Baş sahypa Täzelikler Umumy "BIZIŇ NESLIMIZ INÇEKESELI SAKLAMALYDYR"
( 11 Ses Berme )

1882-nji ýylyň 24 martynda, ylaýyk 130 ýyl mundan ozal, nemes mikrobiology Robert Koh inçekeseli döredijini – Micobacterium tuberculosis ýa-da Kohuň taýajygyny açanlygyny habar berdi. 100 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, bu waka mynasybetli 1993-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy inçekeseli milli betbagytçylyk diýip yglan etdi we her ýylyň 24-nji martynda inçekesele garşy göreş gününi bellemäge çagyrdy. 2012-nji ýylda Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni "Biziň neslimiz inçekeseli saklamalydyr" diýen şygar astynda geçirilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri XXI asyryň başynda Inçekeseliň diňe käbir döwletlere däl-de, ähli adamzat üçin howpludygyny bellediler. Bejerip bolýandygyna garamazdan, ol her ýyl dünýä boýunça 2 million adamyň ömrüniň kesilmegine sebäp bolýar we ýokanç keselleriň içinde ölümçilik bilen tamamlanmakda birinji orny eýeleýär. Inçekeseli döredijiniň köp derman serişdelerine durnuklylygy onuň örän wajyp mesele bolup galmagyny esaslandyrýar. Ýer ýüzünde ýylda 7000-10000 adam inçekesele ýolugýar.

Inçekesel bilen göreşmek üçin döredilen maksatnamalar millionlarça adamlaryň janyny halas edýändigine garamazdan, mundan beýläk hem güýjümizi jemläp tijenmesek, 2015-nji ýyla çenli 40 million adamyň bu kesele duçar bolmagy, şolaryň 8 milliony bolsa ölüme sezewar bolmagy mümkin. Şol sebäpli Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ähli döwletleriň hökümetlerini bu meselä üns bermäge çagyrdy.

Kesele garşy sanjymlaryň we derman serişdeleriniň barlygyna garamazdan, hemmetaraplaýyn ösen ýurtlarda-da inçekeseliň epidemiýalary bolup dur. Meselem, 1985-nji ýylda ABŞ-da, 1991-nji ýylda bolsa Russiýada birwagt "ýeňlen" kesel özüni "ýatladyp" uly betbagtlyga getirdi.

Inçekesel gadym döwürden belli bolan ýokanç keseldir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen üsgürmek, asgyrmak, gürleşmek, tüýkülik arkaly geçýär. Ol adamyň saçyndan we dyrnagyndan başga ähli beden agzalaryny şikeslendirip biler. Bu keseliň nesil yzarlamak häsiýetiniň ýoklugyny alymlar subut etdiler. Inçekesel bilen diňe adamlar däl, eýsem haýwanlar hem syrkawlaýar. Keselli malyň gaýnadylmadyk süýdini içmek, etini iýmek, gaýnadylmadyk ýumurtgany iýmek, olara ideg etmek keseliň ýokuşmagynyň ýene bir çeşmesi.

Ilkinji gezek adama geçen inçekeseliň mikobakteriýasy onuň bedenine ýaýraýar, emma mydama keselçilige eltmeýär. Olaryň köpüsi ýok bolup gidýär. Emma käbiri birnäçe ýyllaryň dowamynda, wagty gelýänçä, bedene zeper ýetirmän ýaşaýyş ukybyny saklaýar. Ýaramaz ýagdaýlar – ýaşaýyş şertiniň pesligi, ýokumly iýmitiň ýetmezçiligi, arassa agyz suwunyň kemligi, ukusyzlyk, stress, başga keselleri geçirmek bilen bedeniň kesele garşy durnuklylygynyň peselmegi, arassaçylyk ýagdaýynyň ýaramazlygy bedende saklanýan mikobakteriýalary işjeňleşdirip, keseliň döremegine eltýär. Şeýle-de inçekesel bilen syrkawlamak howpy çensiz alkogol içgisini ulanýan, çilimkeş we neşekeş adamlarda ýokarydyr. Olar üçin Kohuň taýajygy bilen duşuşygyň betbagytçylyk bilen tamamlanmagy mümkin.

Inçekeseli bejermek kyndyr. Ol bar bolan derman serişdelerine uýgunlaşmaga ukyply. Dürli döwletleriň alymlary, lukmanlary bu keseli ýüze çykarmagyň we bejermegiň täze usullaryny tapmagyň üstünde işleýärler.

Britan lukmanlarynyň aýtmagyna görä, döş kapasasyny rentgen şöhlesinden geçirmek keseli anyklamakda az netije berýär. Sebäbi rentgen barlagy keseli diňe ötüşen derejesinde anyklap bilýär. Imperial Londan Kollejiniň hünärmenleri ganyň ýörite derňewini geçirmek arkaly ony irki döwürde ýüze çykarmagyň mümkindigine ynanýarlar.

Inçekeseli anyklamagyň adaty usuly – dem alyş ýollaryndan alynan gakylygyň derňewini geçirmekdir.

Gakylykda ýüze çykarylan mikobakteriýalar laborator şertlerinde ösdürilýär we öwrenilýär. Bu barlagy geçirmegiň möhletiniň uzaga çekmegi (8 hepdä çenli), onuň esasy ýetmezçiligi bolup durýar.

2010-njy ýylyň sentýabr aýynda Britan alymlarynyň topary bir sagadyň içinde inçekeseli anyklamagyň täze usulyny tapdylar. Bu usulyň görkezýän netijesiniň takyklygy adaty usulyňkydan pes däl, emma şonda-da ol heniz-de kämilleşdirilmäge mätäç diýip, alym Arnold Kata habar berdi.

Inçekeseli anyklamagyň ýene bir usuly "New England Journal of Medicine" lukmançylyk žurnalynda hödürlendi. Alymlar iki sagadyň dowamynda barlanýan adamda howply keseli ýaýradyjy taýajygyň bardygyny anyklaýan – Xpert MTB/RIF ýörite guralyny işläp taýýarladylar.

Amerikan alymlary bolsa inçekeseliň gizlin görnüşini (latent inçekeseli) 3 aýda bejermegiň usulyny oýlap tapdylar. Uly halkara barlag işleriniň netijesi 2011-nji ýylyň 13-18 maýynda Kolorada ştatynda geçirilen torakal (döş) lukmançylygy boýunça amerikan jemgyýetiniň gurultaýynda köpçülige hödürlendi. Lukmançylygyň doktory Kewin Fenton bu açyşa 1960-njy ýyllardan bäri latent inçekeselini bejermekde uly öňe gidişlik diýip baha berdi.

Alymlaryň bellemegine görä, latent inçekeseli bejermegiň bu usulynyň düýp manysy - öňki ýaly keseli bejermegiň möhleti 9 aýy öz içine alman, ol möhlet 3 aýa barabardyr. Derman serişdelerini hem adaty bejergidäki ýaly günde içmän, hepde-de bir gezek içmeli, ýöne onuň mukdaryny köpeltmeli. Bu bolsa keseli bejermegiň möhletini we ulanmaly derman serişdeleriniň mukdaryny ep-esli peseldýär.

Şu güne çenli inçekeselden goranmagyň esasy çäresi waksina sanjymyny almakdadyr. Wagtynda sanjym alan adamlar beýlekilerden 15 esse az syrkawlaýarlar.

Daniýaly alymlar inçekesele garşy täze waksinany oýlap tapdylar. Hünärmenleriň habar bermegine görä, bu waksinany diňe keseliň öňüni almak üçin däl-de, inçekeseliň açyk görnüşini bejermek üçin hem ulanyp bolýar.

Inçekesele garşy göreşde garaşylýan netijeleri gazanmakda lukmanlaryň we alymlaryň orny juda uludyr. Keseliň wagtynda dogry anyklanylmagy, doly bejergi berilmegi ondan azat bolmaga eltýär. Emma saglyk ilki bilen biziň öz elimizde. Keseli ýeňmek üçin onuň gelip çykyşyny, öňüni alyş çäreleri bilmek zerurdyr. Saýtymyzyň sahypalarynda biz inçekesel bilen bagly kynçylyklary dürli tarapdan beýan edýän birnäçe makalany size hödürläpdik. Olar bilen tanyşmagy size maslahat berýäris.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Hesel. 2016-06-02 00:15
Soňky döwürde hakykatyň hatyrasyna aýtsam, bu kesellileriň sany köpelen ýaly. Onuň esasy sebäbi hem sanitar epidimiologik gulluklaryň işini göwnejaý alyp barmaýandyklary bilen baglaýarlar.
Sitata
 
 
#5 Mätäji. 2015-11-26 02:28
Bizde hem inçekesele "ýeňilen" kesel diýmäge hiç hili esas ýok. Sebäbi onuň wagtynda takyklanman we bejerginiň öz wagtynda alynyp barylmazlygy ol keselleriň köp ýagdaýda ömrüň gysgalmagyna getirýär.
Sitata
 
 
#4 Çetili. 2015-10-07 02:01
Inçekesel durmuşy (sosial) kesel bolmak bilen durmuş ýagdaýy pes ýurtlarda ýakyn wagtlarda yza çekilmez. Durmuş ugurlarynyň hemme taraplaýyn pesligi we lukmançylyk hyzmatlarynyň ýaramazlygy esasy sebäpler bolup durýar.
Sitata
 
 
#3 Söhbet. 2015-08-29 01:34
Bu keseli bejermek üçin lukmançylyk barlagyna uly üns berýän, bejergi babatda aýgytly sepgitlere ýeten döwletleriň netijelerini öz lukmançylygymyza önjeýli ornaşdyrmaly we hünärmenleriň ol ýerlerde okadylyp taýýarlanmagyny gazanmaly.
Sitata
 
 
#2 Gartaşan. 2015-08-04 23:31
Öňki wagtlarda biziň ata-babalarymyz inçekeseli gowy iýmitler we baýtal süýdi-gymyz bilen bejeripdirler. Ol kesellä birnäçe ýylyň dowamynda gymyz içmegi maslahat beripdirler. Ol bejerişler onçakly netije bermän, uzaga çekipdir.
Sitata
 
 
#1 Gaýgysyz. 2015-06-21 01:36
Ýöne ýerden bu kesele inçekesel diýmändirler. Ony wagtynda bejermeseň keselliniň ömür tanapyny inçeldip kesýär. Açyk görnüşi bilen kesellän adam töwerekdäkiler üçin örän howplydyr. Olar başgalardan üzňe ýagdaýda bejerilýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele