wagty agyrylar döräp bilýär. Şol ýagdaýlarda emeli çyglandyryjylary ulanma jynsy gatnaşyklary ýeňilleşdirip, täze duýgulary başdan geçirmäge kömek edip biler.

Lumbrikantlar erkek adamlar üçin hem peýdaly bolup bilýär. Bu serişdeler dürli sebäplere görä, ereksiýa (ujydyň gönelme ýagdaýy) bilen bagly kynçylyklary bolan erkek adamlaryň bolan bozulmalaryny aradan aýyrmaga kömek edýär. Köp halatlarda lumbrikantlar wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýa bozulmalarynda hem jynsy gatnaşyklary uzaltmaga ýardam edip bilýär.

Lumbrikantlar jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden goraýar. Bu serişdeler öz düzümine görä diňe bir jynshananyň nemli gatlagyny şikeslenmelerden goraman, eýsem alawlama, ýokançlyklara garşy hem serişdeleri saklaýarlar. Olaryň köpüsi öz düzüminde derman otlaryň ekstraktlaryny, witaminleri, peýdaly minerallary saklaýarlar.

Lumbrikantlar jynsy gatnaşyklara "täzelikleri" girizmäge kömek edýär. Häzirki wagtda öndürilýän lumbrikantlaryň köpüsi jynsy gatnaşyklara täze "öwüşgin" berip biljek häsiýetleri saklaýandyr. Meselem, jynshanany "daraldýan" lumbrikantlar, gyzdyryjy ýa-da sowadyjy häsiýetliler, hatda dürli tagamly lumbrikantlar hem öndürilýändir.

Lumbrikantlar saýlananda olaryň düzümine we ýaramlylyk möhletine üns berilmelidir. Düzüminde suwly esas bolan lumbrikantlar, mineral ýagly esasy bolan lumbrikantlar bilen deňeşdirlende, öz häsiýetleri boýunça adaty ýagdaýdaka meňzeşdir. Ondan başga hem, olaryň turşylyk derejesine (Ph) üns bermelidir. Bu görkeziji 4,5-5,5 deň lumbrikantlar derinň hemme görnüşlerine hem gabat gelýändir.

Allergiki täsirliligi ýokary bolan adamlara gipoallergen çyglandyryjy gelleri saýlama maslahat berilýär. Şeýle hem, lumbrikantyň düzüminde saklanýan we jynsy gatnaşygy uzaltmaga ýardam berýän lidokainiň, duýujylygy peseldýändigi sebäpli şikeslenmeleri döredip biljekdigini bilmelidir. Köp gellerde saklanýan hlorgeksidin bolsa köp ýokançlyklara garşy ulanylýan serişde bolsa hem, zyýanlylar bilen bilelikde peýdaly bakteriýalary hem ýok edip bilýändir.

Lumbrikantlary saýlama meselesinde öz lukmanyňyzyň ýa-da dermanhananyň işgäriniň maslahatlaryny göz öňüne tutma peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Bilesigeliji 2017-01-18 09:03
lumbricantlary nireden satyn alyp bolyar? Ony oglan baryp satyn alsada bolyamy, gen gorulmeyrmi?
Sitata
 
 
#4 Aysha 2017-01-17 11:44
Men icegamem barlatdym, yara bar diydi. Garynda gozze gorlup bildirip Duran cish shondan bolup bilermi? Hemem balkanabatda haysy hassahanada gastroentrolog lukmany bar bilyan bolsangyz aydayyn.
Sitata
 
 
#3 Lukman 2017-01-15 03:21
Aýsha!
Siziň özüňizi görüp. barlag geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredýär. Siziň garnyňyzyň ýellenmegi netijesinde garynda çişginlilik bar ýaly bolup biler, ýöne gastrit keseli garnyň ýüzünde bildirýän çiş alamatlaryny döretmeýär. Size goşmaça barlaglary geçirip, gastroenterolog lukmanynyň maslahatyny almak peýdaly bolardy. Gastrit keseliniň ýiti we dowamly görnüşi barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.
Sitata
 
 
#2 Aysha 2017-01-15 00:44
Lukman gayrat edip jogap berayin, men eyyam 2 yyl Bari shu kesel den kosenyan. Gije yatyranok.
Sitata
 
 
#1 Aysha 2017-01-14 02:25
Salam lukman. Lukman mende garnymyn ust bolegi cish. Eyyam 1 yyldan gecdi. 2-3 balnisa baryp barlatdym gastrit diydiler. Licenya aldym ayrylanok. Arcman shypahanasynada girdim ayrylanok. Gayrat edip maslahat berayin name etmeli? Gastrit den cish emele gelip bilyarmi? Eger seyle bolanynda gastrit ayrylmasa cishem ayrylmayarmy? Hemem dowamly gastrit licenyanam son ayrylyp bilyarmi, ya omur boyy dowam edyan keselmi hayysh jogap berayin?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele