Baş sahypa Türkmençe Biz barada
( 114 Ses Berme )

Gadyrly dostumyz we joramyz!

Sen saglyk baradaky maglumatlary türkmen dilinde beýan edýän saýta girdiň. www.saglyk.info girdeji üçin döredilen başlangyç däl-de, eýsem Türkmen köpçüliginiň saglyk, sagdyn durmuş baradaky bilimini we düşünjesini gowulandyrmak we artyrmak, köpçülige adam saglygyna, daşky gurşawa degişli meseleler babatda öz pikirlerini beýan etmäne mümkinçilik bermek missiýasy bilen döredilendir. Şeýle-de saýt dürli ýurtlarda ýaşap turkmen dilinde gepleýän we şeýle kynçylyklar babatda aladalanýan adamlar bilen hyzmatdaşlyk açmagy göz oňünde tutýar.

Biziň esasy maksadymyz seniň maşgalaňyň we tutuş jemgyýetiň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berjek döwrebap we ygtybarly maglumatlary saýlap, olary sada dilde okyjylarymyza ýetirmekden ybaratdyr.

Web-saýt lukmançylyk maglumatlaryň hemmeler üçin elýeter bolmagynyň wajypdygyna, saglyk babatda dogry çözgütleri kabul etmegiň möhümdigine ynanýan adamlar tarapyndan 2010-nji ýylda döredildi. Biziň maksadymyz ýerlikli we mümkin usullar arkaly saýtyň okyjylarynyň talaplaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Sen saýtyň sahypalarynda makalalar, hünärmenleriň teswirleri, köpçüligiň bellikleri we teswirleri bilen tanşyp bilersiň. Bularyň ählisi özüňe gerek maglumatlary aňsat tapyp bilmegiň üçin niýetlenendir.

Saýtda halk köpçüligi saglyga we daşky gurşawa degişli bolan meseleleri teswirlemäge, öz pikirlerini paýlaşmaga we dogry çözgüt ugrunda jedelleri alyp barmaga çagyrylýar. Öz saglygyňa we daş-töweregiňdäki adamlaryň saglygyna täsir edýän möhüm meseleler boýunça ýazylan 400-den gowrak makalalary we 300-den gowrak okyjylardan gelen sowallara lukmanlaryň jogaplaryny okap bilersiňiz. Mundan başga-da, saýtyň işgärleri: önelgelilik saglygyny we hukugyny goramak, arassaçylyk, neşekeşlik we inçekesel boýunça ýörite ýazylan makalalaryň toplumyny taýýarlady.

Eger sen biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirseň, şu aşakdakylary edip bilersiň:

1. Saýtyň işine goşul we ony golda. Gyzykly pikirleriň bilen paýlaşmak üçin, Bize goşul atly sahypany oka, Siziň www.saglyk.info barada bilmeli zatlaryňyz we Okyjylardan www.saglyk.info barada iň köp gelip gowuşýan sowallar we olara jogaplar bilen tanyş!

2. Her makalanyň ahyrynda öz pikiriňi, soraglaryňy, makala boýunça teswir ýaz.

3. Saglyk.info Facebook-da, Twitter-da we V-Kontakte sosial ulgamlarynda tapyp goldawyňy görkez. Salgyny dost-ýarlaryň, joralaryň bilen paýlaş.

4. Makalalary ýazmak we biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän lukmançylyk işgärlerini we başga ugurlar boýunça işleýän hünärmenleri saýtymyz bilen tanyşdyr. Hyzmatdaşlygyň düzgünleri bilen sahypada tanşyp bilersiň.

5. Maşgala Saglygy hem-de Amaly Gollanma: Daşky Gurşaw we Adam Saglygy atly türkmen diline terjime edilen iki kitaby oka we olary başgalara ýetirmgä kömek et. Bu kitaplaryň asyl nusgasy Where There is no Doctor we A Community Guide to Environmental Health Hesperian fondy tarapyndan iňlis dilinde neşir edildi.

Maşgala Saglygy kitaby amaly maslahatary bermek bilen, umumy keselleri anyklamak, olary bejermek we öňüni almak boýunça peýdaly maslahatlary sada dilde okyja ýetirýär. Kitapda sagdyn iýmitlenmä, ýokanç kesellere, keselleriň öňüni alyş çärelerine, saglyk kynçylyklaryny döredip bilýän keselleriň öňüni almak we olaryň bejeriş usullaryna aýratyn üns berilýär. Maşgala Saglygy kitaby okyja öz saglygy barada dogry çözgüdi kabul etmäge kömek edýär.

Amaly Gollanma: Daşky Gurşaw we Adam Saglygy atly kitap daşky gurşawy goramaga ýardam berýän sada usullary beýan edýar. Şeýlede bu gollanmada saglyk howandarlarynyň, daşky gurşawy goramak ugrunda işleýän işjeňleriň we jemgyýet ýolbaşçylarynyň öz daşky gurşawlaryny goramak iş tejribesinden beýan edilen wakalary, maglumatlary, çäreleri okyjynyň dykgatyna ýetirýär.

6. Saýtyň sahypalarynda Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň çäklerindäki amaly maglumatlar, öz hak-hukuklaryň we borçlaryň baradaky maglumatlar sada we düşnikli dilde (Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi?) seň dykgatyňa hödürlenýär.

7. Sorag-jogap bukjasy arkaly öz soraglaryňyzy lukmanlarymyza iberip bilersiňiz. Ýöne sorag ibermezden ozal, gaýrat edip, Sorag-jogap bukjasyndan sorag ibermegiň düzgünleri bilen oňat tanyş. Ýygy-ýygydan soralýan soraglar sahypasyny hökman oka!

8. Belki, seniň berjek soragyň ozal kimdir biri sorandyr? Onda ozal berlen soraglary we olaryň jogabyny Sorag-Jogap Süzgüji arkaly gözläp tap. Olary tapmak üçin, haýsydyr bir açary sözi ulanyp bilersiň (mysal üçin, "bagyr", "öýken", "çaga keseli" we başg.)

9. Jemgyýetçilik saglygynyň meseleleri bilen bagly bolan Ses berme soragnamasyny dolduryp bilersiň.

10. Saýtdan lukmançylyk sözlüklerini alyp bilersiň. Olary bize saýtyň okyjysy hödürledi.

11. Web salgylar diýen bölümde jemgyýetçilik saglygyny goramagyň çäklerinde işleýän milli we halkara guramalarynyň sanawyny tapyp bilersiň.

www.saglyk.info salgysyny öz dost-ýarlaryň, joralaryň bilen paýlaşyp, saýtdaky maglumatlary ýurduň çäklerinde we ondan daşarda ýaýratmaga kömek et. Biz elmydama saýtymyzyň işini kämilleşdirmäge ymtylýarys, saýtda ýerleşdirilýän makalalary täzeläp durýarys. Öz teswirleriňizi, soraglaryňyzy, pikirleriňizi This e-mail address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it salgysyna iberiň!

Öýüňiz abadan, janyňyz sag bolsun!

Hormat bilen,
saýtyň işgärler topary.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...
SAGLYK.INFO-nyň TÄZE EMBLEMASY
DG we AS Kitaby

Maşgala Saglygy Kitaby

Şu wagt kim bagly
We have 100 guests online