Baş sahypa Täzelikler Umumy BRITANIÝANYŇ ALYMLARY INÇEKESELI ANYKLAMAGYŇ TÄZE USULYNY TEKLIP EDÝÄRLER
( 2 Ses Berme )

Inçekesele ýolugan adam köp ýyllaryň dowamynda inçekeseliň taýajyklaryny göteriji hökmünde gezip bilýär. 

Beýik Britaniýa göçüp barýan adamlarda inçekeseliň taýajyklarynyň bolup-bolmazlygyny ýüze çykarmak üçin, olaryň hemmesi rentgene düşürýärler. Ýöne iňlis alymlary bu usulyň köp ýagdaýlarda doly maglumaty bermeýär diýen netijä geldiler.  

Bu alymlaryň aýtmagyna görä, rentgen şöhlesi inçekeseliň diňe aktiw görnüşini, ýagny ötüşen ýagdaýlaryny ýüze çykaryp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda inçekeseliň hemme alamatlary bireýýäm mese-mälimdir.

Imperial College London-yň hünärmenleri 1000-den gowrak adamy barlagdan geçirdiler. Olar inçekeseli ilkinji tapgyrlarynda gan barlagy arkaly ýüze çykaryp bolýar diýip habar berýärler.

Inçekesel ýokanç keseli bolany üçin, lukmanlar ony ilkinji tapgyrlarynda ýüze çykarmak örän wajypdyr diýip belleýärler.   

Beýik Britaniýanyň häkimiýeti şeýle ylmy barlaglaryň başyny başlan hünärmenleriň işiniň Milli Saglygy goraýyş we kliniki ussatlygy institutynyň (NICE) ähli talaplaryna doly laýyk gelýändigini habar berýärler.  NICE bireýýamdan bäri dürli keselleri anyklamaklagyň has netijeli usullaryny durmuşa geçirmeli diýip nygtaýar.

Inçekeseli göterijiler we inçekeselliler

Soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda beýik Britaniýada inkesele ýolugan adamlaryň sany örän artdy. Bulara esasan hem lukmançylygy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň pes derejede ösen ýurtlardan gelýän daşary ýurtlular degişlidir.

Inçekesel — bu adamyň öýkenine zeper ýetirýän bakterial infeksiýadyr. Käbir adamlar inçekesel bilen kesellemese-de, köp ýyllaryň dowamynda inçekesel taýajyklaryny öz organizminde göterip gezýär. Ýöne hünärmenleriň aýtmagyna görä, islendik zat, mysal üçin klimatyň çalyşmagy ýa-da ýönekeýje sowuklama bu inçekesel taýajyklarynyň «oýarylmagyna» sebäp bolup bilýär.   

«Biziň teklip edýän gan barlagymyz inçekesel taýajyklaryny göterýän adamlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa olary inçekeseliň ýaýbaňlanmasyndan we onuň agyr görnüşine geçmeginden gorap bilýär. Şeýlelikde, biz daş-töwerekdäki adamlary hem inçekeselinden gorarys, sebäbi inçekesel ýokanç keselleriň biridir» diýip, Imperial College London-yň professory Ajit Lalwani aýdýar.

Döwlet býujetiniň nukdaýnazaryndan bolsa, alymlaryň teklip edýän goşmaça barlagy Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamyna puly köp mukdarda tygşytlamaga ýardam berer. Sebäbi keseli öňünden anyklamak onuň has ötüşen görnüşlerini bejermekden arzandyr.

Beýik Britaniýanyň  Milli Saglygy goraýyş we kliniki ussatlygy instituty (NICE) şu ýylyň mart aýyndan ýurda göçüp gelýänleriň arasynda inkesellileriň bolup-bolmazlygyny anyklaýan barlaglaryň tertibine düzedişler girizdi.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Ýusup 2014-11-03 08:47
Iňlis alymlarynyň ganyň üsti bilen inçekeseli amyklamak usuly lukmançylyk ylmynda uly ýeňiş bolmak bilen lukmanlaryň işinde uly ähmiýete eýe bolup, olaryň işiniň netijeliligini artdyrar.
Sitata
 
 
#4 Okyjy 2014-10-11 09:44
Inçekeseli döredýän taýajygyň nemes alymy Koh tarapyndan açylmagy lukmançylyga uly itergi berdi. Ýöne her keseliň anyklaýyş usulynyň kämilleşmegi we netijeliligi keseliň çalt bejerilmegine uly itergi berjekdigi ikiuçsyzdyr.
Sitata
 
 
#3 Maral.Lukman. 2011-06-09 10:35
Hormatly Lukman! Ýerleşdiren maglumatyňyz üçin köp sag boluň. Gaty peýdaly, gerekli usul.Biziň hem gündelik işimize,şu usul giriziläýse, köp kesellän näsaglary, keseliň ýüze çykmadyk ýagdaýynda anyklamaga ýardam edep, keselçilikden halas ederdi.
Sitata
 
 
#2 Lukman 2011-06-09 02:30
Hormatly lukman Maral! Ganda inçekeseli anyklamaga kömek edýän täze barlag usuly ELI Spot-Plus diýip atlandyrylýar.Bu barlag ganda inçekesele mahsus bolan interferon-Y belogyny seljerip saýlamaga kömek edýär. Bu belok inçekesel taýajygy bilen bedeniň kesellere durnuklylyk ulgamynyň özara "göreşi" netijesinde ýüze çykýandyr.
Mantu barlagy 79% ýagdaýlarda dogry netijäni berýändir. Geçirilen barlaglarda ELI Spot-Plus 89% ýagdaýlarda inçekeseli anyklamaga kömek etdi. Mantu bilen bu barlagyň utgaşykly ulanylmagy 99% ýagdaýlarda inçekeseli dogry anyklap, barlagçylary geň galdyrdy. Ýöne bu barlag inçekeseliň ýiti geçýän ýa-da gizlin görnüşini seljerip bilmeýär. Barlag diňe näsagyň inçekesel bilen kesellänligini anyklamaga kömek eder.
Sitata
 
 
#1 Maral. Lukman. 2011-05-26 02:34
Biziň hemmämiz inçekesel taýajygyny göterýäris. Ýöne keselçilik ýokarda belleýşiňiz ýaly, belli bir ýagdaýga ýüze çykýar.Bizde inçekeseliň ýokuşanlygyny, bedeniň nähili ýagdaýdadygyny bilmek üçin, Manty reaksiýasy giňden ulanylýar.Netijesini anyklap, kesellemäge güman edilýan netijelileri hasaba alyp, bejergi çäreleri geçirilýär.
Gaty gyzykly täzelik, peýdaly usul.Şu hakda giňişleýin maglumat berseňiz size minnetdar bolardyk.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele