Baş sahypa Türkmençe Siziň Saglyk.info barada bilmeli zatlaryňyz
( 5 Ses Berme )

Saglyk.info girdeji üçin döredilen başlangyç däl-de, eýsem Türkmen köpçüliginiň saglyk, sagdyn durmuş baradaky bilimini we düşünjesini gowulandyrmak we artdyrmak, köpçüligiň adam saglygyna, daşky gurşawa degişli meseleler bilen gyzyklanmasyny we bu meselelerde öz pikirlerini beýan etmäne mümkinçilik bermek missiýasy bilen döredilendir. Şeýle-de saýt dürli ýurtlarda ýaşap turkmen dilinde gepleýän we şeýle kynçylyklar babatda aladalanýan adamlar bilen hyzmatdaşlyk açmagy göz oňünde tutýar.

Saglyk.info hiç hili syýasy äheňli meýilnamalary mahabatlandyrmak maksadyny yzarlanok. Saýtdaky maglumatlar köpçüligiň goşulmagy we jemgyýetde bolan meseleleri konstruktiw äheňde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen çap edilýär. Saýtda halk köpçüligi saglyga we daşky gurşawa degişli bolan meseleleri teswirlemäge, öz pikirlerini paýlaşmaga we dogry çözgüt ugrunda jedelleri alyp barmaga çagyrylýar.

Saglyk.info materiallary döredende ýokary hünärmenlik derejesini we gizlinlik düzgünlerini saklaýar. Okyjylaryň, makalalaryň awtorlaryna degişli bolan şahsy maglumatlar ýaýradylanok, hiç kim bilen paýlaşylanok.

Saglyk.info köpçüligiň ulanmagy uçin mugt bolan çeşmedir. Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Maglumatlaryň saýtdan alnyp ýaýradylan halatlarynda, olaryň çeşmesi görkezilmelidir.

Saglyk.info derman serişdelerini öndürýän şereketleriň önümlerini mahabatlandyranok we olardan hiç hili kömek kabul edenok. Saýtda hiç hili mahabatlandyrma hem-de şeýle häsiýetli makalalar ýerleşdirilenok.

Saglyk.info Türkmen we halkara döwlet, hususy we döwlete degişli bolmadyk, galdyrylýan meselelere degişli iş alyp barýan guramalary hyzmatdaşlyga çagyrýar.

 
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Begenc 2015-07-07 14:41
mana derrew hroniceski bronhit keseli bejermek barada maslahat gerek
Sitata
 
 
#2 Begenc 2015-07-07 14:40
men begenc
Sitata
 
 
#1 Begenc 2015-07-07 14:38
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele

SAGLYK.INFO-nyň TÄZE EMBLEMASY