Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Umumy DUZSYZ IÝMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY
( 2 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman! Men duzsuz iýmitleri halaýan. Öz bişiren naharlaryma we işdäaçarlaryma duzy az salmagy makul bilýän. Käwagt asla duz salamok. Duzsuz iýmitleriň adam saglygyna peýdasy we zyýany barmy?"

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Elbetde, nahar duzynyň aşa köp kabul edilmegi bedende suwuklygyň saklanyp çişginliligiň döremeginiň, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmalarynyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Şol sebäpli hem, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän näsaglara duzy çäklendirmek maslahat berilýändir.

Başga tarapdan bolsa, nahar duzy, has takygy natriý mineraly suw-mineral deňagramlylygyny saklap, beden öýjüklerinde bolup geçýän hadysalary sazlamaga işjeň gatnaşýandyr. Şonuň ýaly hem, ol kaliý mineralynyň alyş-çalşygyna gatnaşyp, bedende bolup geçýän biologiki hadysalaryň geçmegine möhüm täsirini ýetirýändir.

Şonuň üçin hem, hemme zatdada çäkliligiň möhüm bolşy ýaly, nahar duzynyň ulanylşynda hem kadany saklamak möhümdir. Nahar duzynyň bir gije-dündizde maslahat berilýän mukdary – 9-10 gramm.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele