Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Direg-hereketlendiriş ulgamy HAÝSY ÝAGDAÝDA ÝATMAK DOGRY?
( 3 Ses Berme )

 

 

"Lukmanlaryň aydyşyna görä, arkan ýatmak öýkeniňe zyýanly, ýüzün ýatmak içegeleriňe zyýanly. Çep gapdalyňa ýatmak ýüregiňe zyýanly. Sag gapdalyňa ýatmak bagryňa zyýanly. Haýsy ýagdaýda ýatmak dogry?"

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Ortoped lukmanlaryň bellemegine görä, uklanda adamynyň arkan we gapdallaýyn ýatmagy saglyk üçin has ýaramly bolup durýandyr we onuň içki agzalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsiri ýokdur. Ýüzin (garnyň üstünde) ýatmagy halaýan adamlar onuň saglyk üçin oňaýly däldigini we oňurganyň üýtgemegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Uklanyňda gowy dynç almak üçin aşa ýumşak bolmadyk ýerde (düşek) ýatmak maslahat berilse hem, hemme adamlara, esasan hem oňurga bilen bagly kynçylyklary bolan adamlara bu amatly bolmaýar. Şonuň üçin hem her adam özüniň dynç almagy üçin ýaramly düşegi saýlamalydyr.

Arkan ýatylanda oňaýly bolar ýaly şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr:

► Özüňize ýaramly düşekde arkan ýatyň, kiçijik ýassyjagy dyzyňyzyň aşagyna goýuň. Dyzyňyzy biraz epiň we endamyňyzy gowşadyň.

Biliňiziň aşagyna oňurganyň bil bölümine söýget bolar ýaly ýumşak, uly bolmadyk ýassyjagy (ýa-da ýumşak zady düýrläp) goýuň. Oňurganyň şeýle ýagdaýy onuň gyşarmagynyň, üýtgemeleriniň öňüni alýar.

Ýatylýan ýassyk orta ýumşaklykda bolmalydyr we örän beýik bolmaly däldir. Kelle bilen oňurga bir tekizlikde ýerleşmelidir.

Gapdal ýatylanda şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr:

♦ Sag ýa-da çep gapdalyňyza ýatyň. Ýüzüňizi erkin dem almak üçin biraz öňe egmelidir.

Aýagyňyzy dyzyňyzda epläp, dyzlaryňyzyň arasyna ýassygy (çanaklyk oňurga bilen bir tekizlikde ýerleşer ýaly) goýuň. Uklanyňyzda aşa epilip, düýrlenip ýatmakdan saklanyň.

Uzak wagtlap bir tarapyňyzda ýatmakdan gaça duruň. Bit tarapdan beýleki tarapa öwrülmäge çalşyň. Bir tarapyňda ýatmak oňurganyň, döş kapasasynyň gyşarmagyna, arkada agyrylaryň döremegine sebäp bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Mekan 2017-10-23 20:04
Salam Lukman.
Menin sag tarap goltugymyn we pilcamin ic tarapyndan erbet sancyar aram aram su gunler kopelip ugrady. Oykenmi bashga zatmy hic dusunemok name maslahat beryaniz we nameden bu sanjy?
Sitata
 
 
#2 Bora 2017-10-23 17:49
Salam Hormatly Lukman. Lukaman men oylenenime 3ay boldy. Gelnimde caga galanok. Gownime bolmasa kemcilik mende bar yaly,bejergi ucin nirak barsam bolar.
Sitata
 
 
#1 Bora 2017-10-23 17:45
Salam Hormatly Lukman. Luk man men oylenenime 3 Ay boldy gelnimde caga galanok. Gownume bolmasa mende bir kemcilik bar yaly, ozumi barlatmaga nirak barsam borka
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele