Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy "DYZA DUZ ÝYGNANMA" BARADA HAKYKAT
( 28 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men ozal ýykylyp dyzymy agyrdypdym. Indi dyzymda agyry peyda boldy. Men özüm woleýbol bilen meşgullanýan. Türgenleşik wagty has gaty agyrýar. Ozüme bildirşine görä "dyzyma duz ýygnanýan" ýaly duýgusyny duýýan. Nädip dyzdaky duzy aýryp bolarka? Sizden gerekli maslahat bermegiňizi haýyş edýärin!

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Hakykata seretsek, adaty lukmançylykda "dyza duz ýygnama" diýen düşünje ýok. Bu düşünje halk lukmançylygyndan geldi. "Dyza duz ýygnanma" keseliň hakyky ady "Dyz bognuň gonartrozy ýa-da osteoartrozydyr".

Bu kesel köplenç şikesden soň, bogna aşa agram salnanda ýa-da lukmana has giç ýüz tutulanda kem-kemden ýüze çykyp başlaýar. Ilkinji alamatlaryň arasynda şu aşakdakylary tapawutlandyryp bolýar:

→ Bogna agram salnanda agyry we ýaramaz duýgular ýüze çykyp başlaýar. Agyry injige we dabana çenli ýaýraýar.

Hereket edilende agramlylyk duýgusynyň bolmagy. Irden turaňyzda dyz bognuny birnäçe gezek epläp ýazmasaň adaty hereketiň dikeldilmezligi.

Bogny epeňde hütürdemegi.

Dyz bogunda çişiň bolmagy.

Dyz bognunyň hereketiniň çäklenmegi (doly epip ýa-da ýazyp bolmazlygy).

Keseliň bejerilşi derejesine bagly bolup, derman serişdeler (konserwatiw bejergi) bilen bejergini ýa-da hirurgiki usullary talap edip biler. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlanda lukman tarapyndan fiziobejergiler, owkalama, manual bejergi we berhiz ýaly çäreler bellenilýär.

Derman bejergide köplenç bogny dikeldiji derman serişdeleri belläp başlaýarlar. Ondan başga damarlary giňeldiji derman serişdeler, steroid däl gaýnaglama garşy serişdeler (ýerli ulanyş üçin) we kortikosteroid gormonlar agyryny aýyrmak maksady bilen bellenilýär.

Operatiw usuly konserwatiw usuldan peýda bolmadyk ýagdaýda ulanylýar:

► Artroskopiki debridment – bu usulda hirurg ýörite guralyň kömegi bilen agyry duýgusyny döredýän dargan bognuň böleklerini aýyrýar. Bu operasiýa ýylda iki gezek geçirilýär. Operasiýanyň gowy tarapy – adama uly şikes ýetirilmeýär.

Bogna endoprotez goýmak usuly – bu usulda bogny tutuşlaýyn demirden, plastmasdan ýa-da jäşden ýasalan protez bilen çalyşmak göz öňüne tutulýar. Esasan hem doly dargan we beýleki usullar bilen dikeldip bolmadyk dyz bogunda şu görnüşli operasiýa edilýär. Netijede, bogun öz hereketini dikeldýär, emma emeli proteze öwrenişmek üçin adam öz durmuşyna mahsus üýtgeşmeler girizip, ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp başlamaly bolýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 ali 2017-10-13 01:02
arassalanan filtrlenen ardalyk suw aparady gurdurda suwyny iciber mana peydasy degdi
Sitata
 
 
#2 Ogulgurban 2016-12-18 15:14
Gury agyry remotizim keseline nähili derman bejrgi alyp bolarka aýdaýyñ lukman.
Sitata
 
 
#1 aaa 2016-08-22 17:01
Welosiped sursen yityan eken so zat
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele