Bellik

Saýtymyzyň baş sahypasynda orfografik ýalňyşlar bar bolsa ýalňyşlary mouse kömegi bilen saýlap Shift+Enter basyp Administratora habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.

Baş sahypa

 

Salam Lukman! Men köp wagt wagt bäri ýüzüme çykan ýakaldan kösenýärin we ony aýryp bilmeýärin. Men barlaglardan geçdim: bagrymda, mäzde, öt haltada üýtgeşik keselim ýok. Ýüzde dörän ýakaly nädip aýryp bilerin? Ýakaly aýyrmak üçin nähili serişdeler ulanyp bolar? Ony aýyrmagyň usullary barasynda, ýakalyň çykmagyna sebäp bolýan alamatlar barasynda giňişleýin ýazsaňyz Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 5 Ses Berme )

Adamyň ýaşy ulaldygyça, onuň saglygynda dürli näsazlyklar ýüze çykyp ugraýar.  Katarakta hem şeýle näsazlyklyklaryň biri bolup, görüş ukybynyň kütelmegi bilen häsiýetlendirilýär.   Köp adamyň pikirine görä, katarakta belli bir ýaşda boýun bolaýmaly keselleriň biri.  Emma lukmançylyk bir ýerde duranok. Onuň täze döwrebap tehnologiýalary kataraktadan üstün gelip,  sanlyja günüň içinde adamyň görüş ukybyny 100% dikeldip bilýär.

 
( 3 Ses Berme )

Mugthor gurçuklar ýa-da ylmy dil bilen aýdanymyzda gelmintler – adamyň bedenine ornaşyp, onda dürli gurçuk kesellerini – gelmintozlary döretmäge ukyply ýönekeý gurçuklaryň uly toparydyr. Olar adamzadyň saglygyna howp salýan musallatdyr. Göräýmäge arassaçylyk şertlerini berjaý edýänlere gurçuk ýolukmajak ýaly, emma öýde arassaçylyk kadalary doly saklansa-da, köpçülik ýerlerinde dürli ýollar bilen bu kesel ýokuşyp bilýändir.

Gelmintleriň ýaýramagy ilki bilen howa şertlerine, soňra bolsa ýerlerdäki durmuş-ykdysady ýagdaýa baglydyr. Hemmetaraplaýyn ösen ýurtlarda gelmintoza ýolukmagyň derejesi yzagalak tropiki we subtropiki guşaklykdaka ýurtlara garanyňda mes-mälim pesdir.

 
( 4 Ses Berme )

 

Salam Lukman!

Coca-colanyň sagdyn adamyn saglygyna zyýany barmyka? Haýsy organlaryna, sol sanda Fanta ya-da beyleki gazlandyrylan icgiler hem Coca-cola bilen deň hatarda görülyärmi? Belki bu içgilerin nahardan soň ya-da islendik wagty suwsuzlygyňy gandyrmak üçin icmekligiň öz düzgüni bardyr? Şular barada maslahat berseňiz sizden hoşal bolardyk!!!

Saýtyň okyjysy.

 
( 2 Ses Berme )

Sözenek keseliniň taryhyndan gysgaça maglumat

Sözenek (gonoreýa) – jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň arasynda iň ýygy duş gelýän görnüşi bolup, ol dürli alamatlaryň ýüze çykmagy we gaýraüzülmeleriň döremegi bilen tapawutlanýandyr.

Adamzada sözenek keseli gadymy asyrlardan bäri belli bolup, onuň alamatlaryna meňzeş keseliň häsiýetlendirmesine b. e. öň IV asyra degişli kitaplarda duş gelmek bolýar.

 
( 3 Ses Berme )

Neşekeşlik örän howply we çalt ýaýraýan epidemiýadyr. Bu dert ençeme ýaş ömürleri aždarha kimin "ýuwudýar". Neşe serişdesini artyk mukdarda ulanmak sanlyja minudyň içinde ölümçülige getirmäge ukyplydyr.

Biziň döwrümizde neşekeşlige sezewar bolanlaryň diňe ujypsyz sany bu dertden saplanyp, jemgyýete, sagdyn durmuşa gaýdyp gelmäge ýol tapýar.

Adamzadyň bedeni ösüş ýolunda kämilleşip taplansa-da, täze döwrüň ýaramaz  endiklerini "göz öňüne tutmandyr", şonuň üçin-de olaryň öňünde goragsyz, ejiz bolup galypdyr. Adamyň bedeni neşe serişdeleriniň täsirine ýaşaýşynyň her bir döwründe bendi bolmaga ukyplydyr. Beden näçe ýaş bolsa, neşe zäheri şonça-da hilegär we howply täsir edip, bedeniniň ähli agzalaryny, ulgamlaryny zäherleýär. Neşe serişdesini bir gezejik dadyp görmeklik käbir ýagdaýda ýowuz bela öwrülmegi, agyr ýagdaýlara sezewar edip, maýyplyga uçradyp bilýändigini ýatdan çykarmaly däl.

 
( 2 Ses Berme )

Häzirki wagtda dünýäniň käbir künjeklerinde dogruma ukyply ýaşdaky aýallaryň, şonuň ýaly-da göwreli aýallaryň arasynda inçekeseliň ýaýramagy duş gelýär. Wagtynda ýüze çykarylyp, bejerilmedik inçekeseliň göwreliligiň gaýraüzülmeli geçip, çaganyň ýokançlyk bilen zeperlenmegine getirip biljekdigi ikuçsyzdyr.

Halypa ftiziatr lukmanlarynyň öňden bellemegine görä: "Inçekesele ýolugan aýal göwreli bolmaly däldir, göwreli aýal dogurmaly däldir, dograýan ýagdaýynda bolsa çagasyny emdirmeli däldir". Hakykatdan hem, göwrelilik bilen inçekeseliň utgaşykda bolmagy uly ünsi talap edýän ýagdaýdyr.

 
( 5 Ses Berme )

Belli bolşy ýaly, çaganyň derisi onuň sagdynlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Körpejäniň ýaňaklarynyň misli al alma ýaly gyzaryp durmagy, gynansak-da, onuň diateza ýolugandygynyň alamaty bolup, bizi ynjalyksyzlanmaga mejbur edýär.

Diatez gadymy grek sözünden (diatezus) gelip çykýar we meýilli, ýykgyn etmek diýmegi aňladýar. Halk arasynda diatez diýip çaganyň derisinde peýda bolýan allergiki örgüne aýdylýar. Diatez lukmançylykda keselleriň hataryna girmän, diňe bedeniň haýsydyr bir derde ýolukmaga ýykgyn etme ukybyny häsiýetlendirilýär.

 
( 3 Ses Berme )

Dünýä gymmatlyklarynyň içinde saglyk esasy orunlaryň birini eýeleýär. Biziň saglygymyza dürli faktorlar täsir edýär. Azyk harytlarynyň köpelmegi  iýmit bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna getirse, ahlak kadalarynyň bozulmagy, azgynlyk  AIDS keseli ýaly howply kesellere uçradýar. Spirtli içgileriň we temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny dünýä epidemiýasyna deňemek bolar. Saglygy dikeltmek ugrundaky çäreler, adatça, keseliň alamatlary ýüze çykandan soň başlanýar. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy saglyk babatda ýüze çykýan meseleleri çözmek, olaryň durmuşa täsir edişini öwrenip, keselçiligi kemeltmek işleri bilen meşgullanýar. Guramanyň teklibine görä 1950-nji ýyldan bäri Bütündünýä saglyk güni geçirilip, 1948-nji ýyldan başlap ol her ýylyň 7-nji aprel güni bellenilýär. 2012-nji ýylda bu baýramçylyk "Garrylyk we saglyk" diýen temada we "Berk saglyk ýaşyňa ömür goşýar" diýen şygar astynda geçýär.

 
( 5 Ses Berme )

Kriptorhizm (grek dil kriptos gizlin, orhis ýumurtgajyklar) – ýumurtgajyklaryň öz anatomiki ýerine düşmekliginiň bozulmasy bolup, onuň ýumurtga haltajygyndan başga ýerlerde ýerleşýän ýagdaýyna aýdylýandyr. Ol garyn boşlugynda ýa-da gasyk kanalynda ýerleşip biler.

Ondan başga-da, aşak düşmeginiň bozulmagy netijesinde öz ugruny üýtgedip we gasyk kanalyndan çykyp, ol deriniň aşagynda, butlarda, ýamyzda, gasyk süňküniň üstünde ýerleşip biler.

 
*** Saglyk.Info ***
Maşgala Saglygy Kitaby

Sorag-jogap bukjasy

GÖZLEG
Gyzykly salgylar
 BBC 17.05.2012 Rusça

  Britaniýada 50 ýaşdan uly bolanlaryň baryna statinleri bellemek isleýärler.

 New York Times Blogs 14.05.2012 Iňlis

  Gyzyl şerep dogrudan-da aşgazan üçin peýdalymy?

 BBC 11.05.2012 Rusça

  ABŞ-niň lukmanlary AIW keseliniň öňüni alýan dermany makulladylar.

 New York Times 10.05.2012 Iňlis

  Çaga dogrulýan öýlerdäki mugt çaga iýmiti.

 BBC 09.05.2012 Rusça

  Ýönekeý barlag insult töwekgelligini öňünden çaklap bilýär.

 New York Times 07.05.2012 Iňlis

  Berk tertip-düzgün: AIDS-e garşy alnyp barylýan göreşde Kubanyň tejribesi.

 New York Times Blogs 04.05.2012 Iňlis

  Barlagyň netijeleri: elektron poçtany barlamakdan dynç almaklyk stressleri azaldýar.

 BBC 04.05.2012 Rusça

  Aziýanyň okuwçylaryň aglaba bölegi şowakörlükden ejir çekýärler.

 New York Times 02.05.2012 Iňlis

  ABŞ-da çagany wagtyndan öň dogurmagyň derejesiniň artandygyny belleýärler.

 BBC 01.05.2012 Rusça

  Britaniýalylar süýt mäziniň düwnügini gan barlagy arkaly ýüze çykarmagy umyt edýärler.

 AIF 26.04.2012 Rusça (I)

  Çagany nirede dogranyň gowy: etrapdaky çaga dogrulýan öýdemi ýa-da tölegli hassahanada?

 AIF 26.04.2012 Rusça (II)

  Nahary çoýun gapda taýarlamagyň 3 sebäbi: geçmişe tarap öňe!

SES BERME
Hormatly okyjylarymyz! Saýtdaky makalalaryň has gyzykly we göwnejaý ýazylmagy üçin, Siziň ýaşyňyzy bilmek peýdaly bolardy. Siz:
 
Şu wagt kim bagly
We have 3 guests online